Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Milli mirasy aýawly saklamak — mynasyp geljegi berkarar etmegiň möhüm şerti
Teswirlemeler
Milli mirasy aýawly saklamak — mynasyp geljegi berkarar etmegiň möhüm şerti
Çap edildi 29.01.2025
132

Medeniýet ulgamy häzirki döwürde türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanýar. Çünki medeniýet milli ruhy gymmatlyklaryň esasyndaky döwlet we jemgyýetçilik taglymatlarynyň kemala gelmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu ulgam döwlet syýasatynyň möhüm bölegidir. Şu nukdaýnazardan, bu ugurda gazanylýan her bir üstünlik dürli durmuş şertleriniň tutuş toplumyny özünde jemleýär.

Medeniýet ulgamy diňe bir jemgyýetimiziň talaplaryny kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, demokratik özgertmeler, durmuş-ykdysady ösüş ýolunda Türkmenistanyň mundan beýläk-de öňe gitmegi babatda ägirt uly mümkinçilikleri özünde jemleýär. Şoňa görä, döwlet Baştutanymyzyň bu ugurda öňe sürýän wezipeleri halkymyzyň medeni derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýän gündelik aň-bilim işinden başlap, ulgamyň ylmy-usulyýet binýadyny kemala getirmäge, milletiň gaýtalanmajak taryhy-medeni mirasyny çuňňur öwrenmäge, wagyz etmäge, türkmen ýaşlaryny döredijilikli işlere çekmäge çenli möhüm meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar. Halkymyzyň taryhyny öwrenmek, gorap saklamak, maddy we ruhy mirasyny dünýäde wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. Bu işleriň durmuşa geçirilmeginde muzeýlere aýratyn orun degişlidir. Olar halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak milli mirasyny saklaýjylar hem-de ýurdumyzyň iri ylmy merkezleridir. Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan taryhy, özboluşly däp-dessurlary, häzirki döwürdäki ägirt uly gazananlary ýurdumyzyň baý muzeý gymmatlyklarynda öz beýanyny tapýar.

Şu ýylyň 10-njy ýanwarynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň muzeý gaznalaryndaky gymmatlyklaryň sanyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Şu maksat bilen, 2025-nji ýylda hünärmenleriň ýerlere iş saparlaryny guramak göz öňünde tutulýar. Täze taryhy döwürde milli medeniýetimiziň düýpli öwrenilmegi, aýawly saklanylmagy, geljek nesillere ýetirilmegi ugrunda zerur işler durmuşa geçirilýär. Muzeýlerde medeni gymmatlyklary ýüze çykarmak, toplamak, ylmy esasda öwrenmek we gorap saklamak, olary ilatyň arasynda wagyz etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Türkmenistanda muzeý işini ösdürmek, olaryň halkymyzyň medeni durmuşyndaky möhüm ähmiýetini ýokarlandyrmak üçin medeni gymmatlyklary aýawly saklamaga gönükdirilen birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda”, “Muzeýler we muzeý işi hakynda”, “Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary hem-de beýleki resminamalar şolaryň hataryndadyr. Welaýat merkezlerinde, Arkadag şäherinde Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleri açyldy. Häzirki wagtda döwlet muzeýleriniň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak we ilata edilýän hyzmatlary kämilleşdirmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Maglumat tehnologiýalary, emeli aň, kompýuterleriň mümkinçilikleri muzeý işini ösdürmekde täze gözýetimleri açýar. Gözleg işleriniň ýadawsyz alnyp barylmagy netijesinde, taryhy tapyndylar öz syrly täsinliklerini açýar. Çünki medeniýet adamzadyň ruhy dünýäsiniň özenini emele getirýär.

Agzalan Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanymyz halkymyzyň medeni mirasyny gorap saklamakda, öwrenmekde muzeýlere uly ornuň degişlidigini belläp, olaryň işini yzygiderli kämilleşdirmek, milli mirasymyzy halkara derejede giňden wagyz etmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, täze şäherde çeper halyçylyk kärhanasyny hem-de Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýini gurmak hakynda Karara gol çekdi.

Gözelligiň we nepisligiň ykrar edilen nusgasy bolan türkmen halysy halkymyzyň gymmatly baýlygy hem buýsanjy, umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna goşan bahasyz goşandydyr. Haly diňe bir türkmeniň gadymdan gelýän däpleriniň kämil derejede ýüze çykmasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkyň ýaşaýyş baradaky filosofiýasynyň çeperçilik taýdan “janlanmasydyr” hem. Ýeri gelende ýatlasak, Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan, nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat beripdi. Munuň özi türkmen zenanlarynyň asyrlaryň dowamynda döreden el işleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň aýdyň mysalyna öwrüldi. Şunda halypa-şägirtlik mekdebine möhüm orun degişlidir.

