10.10 2025

Şu gün Täjigistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.


10.10 2025

Ilki bilen, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Emomali Şaripowiç Rahmona bildirilen myhmansöýerlik we işlemäge döredilen şertler üçin minnetdarlygymy beýan etmäge rugsat ediň!


10.10 2025

Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we onuň çäklerindäki ylmy maslahat öz işine başlady.

10.10 2025
10.10 2025

Düýn Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk desgalarynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy.

10.10 2025

Paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň “Garadaşaýak” ýaşaýyş toplumynda gurlan döwrebap saglyk öýüniň açylyş dabarasy Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralan giň gerimli çäreleriň üstüni ýetirdi.

10.10 2025

Şu gün Mary etrabynyň Täze güýç geňeşliginiň çäginde 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe ajaýyp sowgat boldy.

10.10 2025

Belent maksatlara ruhlandyrýan, ajaýyp ösüşleriň hem-de köpugurly özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň toýly günlerinde Size «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli Sizi türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, agzybir halkymyzyň mundan beýläk hem abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, içeri we daşary syýasatymyzyň üstünliklere beslenmegi ugrunda alyp barýan beýik başlangyçlaryňyzda uly rowaçlyklary arzuw edýärin.

10.10 2025

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakalara beslenýän toýly günlerinde uly ruhubelentlikde bellenilýän Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, halkymyzyň bagtyýarlygy, asudalygy, sagdyn durmuşy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň abraý-mertebesiniň has-da belende galmagy ugrunda alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriňiziň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.

10.10 2025

Sizi hünär baýramyňyz — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

1536 sahypa
Soňky habarlar
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi