2024-nji ýyldaky daşary syýasat bilen bagly möhüm wakalara synymyzy dowam etsek, netijeli hyzmatdaşlyk meselesinde Türkmenistanyň abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde, beýleki köpugurly meýdançalarda eýeleýän işjeň ornuna ünsi çekmek zerur. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolmak bilen, ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin öz döredijilik mümkinçiliklerinden doly peýdalanýar. BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen netijeli dialog munuň aýdyň güwäsidir.
Abraýly gurama bilen hyzmatdaşlykda dürli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk strategik we okgunly häsiýete eýedir. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hereket etmegi, «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan sebit we halkara derejede hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly birnäçe Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi munuň şeýledigini anyk subut edýär. Şolaryň hatarynda 2024-nji ýylyň 21-nji martynda kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama hem bar. Onuň awtordaşy bolup 86 döwlet çykyş etdi. Bu başlangyç türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan döwletara gatnaşyklarda täze filosofiýa hökmünde yglan edilen başlangyjyň logiki dowamy we iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bolup durýar. Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligi bu syýasy-filosofik garaýşy «Dialog — parahatçylygyň kepili» hökmünde kabul edýär.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 27-nji dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň şygaryny «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi hem-de şanly sene bilen baglanyşykly meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, 2024-nji ýylda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama», «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Şeýle-de Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanandygy bellenilmäge mynasypdyr. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň täze halkara başlangyçlary beýan edildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň 2024-nji ýylyň iýulynda Aşgabada amala aşyran sapary Türkmenistan bilen BMG-niň özara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm sahypany ýazdy. Hormatly Prezidentimiziň bu iri halkara guramanyň ýolbaşçysy bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda ýurdumyzyň we BMG-niň strategik hyzmatdaşlyga ygrarlydygy ýene-de bir gezek tassyklanyldy. Şunuň bilen birlikde, 2025-nji ýylda boljak ýubileý seneleriň, ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygynyň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň özara baglanyşygy nygtaldy. Bitaraplygyň binýatlyk ýörelgeleri bolan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, netijeli hyzmatdaşlyk BMG-niň Tertipnamasynyň düzgünleriniň özboluşly beýanydyr. Bu ýörelgeler dünýäniň häzirki zaman gurluşynda derwaýys ähmiýete eýe bolmak bilen, oňyn we döredijilikli ösüşiň, asuda geljegiň esasy şertine öwrülýär. BMG-niň Baş sekretarynyň belleýşi ýaly, Milletler Bileleşigi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna, möhüm ählumumy meseleleri çözmekde we netijeli köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmakda jogapkärçilikli, öňdengörüjilikli çemeleşmelerine ýokary baha berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň BMG-niň Baş sekretary bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmek mowzugy dowam etdirildi. Aşgabatdaky gepleşikleriň netijeleriniň köpýyllyk hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga, oňa täze itergi bermäge, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň dekabrynda BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmagy Türkmenistanyň möhüm ählumumy meselelere deňagramly çözgütleri işläp düzmekde işjeň orny eýeleýändigine, öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarlydygyna şaýatlyk edýär. Bu ýokary derejeli forum Saud Arabystany Patyşalygynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde geçirildi.
Milli Liderimiz öz çykyşynda häzirki döwürde suw meselesi boýunça hyzmatdaşlygyň umumydünýä işleriniň wajyp bölegi bolup durýandygyny nygtady. Suw meselesi boýunça köptaraply dialogyň netijesi kesgitlenende, oňa gatnaşyjylar iki sany esasy düzgüne, ýagny suw serişdeleriniň aýawly ulanylmagyna hem-de adalatly paýlanylmagyna gürrüňsiz eýermelidirler. Türkmenistan suwy ulanmaga halklaryň, her bir adamyň tebigy hukugynyň bardygyny hemişe berk we üýtgewsiz beýan edýär. Bu kadany geljekde-de Merkezi Aziýa üçin ähli aýdyňlygy bilen ulanarys. Sebitde suw serişdeleri birnäçe taryhy, medeni we tebigy-geografik ýagdaýlar sebäpli, aýratyn gymmatlyga hem ähmiýete eýedir. Biziň sebitimizde suw ykdysady, durmuş abadançylygynyň, adamlaryň maddy hal-ýagdaýynyň derejesini hem-de hilini kesgitleýän aýgytly şert bolup durýar. Şundan ugur alyp, Türkmenistan Merkezi Aziýada suw meselesiniň ähli toplumyna seredilende şu üç möhüm kadadan: halkara hukugyň berjaý edilmeginden; özara bähbitleriň hasaba alynmagyndan; bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çekilmeginden ugur almalydygyna ynanýar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz ýurdumyzyň halkara bileleşigiň goldawyna eýe bolan anyk başlangyçlaryna, Türkmenistanyň suwy tygşytly peýdalanmak babatda gazanan oňyn tejribesine ünsi çekdi. Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşýan ýurdumyz 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň esasy düzgünlerini iş ýüzünde ýerine ýetirmäge uly üns berýär. Şolaryň hatarynda altynjy maksady, ýagny arassa suwa deň elýeterliligi üpjün etmek milli derejede ileri tutulýan wezipe hasaplanýar. Hormatly Arkadagymyz çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň suw meselesi boýunça BMG we beýleki ýöriteleşdirilen halkara düzümler, goňşy ýurtlar hem-de hyzmatdaşlar bilen aýdyňlyk, adalatlylyk, özara jogapkärçilik, bähbitleri hasaba almak esasynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge hemişe taýýardygyny tassyklady.
Sammitiň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri bilen duşuşyk geçirdi. Döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi.
Ýurdumyz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary köpugurly esasda ösdürmek bilen, olaryň gerimini yzygiderli giňeldýär we mazmun taýdan baýlaşdyrýar. Şeýlelikde, 2024-nji ýylyň mart aýynyň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Mälim bolşy ýaly, bu forum häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmak, umumy bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň täze, netijeli ugurlaryny işläp taýýarlamak babatda açyk dialog meýdançasydyr.
Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary, şol sanda BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak teklibi barada giňişleýin durup geçdi. Ýurdumyz bu strategiýany XXI asyrda döwletara we halkara gatnaşyklaryň gurluşy babatda garaýyşlaryň hem-de kadalaryň ulgamy, ony gazanmagyň guraly hökmünde görýär. Ýeri gelende bellesek, bu teklibi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda beýan edipdi. Milli Liderimiz Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdi we onuň energetika, ulag, ekologik ugurlaryna aýratyn ünsi çekdi. Şeýle-de häzirki zaman diplomatiýasy barada durup geçip, onuň ýokary ynsanperwer ugra eýermelidigini aýtdy.
Antalýada geçirilen forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda däp bolan döwletara dialogyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi.
Gahryman Arkadagymyzyň «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024» XV halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy Türkmenistanyň köpugurly meýdançalarda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiginiň ýene bir aýdyň beýany boldy. 15-16-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş sapary ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri we subýektleri, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygyny ösdürmekde nobatdaky ädime öwrüldi. Hormatly Arkadagymyzyň 2022-nji ýylda hem «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» XIII halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşandygyny aýtmak gerek. Şeýle hem türkmen wekiliýetleri 2009-njy ýyldan bäri her ýyl geçirilýän bu wekilçilikli duşuşygyň işine birnäçe gezek gatnaşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri «Russiýa — Yslam dünýäsi» strategik garaýyş toparynyň mejlisinde çykyş edip, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, dostluga, ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe başlangyçlary beýan etdi. Gahryman Arkadagymyz Kazan şäherine saparynyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen bilelikde forumyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan «Russia Halal EXPO» maýa goýum we infrastruktura taslamalarynyň sergisine baryp gördi. Bu ýerde Türkmenistanyň milli pawilýony hem ýerleşdirilipdir.
Sebit we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, Türki Döwletleriň Guramasy bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mysal getirmek bolar. Ýurdumyz 2021-nji ýyldan bäri TDG-de synçynyň derejesine eýedir. 2024-nji ýylyň martynda Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň geçirilmegi döwletimiziň bu guramanyň işine işjeň gatnaşýandygyny subut etdi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz 2022-nji ýylyň aprelinden bäri bu geňeşiň agzasydyr.
Geçen ýylyň noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň çakylygy boýunça bu düzümiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde geňeşiň Budapeşt şäherinde geçirilen 16-njy mejlisine gatnaşdy. Şu maksat bilen, Gahryman Arkadagymyz Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy.
