Saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda soňky ýyllarda gazanylan uly üstünlikler ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak, ýaşaýyş-durmuş, fiziki we akyl taýdan ösüşini üpjün etmek boýunça ägirt uly tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu strategiýa jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň wagyz etmekden başlap, dürli görnüşli keselleri bejermegiň iň täze we täsirli usullaryny ulanmaga çenli saglygy goraýşyň milli nusgasyny döretmäge gönükdirilen düýpgöter täze çemeleşmeleri öz içine alýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak baş wezipedir. Bu wezipe ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk häzirki zaman lukmançylyk merkezleri guruldy, saglygy goraýyş ulgamynyň infrastrukturasy döwrebaplaşdyrylýar. Bularyň ählisi ilata halkara standartlara laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemäge gönüden-göni ýardam berýär. 2024-nji ýylda hem bu ugurda uly üstünlikler gazanylyp, ugurdaş desgalaryň birnäçesi gurlup ulanmaga berildi. 17-nji aprelde Mary welaýatynyň edara ediş merkezinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi eneligi we çagalygy goramak, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegini üpjün etmek, saglygyny berkitmek işlerine jogapkärli çemeleşilýändiginiň güwäsine öwrüldi.
Çagalary hemmetaraplaýyn alada, mähir we söýgi bilen gurşap almak türkmen halkyna mahsus ýörelgedir. Munuň özi häzirki wagtda ýaş nesliň abadan geljegi ugrunda durmuşa geçirilýän asylly işlerde has aýdyň ýüze çykýar. Bu ugurda 2021-nji ýylda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň giň gerimli işleri alyp barýandygyny bellemek gerek. Çagalara paýtagtymyzyň, welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, bejergi üçin çykdajylara, çagalar öýlerinde we mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaş raýatlar üçin lukmançylyk maksatly enjamlary satyn almaga pul serişdelerini bölüp bermek asylly däbe öwrüldi.
Türkmen halkyna mahsus ýörelgelere laýyklykda, dostlukly ýurtlaryň birnäçesiniň çylşyrymly durmuş ýagdaýynda galan çagalaryna hem ynsanperwerlik kömekleri ugradyldy. 2024-nji ýylda ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralaryna — paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine, Ahal welaýatynyň Bäherden etrap hassahanasyna, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap hassahanasyna, Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine, Lebap welaýat köpugurly hassahanasyna, Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine Germaniýanyň “B.Braun” kompaniýasynyň “Dialog+” kysymly gemodializ enjamlary sowgat berildi.
9-njy oktýabrda Aşgabatda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary boldy. Saglygy goraýyş ulgamynyň ösen infrastrukturasynyň üstüni ýetiren bu döwrebap lukmançylyk edaralarynyň gurulmagy diňe bir bejeriş işlerine däl, eýsem, keselleriň öňüni almaga gönükdirilen saglyk syýasatynyň hem esasy wezipelerine laýyk gelýär. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny”; “Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny”; “Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” tassyklamak; ilatyň derman serişdeleri we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün edilmegini kämilleşdirmek hakynda gol çeken Kararlary munuň aýdyň mysalydyr. Şol günlerde ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde gurlan «Kalbyň şypasy» atly binanyň hem-de Arçabil şaýolundan başlap, Halkara kardiologiýa merkezine barýan durky täzelenen köçäniň açylyş dabarasy boldy. Bu köçä saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-german gatnaşyklaryny ösdürmäge uly goşant goşan belli germaniýaly kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Hans Maýsneriň ady dakyldy.
Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli ýurdumyzyň sebitlerinde hem iri desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary şäherinde bolsa welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasy ulanmaga berildi. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi hem-de ylmy maslahat geçirildi. Giň gerimli sergi milli saglygy goraýyş ulgamynyň okgunly ösüş depginini, Türkmenistanyň lukmançylyk ylmynda, senagatda gazanan üstünliklerini, ägirt uly kuwwatyny, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gyzyklanmasynyň artýandygyny görkezdi.
