Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenildi
Jemgyýet
Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenildi
Çap edildi 10.10.2025
89

Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we onuň çäklerindäki ylmy maslahat öz işine başlady. Her ýyl geçirilýän bu forum agzalan ulgamlarda ýurdumyzyň gazananlary bilen tanyşmaga, lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän möhüm ähmiýetli çäreleriň biridir.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guralan ýöriteleşdirilen serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, saglygy goraýyş ulgamynyň köp sanly işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygy, şeýle hem saglygy goraýyş babatda bitiren aýratyn hyzmatlary göz öňünde tutulyp, halkymyzdan gelip gowşan teklipler esasynda “Türkmenistanyň at gazanan arhitektory” diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny beýan etdiler.

Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan paýtagtymyzda ýerleşýän “Jahan” döredijilik merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we döwrebaplaşdyrmak barada karara gelindi. Munuň özi merkeziň işini döwrebap alyp barmakda möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen “Jahan” döredijilik merkeziniň çagalar aýdym-saz toparynyň ilkinji gezek çykyş etmegi baýramçylyk dabarasyna özboluşly sowgat boldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimiziň berk binýatly milli saglygy goraýyş, bilim hem-de sport ulgamlary kemala getirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlary uly ösüşleri başdan geçirýär. Halkymyzyň saglygy, abadan hem-de bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan işlerimiziň esasyny düzýär. Jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Milli bilim ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmegiň çäginde eziz Diýarymyzda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen ähli görnüşdäki bilim edaralaryny, aýratyn-da, çagalar baglaryny, orta mekdepleri we döredijilik merkezlerini özünde jemleýän täze bilim toplumlaryny giň gerim bilen gurmagy dowam etdirýäris. Ýurdumyzda bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek boýunça hem toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrýarys» diýip, hormatly Prezidentimiz Gutlagynda belleýär.

Soňra dabaranyň köp sanly myhmanlary halkara sergide ýaýbaňlandyrylan diwarlyklar bilen tanyşdylar. Her ýyl geçirilýän bu foruma gatnaşýan ýurtlaryň sany ýylsaýyn artýar. Şu gezekki çärä dünýäniň 40 döwletinden alymlardyr lukmanlaryň, hünärmenleriň 120-ä golaýy, şeýle-de lukmançylyk enjamlaryny, sport, ylym-bilim ulgamlaryna degişli tehnologiýalary öndürýän hem-de hyzmatlary hödürleýän öňdebaryjy kompaniýalardan 180-den gowrak wekil gatnaşýar.

Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan pawilýonda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň milli we halkara derejede durmuşa geçirýän asylly işleri uly ekranlarda wideoşekilleriň üsti bilen beýan edilýär. Gaznanyň esaslandyrylmagyndan bäri köp wagt geçmedik hem bolsa, çagalaryň saglygyny goramakda öňde goýlan maksatlara we wezipelere ýetmek ugrunda giň gerimli işler alnyp baryldy. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň, etraplarynyň, şäherleriniň hassahanalary, şol sanda olaryň çagalar bölümleri üçin zerur bolan lukmançylyk enjamlary satyn alnyp, “Tiz kömek” awtoulaglary sowgat berildi. Haýyr-sahawat gaznasyndan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek we olaryň bejergileri üçin çykdajylar tölenilýär. Munuň özi ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň anyk mysalydyr.

Çagalar döwletimiz tarapyndan aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. Özünde birnäçe desgalary birleşdirýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi Arkadag şäheriniň durmuş düzüminiň möhüm bölegini emele getirýär. Bu ýerde çagalaryň saglygy bejerilýär we dikeldilýär. Merkeziň çagalar bagynda terbiýelenýän çagalaryň dürli oýunlar arkaly pikirleniş we döredijilik mümkinçilikleriniň ösdürilmegi üçin netijeli usullar peýdalanylýar.

“Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynda saglygy goraýyş ulgamynda gündelik peýdalanylýan lukmançylyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini, şol sanda ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän pamyklary, dokalmadyk matadan bir gezeklik agyz-burun örtüklerini, başgaplary, halatlary, ýorgan-düşek daşlyklaryny, aýakgap örtüklerini, hassahanalar üçin zerur bolan saglyk maksatly serişdeleri öndürmek işi ýola goýuldy. Kärhana “Hil menejmentiniň ulgamy” diýen ugur boýunça TDS ISO 9001 milli we halkara standartlaryň talaplaryna berk eýerýär. Mundan başga-da, kärhana tarapyndan 6 aýlyk we ondan uly çagalar üçin mikro hem-de makroelementler, witaminler bilen baýlaşdyrylan süýt garyndysy öndürilýär. “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň önümleriniň we çaga iýmitleriniň şu ýylyň sentýabrynda Moskwada geçirilen gözden geçirilişde “Ýylyň önümi” atly altyn medala hem-de degişli diploma mynasyp bolmagy bu ýerde öndürilýän önümleriň ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýändigini tassyklaýar. Ýakyn geljekde Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň gurulmagy bilen, ýurdumyzda öndürilýän lukmançylyk maksatly önümleriň görnüşleri has-da artar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň sergi diwarlygynda ýurdumyzda öndürilýän dermanlaryň we lukmançylyk serişdeleriniň dürli görnüşleri görkezilýär. Döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde soňky ýyllarda ýerli çig mallardan bejeriş serişdelerini öndürmek boýunça täze kärhanalar açyldy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhemlik çaýlar myhmanlara hödür edilýär.

