Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýurdumyzda täze saglygy goraýyş desgalarynyň düýbi tutuldy
Jemgyýet
Ýurdumyzda täze saglygy goraýyş desgalarynyň düýbi tutuldy
Çap edildi 10.10.2025
95

Düýn Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk desgalarynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Şolaryň hatarynda Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahana, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahana, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi bar.

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary netijesinde, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň sagdyn, abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek wezipesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap lukmançylyk desgalaryny gurmak baradaky çözgüt ilatyň saglyk ýagdaýynyň pugtalandyrylmagyna berilýän uly ünsüň aýdyň beýanydyr. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat şäherinde we welaýatlarda gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz bu saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, olaryň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagynyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen bir hatarda, saglyk edaralarynyň ylmyň soňky gazanan döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy, olarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy babatda anyk tabşyryklar berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde milli saglygy goraýyş ulgamynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, öňüni alyş çärelerini işjeňleşdirmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz etmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurdaky giň gerimli işleriň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde deňi-taýy bolmadyk döwrebap anyklaýyş we sagaldyş merkezleri, halkara ölçeglere laýyk gelýän hassahanalar, şypahanalar, ýerli çig maldan dermanlyk serişdeleri, lukmançylyk maksatly önümleri öndürýän kärhanalar gurulýar. Şeýle hem Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça başlangyç amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň binýadynyň döwrebap derejede berkidilýändiginiň, ulgamyň mümkinçilikleriniň dünýä standartlaryna laýyklykda ösdürilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

...Ir bilen paýtagtymyzyň günorta künjeginde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. 500 orunlyk Aşgabat şäher köpugurly hassahanasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmak üçin bu ýere Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köp sanly daşary ýurtly myhmanlar, saglygy goraýyş işgärleri ýygnandylar. Bu ýerde aýdym-saz, tans toparlarynyň şowhunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagyny okady. “Paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we welaýatlarymyzda iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman ylmy-kliniki, bejeriş-anyklaýyş merkezlerini, şypahanalary, saglyk öýlerini, ýerli çig maldan derman serişdelerini öndürýän kärhanalary gurup, Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna şöhratly sahypalary ýazýarys. Bu ugurda halkara bileleşik, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ykrar edilen nusgalyk işleri amala aşyrýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramaga aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sanlyja ýyllaryň içinde Watanymyz dünýäniň iň ösen saglygy goraýyş ulgamly döwletleriniň hataryna goşuldy. Ýurdumyzda gurlup ulanmaga berlen we häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän saglyk merkezleri hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Bu desgalarda innowasion tehnologiýalaryň, dünýä belli kompaniýalaryň öňdebaryjy enjamlarynyň işjeň ornaşdyrylmagy, türkmen hünärmenleriniň dünýäniň iri lukmançylyk merkezlerinde hünär taýýarlyklaryny geçmekleri ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini üpjün etmäge, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almaga, takyk anyklaýyş we bejergi işlerini geçirmäge, ilatyň ortaça ömür dowamlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilikleri açýar.

Soňra dabaranyň esasy pursatlaryna orun berildi: ýadygärlik ýazgy ýazylan ýörite gutujyk 500 orunlyk Aşgabat şäher köpugurly hassahanasynyň gurluşyk meýdançasynyň düýbüne atyldy. Şeýlelikde, desganyň gurluşygyna resmi taýdan badalga berildi.

Bu merkezde häzirki zaman lukmançylygynyň döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrylyp, onda adamlaryň saglygyny berkitmekleri, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmaklary üçin zerur şertler dörediler. Dabara gatnaşyjylar halkymyzyň saglygy baradaky yzygiderli aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan etdiler.

***

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde bolsa 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahananyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Oňa welaýatyň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleri, etrabyň ýaşaýjylary, saglygy goraýyş işgärleri gatnaşdylar. Aýdym-saz, tans toparlarynyň şowhunly çykyşy dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Çykyşlarda täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň abadan durmuşy ugrunda alnyp barylýan beýik işler wasp edildi.

Dabaranyň başynda Ahal welaýatynyň häkimi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagyny okady.

Gutlagda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda we ýolbaşçylygynda 30 ýyl mundan ozal kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, milli saglygy goraýyş ulgamyny, onuň maddy-enjamlaýyn hem-de kanunçylyk binýadyny düýpli kämilleşdirmek, jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny berkitmek, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy uly üns bilen diňlenildi.

Çykyş edenler halkyň saglygyny goramak we berkitmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek babatda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny bellediler. Nygtalyşy ýaly, eziz Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasaty işjeň durmuşa geçirilýär. Ilatyň saglygyny goramak, adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmek bu günki gün esasy wezipe hökmünde kesgitlenildi. Çünki halkyň saglygy diňe bir ýurduň baş baýlygy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, häzirki we geljek nesilleriň röwşen geljeginiň hem berk binýadydyr.

