Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2024-nji ýyl: gurluşyk-senagat toplumy we elektroenergetika pudagy
Teswirlemeler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2024-nji ýyl: gurluşyk-senagat toplumy we elektroenergetika pudagy
Çap edildi 30.01.2025
63

2024-nji ýyl uly zähmet ýeňişleri, beýik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň täze taryhynyň ýyl ýazgysyna nobatdaky şanly ýyl hökmünde girdi. Beýleki ulgamlarda bolşy ýaly, gurluşyk-senagat toplumynda hem uly üstünlikler gazanyldy. Milli we döwlet maksatnamalarynyň, sebit hem halkara ähmiýetli iri taslamalaryň netijeli durmuşa geçirilmeginde bu topluma kesgitleýji orun degişlidir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, syn berilýän ýylda onlarça ýaşaýyş jaýlary, döwrebap mekdepler, çagalar baglary, medeni-durmuş, önümçilik maksatly beýleki möhüm desgalar gurlup ulanmaga berildi. Şeýle hem elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk düzümleriniň iri desgalarynyň açylyş we düýbüniň tutulyş dabaralary geçirildi.

Ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap alan ägirt uly gurluşyklar berkarar Watanymyzyň diňe bir ykdysady kuwwatynyň däl, eýsem, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygynyň aýdyň görkezijisidir. Iri özgertmeleriň döredijilik nyşany bolan Aşgabat dünýäniň iň gözel we amatly şäherleriniň biri, Merkezi Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilendir. Ajaýyp ýadygärlikleri we gaýtalanmajak binagärlik çözgütleri bilen hemmeleri haýrana goýýan ak mermerli paýtagtymyzyň ösdürilmegi döwlet ösüşiniň ilkinji nobatdaky wezipeleriniň hatarynda kesgitlenendir. Her ýyl ýurdumyzyň baş şäheriniň üsti açylyp ulanmaga berilýän binalar bilen ýetirilýär. Bu desgalar okgunly ösýän döwletimiziň häzirki döwrüniň ajaýyp nyşanlaryna öwrülýär. Geçen ýylda hem şeýle desgalaryň birnäçesi ulanmaga berildi.

17-nji martda Aşgabadyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda işewürlik merkezini we ýerasty awtoduralgany özünde jemleýän “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezi açyldy. Gysga wagtyň içinde paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrülen köp gatly desgalaryň ajaýyp sazlaşygyny özünde jemleýän toplum bu künjegi tanalmaz derejede özgertdi. Ilaty döwrebap we amatly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu maksatlara ýetmek üçin, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň çözgütlerine laýyklykda, ýaşaýyş jaý goruny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, diňe bir ýaşamaga oňaýly bolan köp gatly ýaşaýyş jaýlary däl, eýsem, ýokary durmuş şertleri doly üpjün edilen kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlary hem gurulýar. Munuň özi ýaşaýjylara ýokary hil derejesine, şahsy isleglerine görä jaýlary saýlamaga giň mümkinçilik berýär. 25-nji maýda — Aşgabat şäheriniň gününde Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda iki gatly 136 sany ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy. Bu ýerde gurlan desgalar bitewi binagärlik keşbine eýe bolup, biri-biri bilen sazlaşykly utgaşýar. Olaryň gurluşyk işleri halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş we hojalyk aýratynlyklary göz öňünde tutulyp ýerine ýetirilipdir. Ýerli çig mal serişdelerinden taýýarlanylan ýokary hilli gurluşyk harytlary peýdalanylyp gurlan her bir kottej jaýynyň mellek ýeri-de bar. Olarda baýramçylyk we maşgala dabaralaryny guramak, myhmanlary kabul etmek, toý tutmak, sadaka bermek üçin ähli zerur şertler döredilendir.

Halkymyzyň ýaşamagy we dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek, paýtagtymyzyň binagärlik-gurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, umumybilim berýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň gurluşygyna girişildi. Däp bolşy ýaly, täze okuw ýylynyň başynda bilim edaralaryny ulanmaga bermek dabaralary geçirildi. 1-nji sentýabrda — Türkmenistanda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze, ak mermerli binalar toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýerde harby okuwçylaryň okamaklary, dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Onuň golaýynda Aşgabat şäher häkimliginiň pensiýa gaznasyny, zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçilik bölümini, Baş bilim, Medeniýet müdirliklerini öz içine alýan toplum bina edildi. Bu ýerde hünärmenleriň, işgärleriň işlemekleri üçin halkara ülňülere laýyk gelýän amatly şertler döredilendir.

