Söwda we telekeçilik pudagyny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu pudakda amala aşyrylýan işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň netijelerini, bazar özgertmeleriniň täsirliligini seljermäge mümkinçilik berip, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ösüş depginini aýdyňlygy bilen görkezýär. Söwda toplumy býujete gelip gowuşýan salgyt girdejileriniň artmagyny üpjün edip, döwletiň maliýe durnuklylygyna goşant goşýar. Häzirki döwürde söwda pudagynyň öňünde azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, import edilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiliginiň möçberini artdyrmak, söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmek, ilatyň gündelik sarp edilýän harytlara bolan islegini kanagatlandyrmak ýaly wezipeler goýlandyr.
Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterim artdy. Şunuň bilen birlikde, senagat pudagynda 1,5 göterim, gurluşykda 11 göterim, ulag-aragatnaşyk pudagynda 7,2 göterim, söwdada 10,1 göterim, oba hojalygynda 5,3 göterim, hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterim ösüş gazanyldy. 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýylda jemi öndürilen önüm 12,1 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. 2024-nji ýylda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 13,1 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, innowasiýalary giňden ornaşdyrmak, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň düzüminde ýokary tehnologiýaly önümçilik kärhanalaryny döretmek, ýerli çig maldan öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini we möçberini artdyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar. «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanynyň döredilmegi we ony bermegiň şertleriniň kesgitlenilmegi ýerli önüm öndürijileriň jogapkärçiligini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän ýurt hökmünde döwletimiziň abraýyny has-da belende galdyrmaga, eksport kuwwatynyň artmagyna, maýa goýumlaryň çekilmegine ýardam berýär.
Pagta süýüminden ýüplükleri taýýarlaýan, dürli matalary dokaýan, tikinçilik önümlerini öndürýän kärhanalar Watanymyzyň ykdysadyýetiniň depginli ösdürilmegine saldamly goşant goşýar. Häzirki döwürde ýokary hilli, ekologik taýdan arassa «Gala», «Ýeňiş», «Goza», «Wada», «Nusaý», «Bedew», «Bürgüt», «Akpamyk», «Merw», «Jeýtun», «Mäne» ýaly haryt nyşanly dokma önümlerine içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär. Türkmen halkynyň milli halyçylyk sungatynyň özboluşlylygyny gorap saklamak hem-de kämilleşdirmek boýunça hem uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalarynda türkmen el halysyny dokamagyň usullaryny geljek nesillere ýetirmek, gadymy nagyşlardyr göller salnan köpöwüşginli halylary dokamak, halylaryň nusgawy görnüşlerini dikeltmek işleri yzygiderli häsiýete eýe bolýar. El halylarymyz içerki we daşary ýurtly alyjylaryň sargytlary boýunça hem dokalýar. Munuň özi halkymyzyň çeperçilik medeniýetiniň ajaýyp mirasy bolan türkmen halylarynyň dünýädäki meşhurlygyny has-da artdyrýar.
2024-nji ýylyň netijeleri boýunça Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi babatda söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 103,1 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini hem 103,1 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 117,3 göterim ösüş depgini üpjün edildi, şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 149,3 göterim, nah matalaryňkyda 129,7 göterim, gön önümleriniň önümçiliginde 124,4 göterim ösüş depgini gazanyldy. Geçen ýylda “Türkmenhaly” döwlet birleşigi tarapyndan haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 102,3 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan birža söwdalarynyň 302-si geçirilip, olarda 29 müň 317 şertnama hasaba alyndy.
Daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde, bazar gatnaşyklaryny kemala getirmekde, işewürlik başlangyçlaryny höweslendirmekde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna möhüm orun degişlidir. Onuň esasy wezipeleriniň hatarynda işewür düzümler bilen döwlet hem-de hojalyk dolanyşygyndaky edaralaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy guramak, Türkmenistanyň hususy pudagynyň halkara işewürlik bileleşigine goşulyşmagyna, ýerli önüm öndürijileriň harytlarynyň daşarky bazarlara çykarylmagyna ýardam bermek, içerki we daşary ýurt maýa goýumlaryny, döwrebap tehnologiýalary çekmek ýaly meseleler bar. Soňky ýyllarda ýokarda agzalan ugurlaryň ählisinde durnukly ösüş gazanylýar. Munuň özi milli ykdysadyýetimizde oňyn netijeleriň üpjün edilmegini şertlendirýär. Daşary ýurtlaryň Söwda-senagat edaralary we birleşmeleri bilen hyzmatdaşlyk hakynda ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekmek bilen, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy halkara bazarlarda türkmen öndürijileriniň we senagatçylarynyň bähbitlerine wekilçilik edýär. Şeýle-de bu düzüm dürli forumlary, sergileri, duşuşyklardyr maslahatlary guramak arkaly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm orny eýeleýär. Şunda Söwda-senagat edarasy tarapyndan 2024-nji ýylda amala aşyrylan işleriň ösüş depgininiň 111,8 göterime barabar bolandygyny bellemek gerek. Hasabat döwründe sergileriň 27-si, maslahatlaryň 131-si geçirildi.
