Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2024-nji ýyl: Bilim we ylym ulgamy
Teswirlemeler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2024-nji ýyl: Bilim we ylym ulgamy
Çap edildi 13.02.2025
588

Ýurdumyzyň ykdysady we tehniki kuwwatyny pugtalandyrmak, aň-paýhas mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine ylym-bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli maksatnamalara laýyklykda, 2024-nji ýylda hem bu ulgamlary düýpli özgertmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirildi.

“Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylmagy bu babatda möhüm ähmiýete eýe boldy. Ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ýurdumyzyň beýleki ugurdaş düzümlerinde düýpli we amaly ylmy barlaglary geçirmek, olaryň gerimini giňeltmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şunda ylmyň, bilimiň, önümçiligiň özara arabaglanyşygyna aýratyn orun berilýär. Ýaşlary ylym bilen meşgullanmaga çekmäge, zehinli alymlaryň täze neslini höweslendirmäge we goldamaga, dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge uly üns berilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parky hukuk derejesiniň berilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 7-nji iýunynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyz bu baradaky degişli Karara gol çekdi. Bu çözgüt alymlarymyza we inženerlerimize daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ugurdaş merkezleri, şol sanda Halkara ylmy parklaryň assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge mümkinçilik berer.

Döwletimiziň aň-paýhas, ylmy-tehniki mümkinçilikleriniň esasy merkezleriniň biri hökmünde Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň guralan ýerine öwrülmegi-de tötänleýin däldir. Çäräniň maksady toplanan oňyn tejribeleri alyşmakdan, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryna täzeçil çözgütleri ornaşdyrmagyň meselelerini maslahatlaşmakdan, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden ybarat boldy.

Her ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli ylmyň dürli ugurlaryna bagyşlanan birnäçe halkara maslahatlar geçirildi. Şolaryň biri-de Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan guralan «Ýaşyl» ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary» atly maslahatdyr. Bu forumyň gün tertibiniň örän möhümdigi äşgärdir. Ekologiýa, howanyň üýtgemegi, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak ýaly häzirki döwrüň talaplary göz öňünde tutulanda, hut «ýaşyl» özgertmeler milli, sebit hem-de dünýä derejesinde durmuş-ykdysady ösüşiň esasy şertleriniň hatarynda kesgitlenendir. Maslahatyň çäklerinde bu ýokary okuw mekdebi tarapyndan innowasion tehnologiýalar boýunça ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň jemleri jemlenildi hem-de ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy.

Ylymlar gününe bagyşlanyp, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Onda edilen çykyşlar ýokary tehnologiýalary ösdürmegiň, olary ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ulanmagyň wajyp meselelerini öz içine aldy. Türkmenistanyň milli ylmynyň geljeginiň dünýäniň ylmy giňişligine çalt goşulyşmak arkaly ylym we tehnologiýalar ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen berk baglanyşyklydygy aýratyn bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki ylmy barlaglaryň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Paýtagtymyzda geçirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň gün tertibine ylym ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryna degişli meseleler girizildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan her ýyl guralýan bu iki günlük forum ykdysady we durmuş taýdan ösüşi gazanmakda esasy şert bolan ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança öwrüldi. Maslahata gatnaşyjylaryň nygtaýyşlary ýaly, innowasion ösüş ýoluna düşen ýurdumyzda ylym we innowasiýalar babatda durmuşa geçirilýän işler kabul edilen döwlet maksatnamalarynda, konsepsiýalarda, strategiýalarda öz beýanyny tapýar. Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde gurlan döwrebap Arkadag şäheri bu ugurda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň aýdyň nyşanydyr. Mälim bolşy ýaly, Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen “World Smart City Expo” atly halkara sergide Arkadag şäheri “Iň tapawutlanan “akylly” şäher”, “Daşary ýurt “akylly” şäheri”, «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin” atly üç sany sylaga mynasyp boldy.