Ýerli gurluşykçylaryň — döwlet we hususy kärhanalaryň täze desgalaryň gurluşygyna gatnaşmaklary olaryň daşary ýurt kompaniýalary bilen mynasyp bäsleşýändiklerini görkezýär. Olar şeýle işleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde-de üstünlikli amal edýärler. Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda gurlan Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep munuň şeýlediginiň aýdyň mysalydyr. Geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda bu mekdebiň açylyş dabarasyna Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan mekdep iki ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň arasyndaky mizemez dostlugyň ýene-de bir nyşanyna öwrüldi. Beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän mekdebiň Gündogaryň görnükli söz ussadynyň 300 ýyllyk ýubileýi bellenen ýylda açylmagynyň aýratyn ähmiýeti bardyr.

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylda diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, tutuş dünýäde dabaralandyrylan bu şanly sene mynasybetli 17-nji maýda paýtagtymyzyň günortasynda, Köpetdagyň gözel künjeginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy. Onuň merkezinde türkmen halkynyň taryhynda, jemgyýetçilik-syýasy, medeni durmuşynda möhüm orun eýelän dana Pyragynyň ägirt uly ýadygärligi bina edildi. Şeýlelikde, paýtagtymyzyň barha özgerýän keşbinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň okgunly depgini, köptaraplaýyn kuwwaty, halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri öz aýdyň beýanyny tapýar.

Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäherine abraýly sylaglaryň gowşurylmagy geçen ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Häzirki wagtda şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar. Bu iri taslamanyň başyny başlan Gahryman Arkadagymyz amala aşyrýan iş saparlarynyň çäklerinde 2024 — 2052-nji ýyllarda şäheri ösdürmek boýunça kabul edilen Konsepsiýa laýyklykda, bu ýerde alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklaýar. Binagärligiň, gurluşygyň innowasion çözgütleriniň hem-de sanly tehnologiýalaryň sazlaşygyny özünde jemleýän bu “akylly” şäher Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýyna eýe bolan Arkadag şäheri dünýä şäher gurluşygynda gazanylan täze üstünlik boldy. Bu ýerde döredilen, hususan-da, tebigaty goramak babatda ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän toplumlaýyn düzümler ýaşaýjylar üçin ýokary amatlyklary üpjün edýär. Ilatyň bagtyýarlygy we abadan durmuşy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolmagynda galýar.

Täze şähere halkara baýraklaryň we güwänamalaryň gowşurylmagy hem gazanylan üstünlikleriň güwäsidir. Arkadag şäheri geçen ýylyň sentýabrynda Koreýa Respublikasynda geçirilen «World Smart City Expo 2024» halkara sergisinde üç sany baýraga — «Iň tapawutlanan “akylly” şäher» atly baş baýraga, «Daşary ýurt “akylly” şäheri» hem-de «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» atly baýraklara mynasyp boldy. Döwrebap şäher Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil babatda “Hil saýlawy — 2024” nyşany bolan “Diamond” derejesine, onuň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşanynyň ykrarnamasy hökmünde Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň güwänamasyna hem mynasyp boldy.

Ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn esasda ösdürmek täze taryhy döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, diňe bir şäherlerde däl, eýsem, oba ýerlerindäki ilatyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilen Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Geçen ýylda paýtagtymyzda Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary geçirildi. Milli saglygy goraýyş ulgamyna degişli möhüm desgalaryň birnäçesi welaýatlarda hem açyldy. Has takygy, Mary welaýatynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binalary, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde bolsa glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana ulanmaga berildi. Şeýle hem Diýarymyzyň ähli künjeginde ýaşaýyş jaýlarynyň, dürli maksatly desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Binagärligiň gadymdan gelýän milli däpleriniň we dünýäniň şähergurluşyk pudagynyň üstünlikleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagy gurulýan ähli desgalaryň esasy aýratynlygydyr. Munuň özi gurluşyk pudagynyň ata-babalarymyzyň köpasyrlyk tejribesini baýlaşdyrmak we öňdebaryjy işläp taýýarlamalary özleşdirmek arkaly, döwür bilen aýakdaş ösýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen geçirilýän halkara forumlar daşary ýurtly hünärmenler bilen toplanan tejribeler babatda özara pikir alyşmaga ýardam edýär. Iýun aýynyň başynda paýtagtymyzda «Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşan köp sanly wekiller ýurdumyzyň diňe bir çuňňur gyzyklanma döredýän, müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhy bilen däl, eýsem, häzirki ajaýyp keşbi bilen hem hemmeleri haýrana goýýandygyny bellediler. Gönükdirilýän ägirt uly maýa goýumlar we hususy pudagy döwlet tarapyndan goldamak boýunça görülýän oňyn çäreler esasynda häzirki döwürde Diýarymyzyň iň çetki künjeklerinde-de dünýä belli önüm öndürijileriň öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrylan ajaýyp binagärlik desgalary, döwrebap edara ediş binalary, amatly ýaşaýyş jaýlary, iri önümçilik kärhanalary gurlup ulanmaga berilýär. Bularyň ählisi adamlar hakyndaky, her bir türkmenistanlynyň bagtyýar we abadan durmuşy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy wezipesi hökmünde kesgitlenendigini tassyklaýar. Desgalaryň gurluşygynda, bezeginde ýurdumyzda bildirilýän talaplara laýyklykda, ýerli howa şertlerine, ekologik kadalara gabat gelýän ýokary hilli gurluşyk serişdeleri ulanylýar. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, pudagyň çig mal binýadyny giňeltmek üçin zerur bolan gazylyp alynýan magdanlaryň täze känlerini ýüze çykarmak boýunça geologik-gözleg işleri işjeň alnyp barylýar. Bu işleriň netijeliligi önümçilik toplumynyň kuwwatynyň ýokarlanmagyna, çykarylýan önümleriň möçberiniň, görnüşleriniň artdyrylmagyna ýardam berýär.