Milli Liderimiz Aşgabatda we Budapeştde geçirilen mejlislerde eden çykyşynda TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň işi bilen baglanyşykly ýurdumyzyň garaýyşlaryny we tekliplerini beýan etdi, şeýle-de Türkmenistanyň bu düzümiň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, taryhy kökleriň we ynsanperwer gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak däplerini dowam etdirmek, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilelikdäki tagallalaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Bitarap Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meselelerinde hem işjeň we başlangyçly orny eýeleýär. Ýurdumyz GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde Arkalaşygyň çäklerindäki möhüm duşuşyklardyr forumlara yzygiderli gatnaşýar, şeýle hem olary geçirýän tarap hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 24-nji maýynda Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminama, şol sanda Aşgabady «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek hakynda Çözgüde gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 8-nji oktýabrda Moskwada geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde ýurdumyzyň söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen tekliplerini beýan etdi. 25-nji dekabrda döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň çakylygy boýunça, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda Sankt-Peterburgda geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň iýulynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy ýurdumyzyň sebitleýin we halkara meýdançalarda netijeli hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýändigini ýene-de bir gezek subut etdi. Gahryman Arkadagymyz «ŞHG+» görnüşindäki mejlisde çykyş edip, Türkmenistanyň bu guramanyň ýokary derejede geçirilýän mejlislerine hormatly myhman hökmünde indi birnäçe gezek gatnaşyp gelýändigini, munuň asylly däbe öwrülendigini aýtdy. Ýewraziýa giňişligi egsilmez serişdelere we demografik kuwwata eýe bolup, ol okgunly ykdysady ösüşi, ajaýyp ylmy-tehnologik üstünlikleri görkezýär. Bu ýagdaýlar Türkmenistan bilen ŞHG-niň köp ugurlarda netijeli gatnaşyklary babatda oňyn mümkinçilikleri açýar. Saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi, şeýle hem goňşy ýurduň paýtagtynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Merkezi Aziýa ýurtlary bilen däp bolan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 9-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, birnäçe ýyl mundan ozal Gahryman Arkadagymyz iň ýokary derejede ulgamlaýyn syýasy dialogyň ähmiýetine ünsi çekip, sebitleýin hyzmatdaşlyga düýpgöter täzeçe çemeleşmek pikirini öňe sürdi. Geçen döwrüň dowamynda bu konsepsiýa öz netijeliligini görkezýär we oňa uly isleg bildirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň üstünlikli geçirilendigini nygtamak gerek.
Hormatly Prezidentimiz Astanada geçirilen sammitde çykyş edip, döwletara syýasy-diplomatik dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belledi. Ulag-kommunikasiýalar ulgamy we logistika, energetika, söwda, senagat hyzmatdaşlygy, maýa goýumlar, işewür düzümleriň arasyndaky gatnaşyklar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Meşhur söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylda geçirilen çäreler we dabaralar hem bu gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşant goşmaga gönükdirilendir.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça birnäçe resminama gol çekildi hem-de 2025 — 2027-nji ýyllarda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça «Ýol kartasy» kabul edildi. Sammitiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri bilen duşuşyklary geçirdi.
Ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary hem oňyn häsiýete eýedir. Bilelikdäki komitetiň we hyzmatdaşlygyň beýleki mehanizmleriniň işi, şol sanda «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» dialogy muňa gönüden-göni ýardam berýär. Türkmenistan sebit we sebitara gatnaşyklaryň geljegi uly meýdançasy hökmünde özüni tanadan «Merkezi Aziýa+» görnüşindäki hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 17-nji sentýabrda Gazagystanyň paýtagtynda geçirilen ikinji «Merkezi Aziýa — Germaniýa» sammitine gatnaşmagy-da muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda ýurdumyzyň geljegi uly ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga taýýardygyny tassyklap, bu ugurda anyk teklipleri beýan etdi.
Sammitiň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri öňdebaryjy nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen işewürlik duşuşyklaryny geçirdiler. Döwlet Baştutanymyz bilen GFR-iň işewür düzümleriniň wekilleriniň arasynda 17-nji sentýabrda Astanada bolan duşuşykda germaniýaly hyzmatdaşlaryň köpýyllyk tejribäni we giň mümkinçilikleri göz öňünde tutup, ýurdumyz bilen uzak möhletleýin esasda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolsuň arasynda geçirilen duşuşykda däp bolan dostlukly türkmen-german gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmek, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň oktýabrynda geçirilen «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy hem Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň gerimini köpugurly esasda giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklaýar. Bu ýokary derejeli duşuşyk Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň BRICS sammitine ilkinji gezek gatnaşandygyny bellemek gerek.
Döwlet Baştutanymyz çykyşynda öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny parahatçylyk döredijilik gün tertibini ilerletmek, ählumumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, döwletara gatnaşyklarda deňhukukly dialog, ynanyşmak, açyklyk medeniýetini pugtalandyrmak üçin ulanýan Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgelerini beýan etdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň halkara strategiýasy häzirki döwrüň geoykdysady gatnaşyklaryna goşulyşmaga, wajyp meseleleri çözmäge işjeň gatnaşmaga esaslanýar. Türkmenistan saýlap alan ugruna üýtgewsiz eýermek bilen, giň gerimli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin zerur şertleriň döredilmegine hemmetaraplaýyn goşant goşmagy maksat edinýär we bu ugurda yzygiderli tagallalary edýär.
Sammitiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşyklary geçirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Tatarystan Respublikasynyň «Duslyk» ordeni bilen sylaglanyldy.
Şeýlelikde, 2024-nji ýyl ýurdumyzyň taryhyna ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge, ýurtlaryňdyr halklaryň arasynda netijeli, dostlukly, ynanyşmak ýörelgesine esaslanýan gatnaşyklary pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge mynasyp goşant goşýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny artdyran täze daşary syýasy üstünlikler bilen girdi.