Soňky ýyllarda Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy hünärmenleri bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilelikdäki taslamalardyr maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, dürli keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň, bejermegiň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylýar. Lukmançylyk we ylmy diplomatiýada hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmek bilen, Türkmenistan dünýäniň iri ugurdaş we ylmy-barlag merkezleri, halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen gatnaşyklarynyň gerimini has-da giňeltdi. Bu bolsa oňyn netijeleri berip, ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygynyň ýokarlanmagy ýaly esasy görkezijilere gönüden-göni täsir etdi. Halkara güwänamalaryň gowşurylmagy, BSGG-niň türkmen lukmanlary tarapyndan toplanan tejribäni içgin öwrenmek baradaky maslahatlary ýurdumyzyň birnäçe ýokanç keselleri ýok etmekde gazanan üstünlikleriniň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.
Ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygynyň dikeldilmeginde şypahana bejergisi möhüm ähmiýete eýedir. Döwrebap şypahanalaryň gurulmagy we bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegi arkaly bu infrastrukturanyň üsti yzygiderli ýetirilýär. Olar enjamlaşdyrylyş derejesi, hödürleýän hyzmatlarynyň görnüşleri boýunça dünýä belli bejeriş-öňüni alyş merkezleri bilen bäsleşmäge ukyplydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryndan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgelerinden ugur alnyp, bu möhüm durmuş ugurly pudagyň öňünde täze wezipeler goýuldy. Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň gurluşyk işleri batly depginde alnyp barylýar. Halkara güwänamalar, şol sanda Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň halkara býurosynyň ýörite şahadatnamasy bu ýerde öndürilýän, halkara standartlara we ekologik talaplara laýyk gelýän lukmançylyk önümlerine berlen ýokary bahadyr. Täze şäherde döwrebap lukmançylyk edaralary açylyp ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda köpugurly hassahana, onkologiýa merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi, saglyk öýi bar. “Akylly” şäherde bilim ulgamyna-da uly üns berilýär, bu ugurda Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi bu hünäriň esaslaryny öwrenmek we amaly endikleri özleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň binýadyny goýan Milli Liderimiz möhüm lukmançylyk desgalarynyň gurluşyk işleriniň barşyny hemişe gözegçilikde saklaýar. 25-nji dekabrda Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde, “Çoganly” ýaşaýyş toplumynyň çäginde Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşyk meýdançasyna bardy. Bu ýerde geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Halkara saglyk merkezleri müdiriýetinde hem-de Halkara okuw-ylmy merkezinde seljeriş-intellektual bölümi döretmek, lukmanlaryň hemişe bökdençsiz, netijeli iş alyp barmagy üçin üznüksiz aragatnaşygy ýola goýmak maksady bilen, bu saglygy goraýyş edaralaryny we welaýatlaryň onkologiýa merkezlerini bir bitewi intellektual tora birikdirmek tabşyryldy. Munuň özi ýurdumyzda ynsan saglygynyň jemgyýetiň hem döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolandygynyň we şeýle bolmagynda-da galýandygynyň, raýatlaryň abadançylygyny üpjün etmegiň bolsa döwletimizde ileri tutulýan wezipe hökmünde kesgitlenendiginiň aýdyň beýanydyr. Ilatyň saglygyny goramak bilen bir hatarda, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini höweslendirmek, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gahryman Arkadagymyzyň sport bilen meşgullanmak we wagyz etmek bilen bagly asylly başlangyçlaryny dowam etdirmek bilen, işjeň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň peýdasyny iş ýüzünde tassyklap, watandaşlarymyza nusgalyk görelde görkezýär. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda geçirilýän iri sport çärelerine, şol sanda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralýan köpçülikleýin welosipedli ýörişe yzygiderli gatnaşýar. Her ýylyň 7-nji aprelinde uly ruhubelentlik bilen bellenilýän bu senä gabatlanyp guralýan «tegelek stol» duşuşyklary, ylmy-amaly maslahatlar, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar, görkezme çykyşlary, wagyz-nesihat, bedenterbiýe-sagaldyş we medeni çäreler talyp ýaşlary, edara-kärhanalaryň işgärlerini, türgenleri bir ýere jemleýär.