Häzirki wagtda Medeniýet ministrliginiň garamagynda 37 sany muzeý hereket edip, olaryň gaznalarynda 367 müňden gowrak muzeý gymmatlygy saklanýar. Ýurdumyzyň muzeýleri muzeý gymmatlyklaryny aýawly saklamaga, hasaba alyş işini geçirmäge, öwrenmäge we gaýtadan dikeltmäge, sergi, aň-bilim işleriniň usulyýetini özgertmäge ýardam edýän öňdebaryjy enjamlardyr tehnikalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Halkymyzyň ruhy mirasyny aýawly saklamakda uly ähmiýeti bolan muzeýler ýaş nesilleriň watançylyk ruhunda terbiýelenmegine-de goşant goşýar. Döwlet taryhy-medeni goraghanalary hökmünde yglan edilen Nusaý, Gadymy Merw, Köneürgenç, Kerki, Dehistan, Sarahs, Abiwerd, Gökdepe galasy ýaly gadymy şäherler açyk asmanyň astyndaky özboluşly muzeýlerdir. Şunda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürlenilýän desgalaryň sanyny artdyrmaga gönükdirilen işler hem alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan çapa taýýarlanan Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet reýestri ýurdumyzda ilkinji gezek kitap görnüşinde neşir edildi. Bu neşir taryhy-medeni goraghanalaryň, ýerli dolandyryş edaralarynyň hünärmenleridir işgärleri üçin niýetlenendir.

Diýarymyzyň çäginde diňe bir milli däl, eýsem, umumadamzat ähmiýetli taryhy-medeni gymmatlyklaryň köp sanlysy bar. Bahasyna ýetip bolmajak bu mirasy, taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, öwrenmek boýunça möhüm meseleleri çözmekde alnyp barylýan döwlet syýasaty abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin oňyn şertleri üpjün edýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň muzeýleri däbe öwrülen milli gymmatlyklaryň aýawly saklanylýan ýeri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara medeni alyşmalar üçinem ajaýyp meýdançadyr.

Hormatly Prezidentimiz bu ulgamyň möhüm meselelerine uly üns bermek bilen, jemgyýetiň ruhy ýagdaýynyň kemala getirilmeginde ähmiýetli orun eýeleýän medeni aň-bilim edaralarynyň işinde döredijilik gözleglerini alyp barmagyň, oýlanyşykly çözgütleriň wajypdygyny nygtaýar. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň, döwlet Baştutanymyzyň türkmen medeniýetiniň, sungatynyň özboluşlylygyna bagyşlanan çuň many-mazmunly eserleri aýratyn ähmiýete eýedir. Şolaryň hatarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen medeniýeti”, “Ile döwlet geler bolsa”, “Janly rowaýat”, “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”, “Hakyda göwheri” atly kitaplaryny görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet”, “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly kitaplarynda hem türkmen halkynyň şöhratly taryhy ýoly, ýurdumyzyň çäklerinde saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärlikler, beýik şahsyýetler, medeni-ruhy gymmatlyklaryň köpdürlüligi barada söz açylýar.

Innowasiýalar eýýamynda medeniýet ilatyň ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün edýän, adamyň ukyp-başarnyklaryny ösdürýän, döredijilik mümkinçiliklerini açyp görkezýän möhüm şert hökmünde çykyş edýär. Döwlet Baştutanymyzyň milli däpleri gorap saklamaga we nesilden-nesle geçirmäge berýän ägirt uly ünsi jemgyýetiň ösüş maksatlaryna ýetmekde medeniýet ulgamyna täze taslamalary çekmäge, milli miras babatdaky gatnaşyklary giňden ösdürmäge ýardam edýär. Ruhy taýdan ösüş hem-de geçmiş baradaky hakyda, ilkinji nobatda, halkyň durmuş ýoluny many-mazmun we döredijilik kuwwaty bilen baýlaşdyrýar.

Soňky habarlar
29.01
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
29.01
Milli mirasy aýawly saklamak — mynasyp geljegi berkarar etmegiň möhüm şerti
28.01
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2024-nji ýyl Oba hojalyk toplumy
28.01
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
27.01
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
27.01
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
27.01
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi
27.01
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million 21 müň dollaryndan gowrak boldy
27.01
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine
26.01
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow