Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Bitaraplyk — Türkmenistanyň BMG bilen strategik hyzmatdaşlygynyň binýady
Teswirlemeler
Bitaraplyk — Türkmenistanyň BMG bilen strategik hyzmatdaşlygynyň binýady
Çap edildi 25.02.2025
151

2025-nji ýylda möhüm ähmiýetli iki şanly sene — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de bu guramanyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy baýram edilýär. Geçen döwrüň dowamynda BMG ýurtlaryň arasyndaky dialog üçin ýeke-täk möhüm meýdança bolmagynda galýar. Türkmen Bitaraplygy hem 30 ýylyň içinde sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň wajyp şertine öwrüldi. Halkymyzyň belent ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy parahatçylyk, howpsuzlyk, durnukly ösüş ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny ilerletmek babatda Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmegiň şanly wakalaryna beslenen şöhratly ýoly alamatlandyrýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 14-nji ýanwarynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşliginde iki şanly sene baýram edilýän 2025-nji ýylyň aýratyn ähmiýetini belledi. Şunda Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ynamdar hyzmatdaşy, sebitde hem-de dünýäde onuň ygtybarly daýanjy bolandygy we şeýle bolmagynda-da galjakdygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz soňky ýyllarda birnäçe halkara başlangyçlar bilen çykyş edip, parahatçylygy we durnukly ösüşi goldamagyň möhüm guraly hökmünde Bitaraplyk ýörelgelerini yzygiderli ilerledýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň ýolunda toplan tejribesi Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça maslahatyň 1992-nji ýylda geçirilen mejlisinde Bitaraplygy ýurduň daşary syýasatynyň üýtgewsiz ugry hökmünde yglan eden wagtyndan gözbaş alýar. Munuň özi diňe bir milli gymmatlyk däl, eýsem, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy goldamagyň şerti hökmünde täze Bitaraplyk filosofiýasynyň döreýändiginiň beýany boldy. Ýurduň Bitaraplyk derejesiniň 1995-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlisinde, Goşulyşmazlyk Hereketiniň sammitinde ýokary derejede ykrar edilmegi taryhy waka alyp barýan ýolda nobatdaky ädime öwrüldi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy BMG-niň taryhynda ilkinji gezek 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Baş Assambleýanyň degişli Kararnama esasynda biragyzdan kabul eden çözgüdi, soňra bolsa 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda ikinji Kararnama bilen berkidildi.

2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlyk” atly ýokary derejeli halkara maslahat geçirilip, onuň netijeleri boýunça Aşgabat jemleýji resminamasy kabul edildi. Onda Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleri tarapyndan yglan edilen hem-de durmuşa geçirilýän Bitaraplyk syýasatynyň dünýä ýurtlarynyň arasyndaky parahatçylykly, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde wajyp ähmiýete eýedigi, şeýle-de sebit we ählumumy derejede halkara parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam edýändigi bellenilýär. Foruma gatnaşyjylar 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek hakyndaky teklibe seretmek başlangyjy bilen çykyş etdiler. Bu başlangyç BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda kabul eden Kararnamasynda öz beýanyny tapdy. Şeýle hem degişli resminama BMG-niň Tertipnamasynyň ikinji maddasynda beýan edilýän düzgün bilen berkidildi. Onda: “Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary halkara parahatçylyga, howpsuzlyga we adalata howp salmazlyk maksady bilen, öz halkara jedellerini parahatçylykly ýollar arkaly çözýärler” diýlip nygtalýar.

Türkmenistan bitaraplyk ýörelgelerini ilerletmek bilen, 2020-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamany öňe sürdi. Ýurdumyz gapma-garşylyklaryň öňüni almakda, olaryň sebäplerini, täsirlerini aradan aýyrmakda bitaraplyk ýörelgelerini iş ýüzünde ulanmak boýunça BMG-niň howandarlygyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin meýdança bolup hyzmat etjek Bitaraplygyň dostlary toparyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Toparyň ilçiler derejesindäki ilkinji mejlisi 2020-nji ýylyň 27-nji awgustynda Nýu-Ýork şäherinde geçirildi. Oňa gatnaşyjylar BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen ýörelgelere, şol sanda döwletleriň özygtyýarlylyk we deňlik, çäk bitewüligi, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, halkara gapma-garşylyklaryň parahatçylykly ýollar arkaly düzgünleşdirilmegini giňeltmek ýörelgelerine ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Ählumumy gün tertibiniň dürli ugurlary boýunça häzirki döwürde hereket edýän köpugurly düzümleriň oňyn tejribesini ulanmak bilen, Bitaraplygyň dostlary topary BMG-niň çäklerinde syýasy dialogy berkitmekde we parahatçylygy, howpsuzlygy goldamagyň ozal göz öňünde tutulmadyk gurallaryny işläp taýýarlamakda resmi däl birleşik hökmünde çykyş edýär. Toparyň yzygiderli geçirilýän duşuşyklary halkara gatnaşyklarda bitaraplyk ýörelgelerini ilerletmäge ýardam edýän syýasy-diplomatik meýdança üçin möhüm binýady emele getirdi. Häzirki wagtda Bitaraplygyň dostlary toparyna 20-den gowrak döwlet agza bolup, oňa täze ýurtlar goşulýar.