Senagatlaşmak we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek ýoluna düşen döwletimiz içerki bazary ýerli çig mallaryň esasynda öndürilýän gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň ýokary hilini, bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek maksady bilen, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, innowasion kärhanalaryň gurluşygyna, hereket edýän önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna ägirt uly maýa goýumlar gönükdirilýär. Ýylda 1 million tonna önüm öndürijilik kuwwatlylygy bolan Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda Lebap, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda bolsa Bäherden sement zawodlarynyň ikinji tapgyrlarynyň işe girizilmegi milli gurluşyk senagatynyň kuwwatyny pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy. Bu, öz gezeginde, ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyk işleriniň ýokary depginini uzak ýyllaryň dowamynda üpjün etmäge ýardam berer.

Diýarymyzyň gurluşyk-senagat toplumynyň ägirt uly kuwwaty we giň gerimli mümkinçilikleri 3-nji noýabrda paýtagtymyzda geçirilen “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024” atly halkara sergide anyk beýanyny tapdy. Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli geçirilen bu gözden geçiriliş ýurdumyzda öndürilýän, dünýä bazarynda mynasyp bäsleşmäge ukyply önümleriň dürli görnüşlerini ähli aýdyňlygy bilen şöhlelendirdi. Sergä gatnaşan senagat pudagynyň iri kärhanalary, hususy düzümler bu ugurda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary halkara ülňülere laýyk gelýän gurluşyk serişdelerini öndürýän häzirki zaman kärhanalarynyň, dürli önümçilik, durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşýarlar. Sergi meýdançasynda ýurdumyzyň elektroenergetika, awtomobil ýollarynyň gurluşygy pudaklarynyň we himiýa senagatynyň gazananlary görkezildi.

Türkmenistany senagatlaşdyrmak babatda ýaýbaňlandyrylan iri maksatnamalaryň çäklerinde elektrik üpjünçilik talaplaryna laýyk gelýän iri senagat kärhanalary, durmuş we beýleki maksatly desgalar ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dünýä belli önüm öndürijileriň iň täze enjamlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap gaz turbinaly elektrik stansiýalary, elektrik geçiriji ulgamlar, elektrik paýlaýjy beketler gurulýar, paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň, ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamy täzelenilýär.

2024-nji ýylyň iýunynda möhüm desgalaryň — ýokary woltly Balkan — Daşoguz elektrik geçiriji ulgamynyň we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan 2 sany elektrik bekediniň açylmagy berkarar Watanymyzyň elektroenergetika pudagynda şanly wakalaryň biri boldy. Munuň özi ýurdumyzda hereket edýän bitewi energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça işleriň üstünlikli tamamlanandygynyň nyşanyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, içerki elektrik ulgamlarynyň kadaly işlemegi we zerurlyk dörän ýagdaýynda elektrik energiýasynyň gerekli ugra paýlanylmagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, bu iri taslama badalga berlipdi. Halkalaýyn energiýa ulgamy welaýatlaryň we paýtagtymyzyň energiýa ulgamlarynyň arasyndaky özara baglanyşygyň, ätiýaçlygyň üpjün edilmeginiň hasabyna milli energiýa torunyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şonuň netijesinde, sarp edijilere bökdençlik döretmezden, elektroenergetika desgalarynda, beketlerde, elektrik geçiriji ulgamlarda abatlaýyş we döwrebaplaşdyryş işlerini geçirip bolýar.

