Şu gün paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda «Halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ol Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Zähmetkeşleriň işleri boýunça edarasy tarapyndan bilelikde guraldy.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanynda esaslandyrýan «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 10-njy sany okyjylara gowuşdy.
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnalda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, hukuk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada beýan edilýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan neşir edilýän hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan türkmen we rus dillerinde çap edilýän «Türkmen arhiwi» atly taryhy-resminamalaýyn, ylmy-usulyýet žurnalynyň 26-njy sany çapdan çykdy.
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Şu gün ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçirildi. Bu ýerde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň hem-de alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendi.
Şu gün Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisi geçirildi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde geçirilen bu forum türkmen halkynyň milli baýlygy bolan meşhur alabaýlaryň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmaga gönükdirilen möhüm wakadyr. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň aýrylmaz bölegidir. Şunda halk seçgiçiliginiň usullarynyň we häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň peýdalanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Adalat köşgüniň mejlisler zalynda “Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Şu gün S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi: taryhy, medeniýeti we sungaty» atly VI halkara ylmy maslahat geçirildi.
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.