Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHEHG) döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň 95-nji mejlisi geçirildi. Foruma Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň suw hojalygy edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, şeýle hem Toparyň ýerine ýetiriji edaralarynyň we bölümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda sebitiň iri derýalarynyň — Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine bagyşlanan Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi. Oňa ugurdaş ministrlikleriň ýolbaşçylary, suw hojalyk pudagynyň bilermenleri gatnaşdylar.
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň 27-nji mejlisi geçirildi. Giň möçberli forum Arkalaşygyň ýurtlarynyň oba hojalyk edaralarynyň ýolbaşçylaryny, alymlaryny we seçgiçilik merkezleriniň wekillerini bir ýere jemledi.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 10-sy hasaba alyndy.
Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri tarapyndan guralýan forum döwlet düzümleriniň, halkara maliýe institutlarynyň we guramalarynyň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýokary derejeli wekillerini hem-de bilermenlerini bir ýere jemledi.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 93-si hasaba alyndy.
Şu gün Ykdysadyýet toplumynyň mejlisler zalynda “Innowasiýalar we sanly tehnologiýalar ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýçleridir” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady.