Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Resmi
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Çap edildi 10.10.2025
6218

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda il-ýurt ähmiýetli ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek, halkymyzyň saglygyny, bagtyýar durmuşyny, abadançylygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan tutumly işler halkara derejede hem giňden ykrar edilýär. Gazanylan bu ajaýyp üstünliklerde saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleriniň uly paýy bardyr. Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, saglygy goraýyş işini ösdürmekde, adamlaryň saglygyny dikeldip, ýurduň baýlygyny artdyrmakda, keselleriň öňüni alyş-anyklaýyş işiniň hem-de olary bejermegiň netijeli usullaryny saglygy goraýyş tejribesine ornaşdyrmakda, döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly zähmet üstünlikleri, ilatyň saglygyny goramaga önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly zähmetini, ýokary hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle-de Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň ortopediýa bölüminiň müdiri Çarymyrat Işimowy,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Stomatologiýa merkeziniň statist lukmany Jumadurdy Nurýagdyýewiç Garlyýewi,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň Endokrinologiýa toplumynyň lukmançylyk enjamlarynyň I derejeli tehnigi Gurbanmyrat Muhammetnurowiç Hojagulyýewi,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Aşgabat şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň 14-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Tatýana Alekseýewna Malahowany,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň farmakologiýa kafedrasynyň müdiri Muhammetguly Aşyrowiç Atagaraýewi,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň psihiatriýa, narkologiýa we medisina psihologiýasy kafedrasynyň assistenti Muhabbet Ergeşowna Azziýewany;

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:

«Türkmenistanyň halk lukmany» diýen hormatly ady:

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň urologiýa we andrologiýa kafedrasynyň müdiri Mämmetberdi Çaryýewe,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Arkadag şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Ýusup Hojadurdyýewiç Işangulyýewe,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Şikesleri bejeriş halkara merkeziniň neýrohirurgiýa bölüminiň müdiri Annaguly Açyldurdyýewe,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň esasy ylmy işgäri Olga Nikolaýewna Borodina,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şypahanasynyň baş lukmany Geldi Taganowiç Annamuhammedowa;

«Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bejeriş-öňüni alyş bölüminiň başlygy Muhammet Bozoglanowiç Ergeşowa,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň direktory Çary Rozyýewiç Agamyradowa,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara «Ene mähri» merkeziniň çaga lukmany Batyr Tirkişowiç Rahmanowa,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara newrologiýa merkeziniň lukmany Resul Nepesowa,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Arçman» şypahanasynyň baş lukmany Çaryýar Amansähedowiç Annasähedowa,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Daşoguz welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Daşoguz «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkeziniň baş lukmany Merdan Myradowiç Gurbanowa.


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
top-arrow