Ýurdumyzda ýaş alymlaryň we talyplaryň arasynda her ýyl geçirilýän ylmy işleriň bäsleşigi ýaş nesilleri ylym bilen meşgullanmaga işjeň çekmäge itergi berýär. 12-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bu bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirilip, olara hormatly Prezidentimiziň adyndan şahadatnamalar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Geçen ýylyň dekabrynda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Akylly» şäher: dolandyrmak, sanly, “akylly” we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda innowasion tehnologiýalary ösdürmekde halkara barlaglaryň netijeleri, ylmyň, önümçiligiň, senagatyň ileri tutulýan ugurlary, nano-, bio-, maglumat, sanly, “akylly” tehnologiýalaryň işlenip taýýarlanylyşy, kiberhowpsuzlyk tehnologiýalary, emeli aň, kompýuter, ykjam programmalar, ylmyň gazananlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň ylym bilen önümçiligi özara utgaşdyrmak bilen bagly öňde goýan wezipeleri alymlaryň geçirýän ylmy-barlag işleriniň netijelerinde öz beýanyny tapýar. Ýangyç-energetika toplumynyň işine innowasiýalary giňden ornaşdyrmak, energiýa serişdelerini tygşytlamak meselelerini çözmek boýunça çäreler işjeň durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 5-6-njy iýunda «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirilip, ol ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ugurdaş kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemledi. Foruma gatnaşyjylar gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini, ilkinji nobatda, ýel we Gün energiýasyny işjeň ösdürmek ýaly ýurdumyz üçin möhüm ähmiýete eýe bolan meseleler barada çykyş etdiler. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawa zyýan ýetirmezden, “ýaşyl” energetika tehnologiýalaryna geçmek meselelerine, zyňyndylary ölçemekde tehnologik innowasiýalaryň ähmiýetine hem-de sanly serişdeleriň, hasaplaýyş hyzmatlarynyň netijeliligine garaldy. Olaryň kömegi bilen nebitgaz senagaty parnik we kömürturşy gazlarynyň zyňyndylaryny azaldyp biler.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan dürli ugurlarda, şol sanda oba hojalygy babatda köp sanly işläp taýýarlamalar durmuşa ornaşdyrylýar. 16-17-nji oktýabrda Türkmen oba hojalyk institutynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly halkara ylmy-taslama bäsleşigi geçirildi. Bu zehin bäsleşigine sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Oňa hödürlenen işleriň üçden biri Russiýa, Belarus, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Ýaponiýa, Botswana, Germaniýa ýaly 9 ýurtdan 26 sany ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň işleridir. 100-e golaý iş bolsa Türkmenistanyň 16 sany ýokary okuw mekdebiniň talyplaryna degişli. Ylmy-taslama işleri, esasan, 3 ugur — oba hojalyk taslamalary (innowasion häsiýete eýe bolan ýa-da bar bolan görnüşlerden netijeliligi bilen tapawutlanýan oýlap tapyşlar), maglumat tehnologiýalary taslamalary (programma üpjünçiligi, şol sanda web hyzmatlar, mobil, desktop goşundylar, çat botlar) we işewürlik taslamalary (işewürlik meýilnamalary, maliýe resminamalary) boýunça hödürlenildi. Bellenilişi ýaly, bu giň gerimli bäsleşik diňe bir pikir alyşmak we täze ylmy açyşlar üçin netijeli meýdança bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýaş alymlara zehinini açyp görkezmäge, ählumumy derejede özüni ykrar etdirmäge hem mümkinçilik döretdi.

