Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
Jemgyýet
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
Çap edildi 21.10.2026
2211

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu neşiriň çap edilmegi däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigine şaýatlyk edýän ähmiýetli waka öwrüldi.

Çärä DIM-niň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, şeýle hem ylmy we akademiki jemgyýetçiligiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ählumumy parahatçylygy üpjün etmäge, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we doganlyk ýörelgelerini ilerletmäge gönükdirilen daşary syýasaty üstünlikli alyp barýandygy bellenildi. Dünýäde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk derejesi üç gezek ykrar edilen ýeke-täk döwlet hökmünde Türkmenistan halkara giňişlikde bütin adamzadyň bagtyýarlygynyň bähbidine döredijilikli başlangyçlary bilen çykyş edýär. Ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň maksatlary we üstünlikleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ajaýyp kitabynda giňişleýin beýan edilýär. Indi bular barada azerbaýjanly okyjylar hem öz dillerinde tanşyp bilerler.

Dabarada Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi G.Gozalow çykyş edip, ählumumy parahatçylygy, özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň eýeleýän ornuny açyp görkezmekde, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çuňňur mazmunly işini azerbaýjan okyjylaryna tanyşdyrmakda häzirki çäräniň aýratyn ähmiýetini nygtady. Bu kitabyň gadymdan bäri parahatçylyk söýüjilik we döredijilik ýoluna ygrarly bolan türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgelerine daýanýan Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetine has giňişleýin düşünmek üçin gymmatly gollanma bolup durýandygy bellenildi.

Kitapda döwlet syýasatynyň esasy hökmünde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň binýatlyk ýörelgeleri, şeýle hem sebitleýin we ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmekde onuň mümkinçilikleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilişi barada täsirli beýan edilýär.

Tanyşdyrylyş dabarasynda türkmen we azerbaýjan halklarynyň taryhy, medeni we ruhy taýdan ýakynlygyna daýanýan köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilişine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň yzygiderli tagallalary netijesinde soňky ýyllarda özara dialogyň strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolup, hil taýdan täze sepgitlere çykandygy nygtaldy. Munuň şeýledigini Türkmenistana we Azerbaýjana yzygiderli amala aşyrylýan ýokary derejeli saparlar we onuň netijesinde gazanylýan ylalaşyklar aýdyň tassyklaýar. Bu babatda Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ilham Aliýewiň ýakynda, degişlilikde, Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda we Bakuwda geçirilen möhüm çärelere gatnaşandyklary bellenildi.

Mundan başga-da ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň medeni-ynsanperwer ugrunyň ähmiýeti nygtaldy. Bu babatda netijeli gatnaşyklaryň yzygiderli işjeňleşýändigine 20-nji oktýabrda Aşgabatda açylan “Ene tebigat” atly halkara sungat sergisi şaýatlyk edýär. Ol Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasy tarapyndan guraldy.

Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň azerbaýjan dilinde çapdan çykmagy ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer alyşmalaryň giňeldilmegine, doganlyk gatnaşyklaryň berkidilmegine uly goşant bolup, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berýär.

Soňky habarlar
11.11
2026-njy ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
11.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlandy
11.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçirilen Liderler sammitindäki çykyşy
11.11
Ekologiýa abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlyk
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Deňhukuklylyk, özara goldaw bermek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan strategiýa
10.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
10.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
10.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
top-arrow