Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2024-nji ýyl
Teswirlemeler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2024-nji ýyl
Çap edildi 15.01.2025
41

Daşary syýasat

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen 2024-nji ýylyň wakalary Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň üstünliklere beslenýändigini nobatdaky gezek bütin aýdyňlygy bilen tassyklady. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän bu döredijilikli syýasat dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar.

Deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyga açyk bolan Türkmenistan dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda Ýakyn Gündogar döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň ýanwarynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş sapary hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň Abu-Dabide BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçiren duşuşygynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyna garaldy. Milli Liderimiziň Dubaý şäherinde «Dragon Oil» we «Dubai Aviation Corporation» (Flydubai) kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklaryny-da öz içine alan saparyň jemleri boýunça ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalar toplumyna gol çekildi.

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginde goňşy döwletler, şol sanda Owganystan bilen däp bolan hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine möhüm ähmiýet berilýär. 2024-nji ýylyň martynda Aşgabatda guralan owgan harytlarynyň sergisi we Türkmen-owgan işewürlik maslahaty ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge gönükdirildi. 4-nji martda Milli Liderimiz Owganystanda öndürilen harytlaryň gözden geçirilişine baryp gördi we goňşy döwletiň wekilleri bilen işewürlik duşuşygyny geçirdi.

Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine uly goşant goşmak bilen, Türkmenistan iri gurluşyk taslamalarynyň başyny başlaýar. Olaryň durmuşa geçirilmegi tutuş sebitiň durnukly ösüşine, onuň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna täze itergi bermäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 30-njy awgustynda Aşgabatda türkmen we owgan wekiliýetleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine bagyşlanan duşuşygyň geçirilendigini bellemek gerek. Gepleşikleriň jemleri boýunça energetika we ulag ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilen resminamalara gol çekildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahundyň gatnaşmagynda 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda geçirilen, taryhy ähmiýetli wakalara beslenen dabaralar dostlukly türkmen-owgan gatnaşyklarynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Şonda Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy, Mary welaýatynda “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasynyň düýbüni tutmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, “Turgundy” demir ýol bekediniň “gury portunda” ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän “Nur-el-Jahad” elektrik bekedini işe girizmek dabaralary geçirildi.

Ýurdumyzyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygyna doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, üýtgewsiz strategik häsiýet mahsusdyr. Geçen ýylyň 4-5-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran resmi sapary däp bolan türkmen-täjik dialogynyň taryhyna täze sahypa bolup ýazyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen geçiren gepleşikleriniň jemleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy hem-de döwletara hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmäge, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi. Saparyň çäklerinde Milli Liderimiziň Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň we Namoýandagon Majlisiniň ýolbaşçylary hem-de doganlyk ýurduň Hökümet Başlygy bilen duşuşyklary boldy.

Asyrlara uzaýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berk binýadyna esaslanýan Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hem işjeň ösdürilýär. Iki ýurduň ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge bolan meýilleri 8-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda nobatdaky gezek tassyklanyldy. Gahryman Arkadagymyz Gazagystanyň Baştutanynyň çakylygy boýunça Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin goňşy döwlete iş saparyny amala aşyrdy. Duşuşykda ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ugurlary hem-de oňyn ösüşe eýe bolan, dürli ulgamlarydyr formatlary öz içine alýan hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky parahatçylygy, dostlugy, özara düşünişmegi berkitmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýän sport ugry boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam edip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 28-nji awgustda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny bellemelidiris. Gahryman Arkadagymyzyň Tähranda EYR-nyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen çäkli we giňişleýin düzümde geçirilen gepleşiklerinde özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alşyldy. Söwda-ykdysady ulgam, gaz pudagy, elektroenergetika, ulag, işewürlik ugurly gatnaşyklar ileri tutulýan ulgamlaryň hatarynda görkezildi. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge-de aýratyn üns berildi.

Taryhy asyrlaryň jümmüşine uzaýan türkmen-eýran gatnaşyklary däp bolan doganlyk, özara goldaw bermek ýörelgelerine, kyn pursatda kömek goluny uzatmaga taýýarlyga daýanýar. Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri 2024-nji ýylyň maýynda pajygaly ýagdaýda aradan çykan Eýran Yslam Respublikasynyň şol wagtky Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga saldamly goşant goşandygyny belledi.