2024-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň plenar mejlisinde eden çykyşynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy geçen döwrüň içinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent gymmatlyklaryna, binýatlyk ýörelgelerine we maksatlaryna laýyk gelýändigini görkezendigini belledi. Dünýä syýasaty üçin bitaraplygyň ähmiýetini, häzirki zaman şertlerinde onuň mümkinçiliklerini seljermegi teklip etmek bilen, Türkmenistan bitarap döwletlere BMG-niň parahatçylyk döredijilik tagallalarynda bu guramanyň “ileri tutulýan hyzmatdaşy” hukuk ýagdaýynyň berilmegi baradaky başlangyjy öňe sürdi. Munuň özi Bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň halkara bileleşik tarapyndan has netijeli ulanylmagy üçin täsirli itergi bolup hyzmat eder.

Ýurdumyzyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegine dünýä derejesindäki möhüm waka hem-de halkara gatnaşyklary hil taýdan täze tapgyra çykarmak üçin hakyky mümkinçilik hökmünde garalýar. Türkmenistanyň bu başlangyjy ähli döwletleri dünýä ulgamynyň esasy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak baradaky baş taglymaty durmuşa geçirmegiň syýasy, ideologik, amaly taraplaryny öz içine alýan bilelikdäki işe başlamaga çagyryşdyr. Türkmenistan Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasynyň kabul edilmeginde başlangyçly orny eýelän döwlet hökmünde onuň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde möhüm orun eýelemäge çalyşýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň Permany bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň döredilendigini bellemek gerek. Şu ýylyň 9-njy ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda toparyň ilkinji mejlisi geçirildi. Onda bu şanly senäni baýram etmegiň guramaçylyk taraplaryna, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyny işläp taýýarlamak boýunça BMG-niň düzümleýin edaralary bilen geňeşmeleri geçirmegiň meselelerine garaldy. Bu resminamada häzirki döwrüň ählumumy meseleleri hem-de özara ynanyşmagyň, bilelikdäki dialogyň, jogapkärçiligiň esasynda tagallalary utgaşdyrmak babatda döwletimiziň garaýyşlary öz beýanyny tapdy. Konsepsiýa köp babatda BMG-niň başlangyjy bilen geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen “Geljegiň sammitiniň” mazmunyna esaslanýar. Türkmenistan bu Konsepsiýa şol sammitiň jemleýji resminamasy bolan “Geljegiň hatyrasyna pakty” iş ýüzünde durmuşa geçirmekde uly goşant bolar diýip hasaplaýar.

Ýurdumyzyň dünýä bileleşigi bilen tagallalary birleşdirmeginiň esasy ugurlarynyň hatarynda howpsuzlyk meseleleri aýratyn orny eýeleýär. BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak hakyndaky teklip hem şu maksada gönükdirilendir. Ol häzirki döwrüň meseleleriniň çözülmeginiň, howpsuzlygyň harby-syýasy, ykdysady, energetika, ekologik, biologik, tehnogen we maglumat ýaly ähli ugurlarynyň özara baglanyşygyna esaslanýan toplumlaýyn çemeleşmäni göz öňünde tutýar. Türkmenistan bu Strategiýa döwletara gatnaşyklaryň halkara hukuk binýady hökmünde garamak bilen, ony işläp düzmek başlangyjyny parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini ykrar etmegiň logiki hem kanunalaýyk baglanyşygy hasaplaýar. Oňa BMG-niň işiniň birnäçe ugurlaryny, hususan-da, dawalaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak üçin gural hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny; jedellerdir gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözülmegi üçin bitaraplygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy; BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen anyk Kararnamalaryň esasynda dialog medeniýetini dikeltmegi girizmek teklip edilýär.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy”, “Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama” atly Kararnamalar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda sebit howpsuzlygynyň meseleleri babatda dialogy işjeňleşdirmekde ýurdumyzyň yzygiderli tagallalaryna esas bolup hyzmat edýär. Sebitde howpsuzlyk ýagdaýy, köp babatda häzirki zaman sebit gün tertibiniň giň ugurlardaky meseleleriniň, şol sanda möhüm ähmiýetli suw meselesiniň netijeli çözülmegi bilen kesgitlenilýär. Bu meselede ýurdumyz halkara hukugyň düzgünlerine eýerilmegi, sebit döwletleriniň bähbitleriniň hasaba alynmagy we bu işe halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, BMG-niň çekilmegi ýaly esas goýujy kadalardan ugur alýar.