Ynsan saglygyny goramak, saglygyň gadyryny bilmek halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, derman senagatyny işjeň ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde halkara ykrarnama mynasyp bolan işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda işlenip taýýarlanan, saglygy goraýyş ulgamynyň binýadyny berkitmek, raýatlaryň bu ulgamyň çygryndaky hukuklaryny kepillendirmek boýunça esasy resminama bolan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň mümkinçilikleri has-da artdy. Şu ýyl «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 30 ýyl doldy. Maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde saglygy goraýyş işgärlerine uly orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, her ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni uly ruhubelentlikde bellenilýär. Şu gün Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahananyň gurluşygyna badalga berilmegi hem saglygy goraýyş işgärleri we welaýatyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp toý sowgady boldy.

Soňra dabaraly ýagdaýda Tejen şäherindäki 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahananyň gurluşygyna badalga berildi. Bu hassahana keselleri anyklamakda, olary bejermekde we öňüni almakda, näsaglara ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemekde esasy saglygy goraýyş edaralarynyň birine öwrüler. Bu ýerde ornaşdyryljak tehnologiýalardyr enjamlar, ýöriteleşdirilen barlaglar çylşyrymly operasiýalary geçirmäge mümkinçilik berer.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar täze guruljak 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahananyň uzak ýyllaryň dowamynda halkymyza ýokary derejeli hyzmat edip, adamlaryň saglygyny goramakda esasy merkezleriň birine öwrüljekdigine ynam bildirdiler.

***

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dabaralar Daşoguz welaýatynyň edara ediş merkezinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbüniň tutulmagy bilen dowam etdi.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň milli saglygy goraýyş ulgamynda başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdyn ösmeklerine, olaryň bilim-terbiýeli bolmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Hususan-da, eneligi we çagalygy goramak «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen möhüm ugur bolup çykyş edýär. Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygyna badalga berilmegi hem Watanymyzyň ýagty geljegi bolan ýaş nesliň abadan durmuşy we beden taýdan sagdyn ösmegi ugrunda döwlet tarapyndan edilýän aladalaryň aýdyň güwäsidir.

Dabara medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary bilen utgaşdy. Çäräniň başynda Daşoguz welaýatynyň häkimi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagyny okady.

Gutlagda bellenilişi ýaly, Garaşsyz Watanymyzda ilatyň saglygyny goramak we berkitmek babatda alnyp barylýan işler dünýä jemgyýetçiliginiň, halkara guramalaryň, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň hem-de Çagalar gaznasynyň giň goldawyna mynasyp boldy. Ýurdumyzyň bu ugurda gazanan üstünlikleri halkara derejede ykrar edildi. Türkmenistana gowşurylan güwänamalar, sylaglar we beýleki resminamalar muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Gazanylýan bu uly üstünlikler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hem-de alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ajaýyp miweleridir. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy uly üns bilen diňlenildi.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän nusgalyk işleriň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy düýpgöter özgerýär, ilatyň saglyk ýagdaýy has-da gowulanýar, adamlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygy artýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa bu möhüm ugurdaky utgaşdyrylan işleriň binýady bolup hyzmat edýär. Bu ugurdaky işler dünýä jemgyýetçiliginiň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň iri düzümleriniň — Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG), Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ykrarnamasyna eýe boldy. Ýurdumyz çagalaryň saglygyny goramak babatda bu guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň martynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek üçin serişdeleriň bölünip berilmegi, bejergi üçin çykdajylaryň tölenmegi, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän hem-de bilim alýan ýaş türkmenistanlylar üçin degişli lukmançylyk enjamlarynyň satyn alynmagy asylly däbe öwrüldi. Çykyş edenler gazna tarapyndan welaýatlaryň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine zerur enjamlar bilen üpjün edilen täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň, “Savina” kysymly emeli dem beriş enjamynyň, “Dialog+” kysymly emeli böwrek enjamynyň sowgat berlendigini bellediler.

Soňra ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýadygärlik ýazgy ýerleşdirilen gutujyk gurluşyk meýdançasyna atylyp, merkeziň düýbi tutuldy. Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbüniň tutulmagy mynasybetli geçirilen dabaranyň çäklerinde saglygy goraýyş işgärleri we dabaranyň myhmanlary ýaş nesil hakynda edýän atalyk aladalary, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Umuman, şu günki dabaralar ýurdumyzda kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň, «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäni baş şygar edinýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýdyň beýanydyr.

Soňky habarlar
10.10
Hormatly Prezidentimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki ÇYKYŞY
10.10
Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenildi
10.10
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.10
Ýurdumyzda täze saglygy goraýyş desgalarynyň düýbi tutuldy
10.10
Paýtagtymyzyň saglygy goraýyş düzüminiň binýady berkidilýär
10.10
Mary welaýatynda döwrebap hassahana ulanmaga berildi
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
10.10
Türkmenistanyňsaglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine
top-arrow