Mälim bolşy ýaly, 21-nji maýda Gahryman Arkadagymyz Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de öz adyndan, ähli türkmen halkynyň adyndan Seýed Ebrahim Raisiniň we beýleki resmi adamlaryň pajygaly ýagdaýda aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan edip, Hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy. Maý aýynda bu ýurtda bolan Matam güni bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasyna sapary amala aşyrdy.

28-nji awgustdaky saparynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen hem duşuşdy. Geçirilen gepleşikleriň dowamynda häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan döwletara hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berildi.

Taryha uzaýan dostlukly gatnaşyklar, dürli ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesi Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hem berk binýadyny emele getirýär. Şunda Russiýanyň iri sebitleri, şol sanda Tatarystan Respublikasy bilen ýola goýlan ýakyn gatnaşyklar möhüm ugurlaryň hatarynda çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň aprelinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen geçiren duşuşyklarynyň dowamynda netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge taýýarlyk tassyklanyldy.

Ynsanperwer ulgam türkmen-rus döwletara hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi hökmünde çykyş edýär. Bu ulgamdaky hyzmatdaşlyk hiç haçan ähmiýetini ýitirmejek medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglanyşýan halklarymyzyň ýakynlaşmagyna ýardam edýär. Bitewi taryhyň unudylmajak sahypalarynyň biri hem 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşudyr. Ýeňiş güni GDA döwletleriniň doganlyk halklary üçin taryhy senedir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli 9-njy maýda Moskwada geçirilen dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşmagynyň çuňňur manysy bar. Şol dabaralara gatnaşmak üçin döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça bu ýurda iş saparyny amala aşyrdy.

Ýurdumyzyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen dialogyna dostlukly we netijeli häsiýet mahsusdyr. Häzirki döwürde baý tejribäniň, ägirt uly kuwwatyň utgaşmagy umumy bähbitlere laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin amatly mümkinçilikleriň döredilmegini şertlendirýär. Şunda üstünlikli ösdürilýän uzak möhletli hyzmatdaşlygyň nusgasy hökmünde Koreýa Respublikasy bilen däp bolan gatnaşyklary görkezmek bolar. Geçen ýylyň iýunynda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde Aşgabatda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň jemleri boýunça dürli ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilen resminamalar toplumyna gol çekildi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Türkmen-koreý işewürlik maslahaty geçirildi.

Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar 2024-nji ýylyň şanly wakalaryna öwrüldi. Akyldaryň döredijilik mirasy dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilendir. Onuň şanly ýubileýi söz ussadynyň goşgularynda wasp edilen umumadamzat gymmatlyklaryny şöhlelendirmek bilen, giň halkara derejä eýe boldy. Mälim bolşy ýaly, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýip yglan etdi. Türkmen nusgawy edebiýatynyň binýadyny goýan görnükli şahyryň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna goşuldy. Mundan başga-da, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna girizildi. Bularyň ählisi dana Pyragynyň döredijiliginiň umumadamzat derejesinde uly ähmiýete eýedigine güwä geçýär.

17-nji maýda Aşgabadyň günorta böleginde, Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen täze toplumda daşary ýurtlaryň meşhur döredijilik işgärleriniň, akyldarlarynyň heýkelleri oturdyldy.

Şanly sene mynasybetli 11-nji oktýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, daşary döwletleriň Hökümet agzalary, ylym, medeniýet ulgamlarynyň tanymal işgärleri ýurdumyza geldiler.

Forumyň çäklerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz we Milli Liderimiz daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen gepleşikleri geçirdiler. Maslahatyň öňüsyrasynda Mongoliýanyň Prezidentiniň ýurdumyza ilkinji gezek döwlet sapary bilen gelendigini nygtamak gerek. Onuň çäklerinde 12-nji oktýabrda Aşgabatda döwletara dialogyň taryhynda täze tapgyryň başlanandygyny alamatlandyran ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň gün tertibine türkmen-mongol gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşmalar girizildi. Netijeli ykdysady hyzmatdaşlygy we geljegi uly ugurlarda uzak möhletleýin gatnaşyklary ýola goýmak üçin ýeterlik kuwwatyň bardygyny belläp, Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Uhnaagiýn Hurelsuh parlamentara hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmelidigi baradaky bir pikiri tassykladylar. Gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen resminamalar toplumy Türkmenistanyň we Mongoliýanyň däp bolan dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge meýillidikleriniň aýdyň güwäsi boldy. Mongoliýanyň Prezidentiniň döwlet saparyna gabatlanyp, 12-nji oktýabrda Aşgabatda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen, Türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi.

«Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň öňüsyrasynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti resmi sapar bilen ýurdumyza geldi. 10-njy oktýabrda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda iki ýurduň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, ähli ugurlar boýunça, şol sanda abraýly halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklary tassyklanyldy. Türkmen-gazak gatnaşyklarynyň köptaraplaýyn aýratynlyklara eýedigini nygtap, Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew geljege gönükdirilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Gepleşikleriň ýokary netijelere eýe bolandygyna ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetiren, ykdysadyýet, söwda, maýa goýumlar, maliýe, ulag, ýangyç-energetika pudagy, oba hojalygy, iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk hem-de medeni-ynsanperwer ulgam ýaly dürli ugurlary öz içine alan resminamalaryň uly toplumyna gol çekilmegi hem şaýatlyk edýär. Şolaryň hatarynda iki döwletiň Baştutanlary tarapyndan gol çekilen Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda dostluk we köpugurly strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hakynda Jarnama möhüm orun degişlidir.

Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňe gaýdyp gelmek bilen, dekabr aýynyň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň ozaldan gelýän ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri hasaplanýan Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň möhüm ähmiýete eýe bolandygyny nygtamak zerur. Gahryman Arkadagymyzyň 2011-nji we 2016-njy ýyllarda Malaýziýa amala aşyran döwlet we resmi saparlary, dostlukly ýurduň Hökümet Baştutanlarynyň Türkmenistana 2014-nji, 2019-njy ýyllarda bolan saparlary özara gatnaşyklaryň ösüşinde möhüm wakalar bolupdy.

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen gepleşiklerde taraplaryň syýasy-diplomatik dialogy mundan beýläk-de berkitmegi, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändikleri aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz pudagy, elektroenergetika, ulag-logistika, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar, şähergurluşyk, senagat pudaklary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Bilim, ylym, medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýeti-de bellenildi. Döwlet Baştutanymyz hünärmenleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlygyň çäklerinde innowasiýalara “ýaşyl” ölçegleri ornaşdyrmak, programma üpjünçiligi, emeli aň, ykdysadyýet, senagat ýaly döwrebap ugurlary öz içine alýan hünärleriň gerimini giňeltmegi teklip etdi.

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydyklary tassyklanyldy. Malaý tarapynyň Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek boýunça başlangyjyny goldaýandygy we onuň çäklerinde hyzmatdaşlyga taýýardygy beýan edildi. Gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen resminamalar türkmen-malaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak, onuň dürli ugurlardaky mümkinçiliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň Malaýziýa resmi saparynyň maksatnamasy ýurdumyzyň ozaldan gelýän işewür hyzmatdaşy bolan “PETRONAS” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy hem öz içine aldy. Onuň dowamynda ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri maslahatlaşyldy. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ugurdaş maksatnamalary we senagat pudagyndaky özgertmeleri hasaba almak bilen, täze ugurlar boýunça gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň esasy özenini düzdi.

Şeýlelikde, 2024-nji ýylyň wakalary Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasatynyň ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýändigini aýdyň tassyklaýar.

Soňky habarlar
15.01
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2024-nji ýyl
15.01
Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty — ählumumy abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge goşant
14.01
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
14.01
Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy
14.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.01
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
13.01
2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygarynyň şanyna dabara
13.01
TDHÇM-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 674 müň dollaryndan gowrak boldy
13.01
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady
12.01
Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamaga taýýarlyk görýär
top-arrow