Türkmenistan bitarap döwlet hökmünde goňşy Owganystanda parahatçylygy, raýat ylalaşygyny gazanmak, onuň ykdysady üpjünçilik ulgamlaryny dikeltmek, durmuş meselelerini çözmek boýunça tagallalary goldaýar. Goňşy ýurduň häkimiýeti bilen dialog Birleşen Milletler Guramasynyň bu babatdaky garaýyşlary, halkara derejede ykrar edilen çemeleşmeler esasynda alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyz owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri ykdysady we gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen, sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň berkidilmegine ýardam berýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Owganystanyň çäginden Pakistana uzaýan elektrik geçiriji ulgamyň çekilmegi, ýurdumyzdan owgan ugry boýunça uzaýan demir ýoluň gurluşygy şolaryň hataryndadyr. Mundan başga-da, Türkmenistan köp ýyllardan bäri goňşy döwletiň ilatyna ynsanperwerlik kömegini berýär, öz serişdeleriniň hasabyna durmuş maksatly desgalary gurýar.

Sebit howpsuzlygy nukdaýnazaryndan, Türkmenistanyň çäginde parahatçylyk dörediji merkezleriň ikisini döretmek mümkinçiligine seretmek babatda türkmen tarapynyň teklibi möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy nazara alnyp, toplumlaýyn çäreler amala aşyrylar. Olar halkara parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak üçin bitaraplyk ýörelgeleriniň iş ýüzünde ulanylmagyny göz öňünde tutýar.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde tagallalary işjeňleşdirmek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlarynyň ýene biridir. Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy Çarçuwaly maksatnamany taýýarlamak, Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny, Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk bileleşigini döretmek boýunça Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary hem şu ugra gönükdirilendir. «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşi Türkmenistanyň hyzmatdaş taraplar bilen möhüm ykdysady, durmuş, ynsanperwer, ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça işlerine goldaw berer.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek üçin guramanyň ynsanperwer gün tertibi boýunça işjeň hyzmatdaşlygy amala aşyrmaga çalyşýar. Bu ugra medeniýetara aragatnaşygyň, özara düşünişmegiň köprülerini gurmagyň, hormat goýmagyň, halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi hökmünde garamak bilen, ýurdumyz şunda parlament hem-de halk diplomatiýasyna, medeni alyşmalara, zenanlaryň, ýaşlaryň, sport guramalarynyň gatnaşyklaryna möhüm ähmiýet berýär. “Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň” üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň oňyn netijelerine esaslanyp, ýurdumyzyň Merkezi Aziýada apatridler we bosgunlar bilen işlemek boýunça tejribesini halkara derejede ulanmak teklip edildi.

Türkmenistanyň şu we beýleki halkara başlangyçlary türkmen halkynyň Milli Lideriniň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginde-de beýan edildi. Hususan-da, ýurdumyzyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri esasynda bu ugurda durmuşa geçirýän işleriniň goldanylýandygy tassyklanyldy. Antoniu Guterriş Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna beslenýän 2025-nji ýylyň Türkmenistanda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň düzüm birlikleriniň Türkmenistan tarapyndan guraljak halkara çärelere işjeň gatnaşjakdygy tassyklanyldy. 12-nji dekabrda Aşgabatda döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara forum bolsa öňde boljak çäreleriň naýbaşy wakasyna öwrüler.

30 ýyllyk şanly sene Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň BMG-niň alyp barýan işiniň esasy ugurlaryna laýyk gelýändigini nobatdaky gezek aýdyň görkezýär. Gahryman Arkadagymyz bu sene mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara duşuşyklarda we çärelerde Bitarap Türkmenistanyň hem-de Milletler Bileleşiginiň garaýyşlarynyň, maksatlarynyň bitewüliginiň aýdyň nyşany hökmünde ýurdumyzyň Döwlet baýdagy bilen bir hatarda, Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagynyň hem goýulmagyny teklip etdi.

Ýylyň dowamynda Türkmenistanyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň, halkara ähmiýetli beýleki dabaralaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalary hem ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine parahatçylyk, ynanyşmak, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerini dünýä derejesinde ilerletmäge goşant goşýarlar. Olar Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň mazmunyny tanyşdyrmak bilen bagly dürli çäreleri guraýarlar.

Soňky habarlar
25.02
Bitaraplyk — Türkmenistanyň BMG bilen strategik hyzmatdaşlygynyň binýady
25.02
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady
24.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
24.02
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi
24.02
Ö.A.Goşjanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
24.02
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
24.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 30 million 357 müň dollaryndan gowrak boldy
24.02
Türkmenistanyň Prezidenti Estoniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.02
Ählumumy abadançylygyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek — döwrüň möhüm wezipesi
23.02
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.A.IŞANGULYÝEW hakynda
top-arrow