Türkmen we daşary ýurt alymlarynyň bilelikdäki işleriniň diňe bir forumlara gatnaşmak bilen çäklenmeýändigi mälimdir. Şeýle duşuşyklar ylym ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge, ugurdaş edaralar bilen giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmaga amatly şertleri döredýär. 16-njy sentýabrda Aşgabatda GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Russiýanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň, ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag, önümçilik merkezleriniň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde Arkalaşyga agza ýurtlarda oba hojalyk ekinleriniň seçgiçiliginiň, ekinleriň görnüşleriniň synagdan geçirilişiniň, tohumçylygyň, nahalhanalaryň ýagdaýy, üzümiň, miweli agaçlaryň nahallary bilen üpjün edilişi baradaky çykyşlara orun berildi. Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny ornaşdyrmak, önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak babatda türkmen alymlarydyr hünärmenleri tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda güýzlük bugdaýyň “Serdar”, “Arkadag”, “Pyragy” atly täze sortlary ýetişdirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetçilik-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmäge, medeni mirasy, taryhy ýadygärlikleri düýpli öwrenmäge, rejelemäge, olary dünýäde wagyz etmäge uly üns berilýär. 16-njy oktýabrda Milli «Ak bugdaý» muzeýinde meşhur alymlar, arheologlar, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýeleri Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi. Mälim bolşy ýaly, russiýaly arheologlaryň Watanymyzyň taryhyny öwrenmekde bitiren hyzmatlaryna ýokary baha berilýär. Akademikler W.Masson we W.Sarianidi dürli ýyllarda Magtymguly adyndaky halkara baýrak, beýleki döwlet sylaglary bilen sylaglandylar. Olaryň ylmy eserleri ýurdumyzda köpçülikleýin neşir edildi, açyşlary bolsa gadymy dünýäniň taryhy boýunça mekdep kitaplaryna girizildi. Bu görnükli alymlar hakyndaky maglumatlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň eserlerinde-de öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň Moskwanyň N.N.Mikluho-Maklaý adyndaky Etnologiýa we antropologiýa instituty we Sankt-Peterburgyň Maddy medeniýetiň taryhy instituty bilen bilelikde döreden türkmen-rus arheologik ekspedisiýalarynyň 2-si işleýär.

«Türkmenistan — gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşykda gadymy golýazmalaryň, Paryzdepäniň, Köpetdagyň eteklerinde ýerleşýän bürünç asyryna degişli Ulugdepe ilatly ýeriniň medeni taýdan ähmiýeti, XX asyryň başynda demir ýollaryň ugrunda ýerleşen türkmen şäherleriniň durmuşy barada maglumatlar beýan edildi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, gadymy Änew medeniýetiniň Altyndepe we Ulugdepe ýaly ösen merkezlerini, Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen Dehistanyň arheologik ýadygärliklerini, Köýtendagyň dag ekoulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin zerur işler alnyp barylmalydyr.

Ýurdumyzda bilim derejesi ýokary halkara talaplara laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamagyň kämil ulgamyny döretmek bilim syýasatynyň ileri tutulýan wezipesidir. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sanynyň artdyrylmagy, olarda has zerur ugurlar boýunça ýaşlary taýýarlamak üçin täze bölümleriň açylmagy bu ugurdaky anyk ädimlerdir. 2024-2025-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde geçirilen birnäçe desgalaryň açylyş dabaralary döwlet Baştutanymyzyň bilim ulgamyny ösdürmäge ägirt uly üns berýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. 1-nji sentýabrda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, onuň düýbüni tutmak dabarasy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda geçirilipdi. Toplumda zehinli ýaş Watan goragçylarynyň neslini kemala getirmek, olaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri, dürli harby hünärleri özleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem harby okuwçylaryň bilimleri üstünlikli ele almaklary, ýaşaýşy, boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertler döredilipdir.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap mekdepleriň, çagalar baglarynyň gurluşyklary dowam edýär. Şunda olary kompýuter tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrmak we internete birikdirmek hökmany şertleriň biridir. 1-nji sentýabrda açylyp ulanmaga berlen bilim edaralarynyň hatarynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesindäki, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäherindäki, şol welaýatyň Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginiň Alpan obasyndaky, Mary şäherindäki mekdepler, Tagtabazar etrabynyň Saryýazy obasyndaky döwrebap mekdebe çenli çagalar edarasy bar.

2024-nji ýylda birinji synpa kabul edilen 155 müň 641 okuwça hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzda öndürilen noutbuk kompýuterleri sowgat berildi. Şeýle hem Bilimler we talyp ýaşlar gününde Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda Robototehnika bilim merkezi açyldy. BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýardam bermeginde döredilen bu merkez ýaşlaryň häzirki zaman tehnologiýalaryny çuňňur özleşdirmeklerine, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň hünärmenler bilen üpjün edilmegine gönükdirilen çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep geçen ýylda ulanmaga berlen desgalaryň hatarynda aýratyn orun eýeledi. Onuň açylyş dabarasyna Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň meşhur şahyrynyň adyny göterýän orta mekdebiň düýbüni tutmak dabarasy 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda hormatly Prezidentimiziň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary wagtynda geçirilipdi. «Döwlet gurluşyk» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan mekdep binasy umumy meýdany 4 müň 300 inedördül metrden gowrak bolan okuw toplumyny özünde jemleýär. Gurluşyk işleri dolulygyna türkmen tarapynyň hasabyna, häzirki zaman ölçegleri esasynda alnyp baryldy.

Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylymlary okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalary durmuşa geçirilýär. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy hem-de Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Aziýa, Ýewropa, Amerika yklymlarynyň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri bilen gatnaşyklar ýola goýuldy. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň bilim mümkinçiliklerini giňeltmäge, ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

2024-nji ýylyň 25-nji maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyny tassyklady. Şunlukda, bilim ulgamynyň halkara standartlara laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagynyň täze tapgyryna badalga berildi. Mekdebe çenli, başlangyç, esasy orta, doly orta, mekdepden daşary we goşmaça bilim boýunça okatmagy guramakda iň gowy dünýä tejribeleriniň öwrenilmegi Konsepsiýada kesgitlenen esasy wezipeleriň biridir. Şeýle hem mugallymlaryň hünär bilimlerini çuňlaşdyrmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, beýleki ugurdaş düzümleriň hünärmenleri daşary döwletlerde hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçýärler. Her ýyl döwlet derejesinde mugallymlaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmak, olaryň hünäriniň abraýyny ýokarlandyrmak maksady bilen, döwlet derejesinde “Ýylyň mugallymy”, “Ýylyň terbiýeçisi” atly bäsleşikler geçirilýär.

“Elektron mekdep” ulgamy işlenip taýýarlanyldy we umumybilim berýän mekdeplerde synag edildi. Bu ulgam arkaly ene-atalar çagalarynyň dürli dersler boýunça ýetişigi bilen tanşyp bilýärler. Häzirki wagtda ýurdumyzyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanylan bu ulgam islendik wagtda elýeterli bolup, “Google Play” we “App Store” platformalarynda «eMekdep» sözüni girizmek hem-de degişli düwmäni basmak arkaly, ony ykjam telefonlara ýükläp bolýar. Daşary ýurtlardaky şeýle programmalardan tapawutlylykda, «eMekdep» her bir okuwçynyň şahsy ýetişiginiň we ösüşiniň seljermesini hödürleýär.

Milli hem halkara derejedäki olimpiadalarda ýeňiji bolýan ýaşlaryň sany ýylsaýyn artýar. Ynsanperwer hyzmatdaşlyk ösdürilip, ýaş türkmenistanlylar sportda we döredijilikde ýokary netijeleri gazanýarlar. Geçen ýylyň martynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen II Açyk halkara informatika olimpiadasynda hem ýokary netijeleri görkezdiler. 2024-nji ýylyň dowamynda mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň halkara bäsleşiklerde jemi 1 müň 549 medal gazanmaklary milli bilim ulgamynyň häzirki zaman derejesine çykarylýandygyny hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň netijeli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar.

Geçen ýyl degişli ugurda halkara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi bilimiň hilini ýokarlandyrmakda möhüm orny eýeledi. Döwletara gatnaşyklaryň aýratyn görnüşi hökmünde ýüze çykýan bu özboluşly “aň-paýhas diplomatiýasy” bilimleriň, tehnologiýalaryň, akyl we döredijilik çeşmeleriniň işjeň alşylmagy esasynda hil taýdan täze derejä çykýar. Ýaşlarymyz dünýäniň dürli ýurtlarynyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. Türkmen talyplary üçin umumy hem amaly sapaklary geçmek maksady bilen, daşary ýurtlaryň iň gowy hünärmenleri çekilýär.

Bu gün Türkmenistan okgunly ösýän döwletleriň biri hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýaşaýan häzirki döwrümiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamyny hem milli we umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyk gelýän öňdebaryjy tejribeleriň binýadynda mundan beýläk-de ösdürmek üçin örän möhüm döwürdir.

Soňky habarlar
18.02
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy
18.02
«Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
18.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy
18.02
Parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasynyň baş maksady
18.02
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
17.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 970 müň dollaryndan gowrak boldy
16.02
Döredijilikli syýasat — täze üstünlikleriň gözbaşy
16.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
15.02
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy
top-arrow