Ýurdumyzyň ylmy-tehnologik özgertmeler babatdaky syýasatyny durmuşa geçirmekde, sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, senagatyň, oba hojalygynyň, hyzmatlar ulgamynyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilmeginde türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleri aýratyn ähmiýete eýedir. Olar döwlet tarapyndan döredilýän şertlerden peýdalanyp, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanalarda öndürilen ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň eksportyny yzygiderli artdyrmak bilen, halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge-de goşant goşýarlar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça geçen ýylda oba hojalyk, azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 110 göterime, senagat önümçiliginiň ösüş depgini bolsa 104,1 göterime barabar boldy.
Ähli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi esasynda Türkmenistanyň daşary söwdasynyň gerimi hem giňeýär. Ykdysady taýdan ägirt uly kuwwata eýe bolan ýurdumyzda daşary ýurt kompaniýalarynyň we maýadarlarynyň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredilýär. Her ýyl daşary ýurtly wekilleriň gatnaşmagynda köp sanly pudaklaýyn sergilerdir forumlar geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýyl geçirilen Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisinde bu pudakda gazanylan üstünlikler şöhlelendirildi. Sergä söwda toplumynyň edara-kärhanalarynyň 210-dan gowragy, şol sanda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Türkmensüýtsöwda», «Türkmenbakaleýa» lomaý-bölek söwda kärhanalary, Aşgabat şäheriniň Bazarlar birleşigi gatnaşdy. Mundan başga-da, bu ýerde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň önümçilik-söwda guramalary, Alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleri hem diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Arkadag şäher Söwda müdirligi sergä ilkinji gezek gatnaşdy. Gözden geçiriliş pudakda gazanylan üstünlikler we içerki bazarda azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen anyk işler bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik boldy.
Söwda amallaryny halkara kadalara laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmek, işiň döwrebap usullaryny we sanly ulgamy ornaşdyrmak daşary söwdanyň möhüm ugurlarynyň hataryndadyr. 2024-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň arasynda “Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek” atly sebitleýin taslama hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi munuň aýdyň mysaly boldy. Ýurdumyz dünýä döwletleriniň işewür toparlary bilen birnäçe ylalaşyklara gol çekmek we hyzmatdaşlygy ýola goýmak, daşary ýurtlarda söwda wekilhanalaryny hem-de söwda öýlerini açmak arkaly halkara işewürlik gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Türkmen telekeçileriniň 2024-nji ýylda dürli meýdançalarda daşary ýurtly kärdeşleri bilen geçiren duşuşyklary-da bu ugurda halkara gatnaşyklaryň ösdürilýändigini subut edýär.
Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň dekabrynda Kuala-Lumpura amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine, şol sanda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Malaýziýanyň Milli söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini bellemek gerek. Sentýabrda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň çäginde ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligi bilen Germaniýanyň «Trützschler Group SE» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Awgustda Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň bilelikdäki işewürlik maslahatynyň gün tertibine sebit integrasiýasynyň möhüm ugurlary, köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meýilnamalary, senagat kooperasiýasy taslamalaryny goldamak, ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Bu wekilçilikli forum özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlemek bilen, sebitleýin hyzmatdaşlygy altytaraplaýyn görnüşde pugtalandyrmaga täzeçe itergi berdi. Şeýle hem dialoga gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda işewürlik ugurly hyzmatdaşlygy berkitmek barada ylalaşyk gazanyldy. Bilelikdäki işewürlik maslahatynyň netijeleri boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.
2024-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda geçirilen çäreler hem netijeli döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygynyň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilýändiginiň, söwda dolanyşygynyň artýandygynyň güwäsi boldy. Şolaryň hatarynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi we Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahaty, Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen sergisi hem-de Türkmen-eýran işewürlik maslahaty bar. Mundan başga-da, paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, bu komitetiň ýapon böleginiň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň uly wekiliýeti ýurdumyza geldi. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, maliýe-maýa goýum gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy, geljegi uly bilelikdäki taslamalar, önümçilik hyzmatdaşlygynyň ugurlary barada pikir alşyldy. Foruma iki ýurduň dürli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, işewürlik düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mejlisiň jemleri boýunça türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de netijeli ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminama gol çekildi.
16-njy dekabrda Aşgabatda Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki ýurduň döwlet we işewürlik düzümleriniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşmak üçin “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde öňdebaryjy amerikan kompaniýalarynyň wekilleri ýurdumyza geldi. Forumyň çäklerinde işewürler geňeşiniň alyp barýan işi hem-de onuň uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda eýeleýän orny baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata gatnaşyjylar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda maýa goýumlarda, ýokary tehnologiýalar pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şeýle-de ileri tutulýan ugurlarda bilelikde işlemegiň meýilnamalary kesgitlenildi. Ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy kärhanalarynyň wekilleriniň amerikan işewürleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirildi.
Noýabr aýynda Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumynyň hem-de özbek harytlarynyň milli sergisiniň geçirilmegi döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini nobatdaky gezek aýdyň görkezdi. Forumyň çäklerinde iki dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk, «Söwda ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek: amatly şertleri döretmek we telekeçiligi goldamak» atly maslahat geçirildi. Bellenilişi ýaly, işjeň gatnaşyklary ösdürmek, bilelikdäki kärhanalary döretmek, iň täze tehnologik işläp taýýarlamalary ulanmak we innowasion ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça tejribe alyşmak türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Şeýle hem oba hojalyk pudagy, energetika, himiýa we nebithimiýa senagaty, maşyngurluşyk, dokma, derman senagaty pudaklary işjeň hyzmatdaşlyk üçin uly kuwwata eýe bolan ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Oktýabr aýynda Aşgabatda Türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki ýurduň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, iki tarapdan hususy kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Forumyň dowamynda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Mongol tarapyndan çykyş edenler Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli iş alyp barmaklaryna gönükdirilen ygtybarly kanunçylyk binýadynyň oňyn täsirine ünsi çekdiler.
Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň geçirilmegi hem hususy telekeçiligiň kuwwatynyň yzygiderli artýandygyny subut etdi. “Garagum” myhmanhanasynyň arkasynda ýaýbaňlandyrylan köpugurly gözden geçiriliş myhmanlary söwda we hyzmatlar ulgamynda telekeçileriň gazanan üstünlikleri, ýöriteleşen dükanlaryň guraýan işi bilen tanyşdyrdy. Harytlaryň köpdürlüligi soňky ýyllarda hususy telekeçiligiň önümçilik kuwwatynyň has-da ýokarlanandygyny, telekeçilik düzümleriniň döwrebap tehnologiýalar arkaly senagat taýdan ýokary derejä ýetendigini görkezýär. Bu aýdylanlar dürli bezeg serişdeleriniň, elektronika we öý üçin niýetlenen harytlaryň önümçiligine hem degişlidir.
Ýurdumyzda ilkinji gezek guralan «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp wakalarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Türkmen Ekspo» hususy kärhanasy tarapyndan bilelikde guralan giň gerimli gözden geçirilişde Russiýanyň, Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Portugaliýanyň, Italiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Singapuryň, Hytaýyň, Bahreýniň, Beýik Britaniýanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň çagalar üçin harytlar we hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan kompaniýalary öz önümlerini görkezdi. Dört günläp dowam eden forumda paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary dürli görnüşli önümleri özünde jemleýän diwarlyklar bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Iýun aýynda Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda bar bolan mümkinçilikleri we köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygyň esasynda gazanylan tejribäni göz öňünde tutup, dünýä belli kompaniýalar bilen mundan beýläk-de işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow maý aýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” XV halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy, şeýle hem birnäçe duşuşyklary geçirdi. “Russia Halal Expo” maýa goýum we infrastruktura taslamalarynyň sergisinde yslam ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň innowasion üstünlikleri, iri kärhanalaryň, orta telekeçiligiň wekilleriniň taslamalary hem-de önümleri görkezildi. Ýurdumyzyň bu wekilçilikli sergä gatnaşmagy Russiýanyň iri sebitleri we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, dünýäniň halal önümler bazarynda Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmak, milli ykdysadyýetimize maýa goýumlary çekmek babatda uly ähmiýete eýedir.
Yzygiderli geçirilýän çäreler özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde, söwda-ykdysady ulgamda bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde täze sepgitlere ýetmek üçin açyk meýdança bolup hyzmat edýär. Muňa mysal hökmünde Aşgabatda geçirilen Türkmen-koreý işewürlik maslahatyny, owgan harytlarynyň sergisini, Türkmen-owgan işewür toparlarynyň maslahatyny görkezmek bolar. Şeýlelikde, 2024-nji ýylda söwda we telekeçilik pudagynda gazanylan ösüşler geljekki üstünlikler üçin pugta binýady emele getirýär.