Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Geçen aýyň köp sanly halkara derejedäki çäreleri — syýasy geňeşmeler, işewür gepleşikler, forumlardyr sergiler ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmak üçin meýdança bolmak bilen, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bu ugurda alyp baran işlerini aýdyňlygy bilen açyp görkezdi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlarynyň ählisi bilen netijeli syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli ösdürip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegini dowam etdirýär.
Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekilmeginiň şu ýylda 20 ýyllygyny belleýän Türkmenistany hem-de Russiýa Federasiýasyny dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde depginli ösdürilýär.
Geçen aýda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan guralan köp sanly işewürlik duşuşyklary, gepleşikler, syýasy geňeşmeler, halkara forumlar, sergiler, medeni çäreler we beýleki wakalar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi. Şol strategiýa ählumumy abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.
Häzirki döwürde ata Watanymyz ähli ulgamlarda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda hem giň gerimli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýar. Şunda ykdysadyýetiň durnukly ösüşi, ýurdumyzyň mundan beýläk-de öňe gitmegi we gülläp ösmegi hem-de halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegi üçin nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak milli strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça işler üstünlikli dowam edýär. Şu ýylyň fewral aýynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça dürli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçirilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki iş duşuşyklary, işewürlik gepleşikleridir maslahatlar, sergiler hem-de beýleki çäreler Türkmenistanyň daşary ýurtlar, abraýly guramalar bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilmegine ýardam etdi.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda häzirki döwrüň meselelerini çözmekde, ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy, sebit we halkara derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi üpjün etmekde amatly şertleri döretmek boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Döwletimiz dünýä bileleşiginiň bu babatdaky tagallalaryna işjeň gatnaşyp, parahatçylyk döredijilik, netijeli hyzmatdaşlyk ýoly bilen ynamly hem-de üstünlikli ilerleýär.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen hem-de mähriban Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenen 2021-nji ýylyň her bir aýy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şöhratly ýyl ýazgysynda aýratyn orun eýeledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda Garaşsyz döwletimizde medeniýetiň, edebiýatyňdyr sungatyň gülläp ösmegi üçin hem ähli şertleriň döredilýändigini, milli mirasymyzy gorap saklamak, baýlaşdyrmak we wagyz etmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny, olaryň öz ajaýyp miwelerini berýändigini belläp, ýaňy-ýakynda «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigi mynasybetli ýurdumyzyň ähli halkyny tüýs ýürekden gutlady.