3-nji noýabrda — ýurdumyzda gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň hünär baýramynyň giňden bellenilýän gününde Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda güýjenmesi 220 kilowolt bolan täze “Etrek” elektrik bekediniň, Aşgabat şäherinde hem güýjenmesi 110 kilowolt bolan “Bagyr” elektrik bekediniň açylyş dabaralary geçirildi. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak boýunça işlere hem uly üns berilýär. Häzirki wagtda Balkan welaýatynda köpugurly Gün we ýel elektrik bekediniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu desganyň ulanmaga berilmegi sebitde täze gurulýan obalary ekologik taýdan arassa elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Soňky ýyllarda energetika senagatynyň önümçilik kuwwatynyň ep-esli artmagy diňe bir ýurdumyzyň energetika garaşsyzlygyny kepillendirmek babatda däl, eýsem, elektrik energiýasyny, ilkinji nobatda, goňşy döwletlere eksport etmek mümkinçiliklerini-de düýpli giňeldýär. Durmuşa geçirilýän iri halkara taslamalar, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamyň çekilmegi hem şu maksatlara gönükdirilendir. Bu taslama diňe bir goňşy Owganystanda durnuklylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegine däl, eýsem, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegine-de ýurdumyzyň goşan uly goşandy bolar.

Türkmenistanyň uglewodorod, mineral, gidromineral çig mal baýlyklar babatda dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna girýändigi göz öňünde tutulyp, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ösdürilmegine-de uly üns berilýär. Bu pudagy ösdürmegiň strategiýasy ýerli serişdelerden mümkin boldugyça netijeli peýdalanmaga, içerki bazarda we daşary döwletlerde uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri öndürmäge gönükdirilendir. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak we ugurdaş kärhanalaryň işini sanly ulgama geçirmek, olarda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, pudagy ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär.

Awtomobil ýollarynyň gurluşygy pudagynyň kämilleşdirilmegine, hususan-da, ilatly ýerleriň ýol-ulag düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna, bar bolan ýollaryň durkunyň täzelenilmegine, awtomobil köprüleriniň, ýerasty we ýerüsti pyýada geçelgeleriniň gurulmagyna hem döwletimiz uly möçberde serişdeleri gönükdirýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň fewralynda gol çeken Permanyna laýyklykda döredilen Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi halkara ölçeglere gabat gelýän döwrebap awtomobil ýollarynyň gurluşygy boýunça iri taslamalary durmuşa geçirýär. Munuň özi giňeldilen ulag-aragatnaşyk düzümleriniň kemala gelmegine, çäk taýdan amatly ýerde ýerleşýän ýurdumyzyň yklymyň möhüm üstaşyr ulag geçelgesi hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga amatly şertleri döredýär.

Geçen ýylyň aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Ol 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berlen we üç tapgyrda durmuşa geçirilýän, uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň ikinji tapgyry bolup durýar. Ýurdumyzda iň iri ulag taslamalarynyň biriniň durmuşa geçirilmegi awtoulag arkaly üstaşyr ýük akymlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzaýan awtomobil ýollarynyň toplumlaýyn ulgamyna tiz wagtda çykmagyna mümkinçilik berer. Garagum sährasynyň üstünden geçýän, Beýik Ýüpek ýoluny täzeçil görnüşde janlandyrýan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagy Türkmenistanyň ulag ulgamynyň geçirijilik mümkinçiliklerini we logistika hyzmatlarynyň hilini düýpli ýokarlandyrmaga gönüden-göni ýardam etmek bilen, halkara ähmiýetli iri ulag geçelgesi hökmünde Watanymyzyň derejesiniň ykrar edilmegine amatly şertleri-de döreder.

Şeýlelikde, ähli ulgamlarda uly üstünliklere beslenen 2024-nji ýylyň möhüm wakalaryna beren bu synymyz Watanymyzda mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyna, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine gönükdirilen beýik işleriň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynamy artdyrýar.

Soňky habarlar
30.01
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine gynanç bildirdi
30.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
30.01
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2024-nji ýyl: gurluşyk-senagat toplumy we elektroenergetika pudagy
29.01
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
29.01
Milli mirasy aýawly saklamak — mynasyp geljegi berkarar etmegiň möhüm şerti
28.01
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2024-nji ýyl Oba hojalyk toplumy
28.01
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
27.01
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
27.01
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
27.01
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi
top-arrow