Ýurdumyzda sport bilen meşgullanmak barha meşhurlyk gazanýar. Şol bir wagtyň özünde, ruhubelentligiň we sagdynlygyň nyşany bolan sport beýleki jemgyýetçilik özgertmeleri üçin hereketlendiriji güýç bolup çykyş edýär. Sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty wagyz etmegiň jemgyýetiň we döwletiň bähbidine ýaşlaryň mümkinçiliklerini iň ýokary derejede durmuşa geçirmäge gönükdirilen ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagy tötänden däldir.
Ösen sport infrastrukturasynyň döredilmegi esasynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde onlarça iri ugurdaş desgalar ulanmaga berilýär. Bedenterbiýe-sagaldyş hereketine, ýokary derejeli sporta döwlet tarapyndan goldaw berilmegi netijesinde, halkara ýaryşlarda Türkmenistana wekilçilik edýän ýaş türgenleriň täze nesli kemala gelýär. Ussat türgenleri, tälimçileri, beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek boýunça Milli maksatnamanyň”, beýleki döwlet maksatnamalarynyň wajyp ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. 2024-nji ýylda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny 2028-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek XXXIV tomusky Olimpiýa hem-de XVIII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlamak we olaryň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, guramaçylyk topary döredildi.
Türkmenistan Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzasy bolmak bilen, Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine, onuň sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy, ynanyşmagy, ýurtlardyr halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ýaly ynsanperwer ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy boýunça “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnamanyň kabul edilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi Türkmenistanyň sport abraýyny has-da artdyrdy. Mälim bolşy ýaly, bu çözgüt 24-nji maýda paýtagtymyzda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda biragyzdan kabul edildi we Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň raýatlary üçin ajaýyp sowgat boldy.
Aşgabatda Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy türkmen sportunyň hil taýdan täze derejä çykmagyna goşant goşdy. Hut şu ýerde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirilip, milli sportuň taryhynda täze sahypany açdy. Bu waka Türkmenistanyň ýokary derejeli ýaryşlary gurap bilýän ýurtlaryň hatarynda orun alandygyny alamatlandyrdy, şeýle hem ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň bähbidine durmuşa geçirilýän sport diplomatiýasynyň üstünligini görkezdi.
Iki binasy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen Olimpiýa şäherçesinde türgenleriň netijeli türgenleşmekleri üçin zerur şertler döredilen dürli zallaryň onlarçasy bar. Ýöriteleşdirilen sport toplumlarynda hem iri halkara ýaryşlar, şol sanda 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, 2023-nji ýylda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty, 12 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýanyň toparlaýyn birinjiligi üstünlikli geçirildi. Aşgabatda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşyň geçirilmegi we onda Türkmenistanyň «Galkan» hokkeý toparynyň ýeňiji bolmagy, 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynyň guralmagy syn berilýän ýylyň möhüm wakalarynyň hatarynda boldy. Umumy pikire görä, Aşgabat şäheri tennis boýunça ýaş oglan-gyzlaryň arasyndaky bäsleşikleri däl, eýsem, ATF-nyň ýokary derejeli iri ýaryşlaryny geçirmäge hem mynasypdyr. Şunuň bilen baglylykda, Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň Aziýanyň tennis federasiýasy tarapyndan «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip ykrar edilmegi we degişli güwänamanyň gowşurylmagy bellenilmäge mynasypdyr.
Umuman, häzirki wagtda sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, türgenleriň ussatlygyny artdyrmak, sebit we dünýä derejesinde ýaryşlary geçirmek üçin baý tejribä eýedir. Şeýlelikde, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän özgertmeler maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, 2024-nji ýylda milli saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny has-da kämilleşdirmäge, täze taslamalary durmuşa geçirmäge, bu ulgamlaryň alyp barýan köpugurly işini giňeltmäge täzeçe itergi berildi.