Diýarymyzyň dürli sebitlerindäki şypahanalaryň we saglygy dikeldiş merkezleriniň diwarlyklary serginiň aýratyn bölümini emele getirýär. Häzirki günde olaryň her biri saglygy dikeltmek üçin döwrebap merkez bolup, enjamlaşdyrylyşy, hödürleýän hyzmatlary babatda dünýä ölçeglerine laýyk gelýär. Mineral suwlaryň, bejeriş häsiýetli palçyklaryň baý gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň şypahanalary ýylyň ähli paslynda halkymyza ýokary hilli bejeriş-dikeldiş hyzmatlaryny hödürleýärler. “Saglyk”, “Gumry”, “Zenjebil”, “Çöl oty” hojalyk jemgyýetleri, “Myratly Gadam”, “Ak hümmet”, “Çebşek”, “Yşgyn”, “Tebip”, “Sabur”, “Ýandak” hususy kärhanalary sergä gelýänleri bu babatda öz hödürleýän hyzmatlary bilen tanyşdyrýarlar.

Halkara foruma ýurdumyzyň ozaldan gelýän daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň we milli saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän iri taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň işjeň gatnaşýandygyny bellemek gerek. Stasionar we göçme rentgen enjamlaryny, ultrases barlag toplumlaryny, kompýuter tomograflaryny öndürmäge ýöriteleşen “Siemens Healthineers” kompaniýasy bu babatda gazananlary bilen tanyşdyrýar. Bu düzümiň ýakyn hyzmatdaşy “Seda Mediсal” kompaniýasy bolsa barlaghana anyklaýşy üçin enjamlar toplumlaryny getirmek we gurnamak hyzmatlaryny hödürleýär. ABŞ-nyň “Illumina” biotehnologiýa kompaniýasynyň biolukmançylygy we genetikany öwrenmek üçin enjamlar toplumlary, “Aetrex” kompaniýasynyň ortopedik aýakgaplarydyr beýleki esbaplary hem uly gyzyklanma döredýär. Awstriýanyň “Askin&Co” kompaniýasy göz kesellerini bejermekdäki tehnologik çözgütleri bilen tanyşdyrýar.

Germaniýanyň “Fresenius Medical Care” kompaniýasy böwrek keselleriniň dializi üçin enjamlaryň önümçiliginde iň öňdebaryjylaryň biri hasaplanýar. “Berlin-Chemie”, Şweýsariýanyň “Roche”, “Sandoz”, Fransiýanyň “Sanofi”, Sloweniýanyň “Krka”, Wengriýanyň “Gedeon Richter” kompaniýalarynyň diwarlyklarynda dürli keselleriň bejergisi, sanjym çäreleri üçin innowasion esasda taýýarlanylan dermanlyk serişdeler görkezilýär. Beýik Britaniýanyň “Medilain Marketing” kompaniýasy bolsa derman serişdeleriniň lomaý söwdasyna ýöriteleşendir. Russiýanyň “Tathimfarm” kompaniýasy hirurgiýada, Litwanyň “Afono laivas” kompaniýasy agyrylary aýyrmakda ulanylýan serişdeleri bilen tanyşdyrýar.

Halkara gözden geçirilişe Hindistanyň derman serişdelerini we lukmançylyk enjamlaryny öndürýän birnäçe iri kärhanalary hem gatnaşýarlar. Şolaryň hatarynda “SR Pharmaceutical Industries”, “Healthium”, “JMB Pharmaceuticals”, “Isshaan” kompaniýalarynyň wekilleri öz toplan baý tejribeleri barada serginiň köp sanly myhmanlaryna gürrüň berýärler. Pakistanyň “Herbion” kompaniýasy tebigy serişdeleriň binýadynda öndürilen kosmetika serişdelerini, Türkiýäniň “Evyap” kompaniýasy bolsa şahsy arassaçylyk üçin önümlerini hödürleýär. Hytaýyň birnäçe kärhanalary, däp bolan halk lukmançylygy bilen bir hatarda, döwrebap lukmançylyk-bejeriş hyzmatlary, saglyk merkezleriniň otaglarynyň dürli esbaplar bilen enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdyrýarlar.

Umuman, bu gezekki halkara sergi diňe bir ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýeten sepgitlerini giňişleýin açyp görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, dünýä lukmançylygynyň iň soňky gazananlary bilen tanyşmak üçin hem amatly mümkinçilikdir. Ol işewürler üçin täze başlangyçlary ilerletmek, lukmançylyk işgärleri üçin tejribe alyşmak babatda amatly meýdançadyr. Şeýle hem bu ýerde dürli ýurtlardan gelen ökde hünärmenlerden saglyk maslahatlaryny alyp bolýar.

Ilatyň ylym-bilim derejesiniň ýokary bolmagy, edil saglyk ýaly, her bir ýurduň gymmatly baýlygy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, giň gerimli sergide ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwaty bilen ýakyndan tanyşmak mümkin. Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Ylymlar akademiýasy, ýokary okuw mekdepleri ösen tehnologiýalaryň esasynda täze döredijilik oýlap tapyşlary bilen giň halk köpçüligini tanyşdyrýarlar. Şol işleriň köpüsiniň ýurdumyzyň ýaşlaryna degişlidigini bellemek gerek. Watanymyzyň daýanjy bolan ýaşlar ykdysadyýetiň dürli ugurlarynyň sazlaşykly ösüşine itergi berýän ylmy gözlegleri alyp baryp, ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwatynyň mundan beýläk-de artmagyna saldamly goşant goşýarlar. Olaryň döredijilik işleriniň birnäçesi halkara ylmy jemgyýetçilik tarapyndan hem ykrar edilýär. Mundan başga-da, türkmen ýaşlary abraýly halkara ders bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Bu üstünlikler ýokary okuw mekdepleriniň diwarlyklarynda aýdyň beýanyny tapýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýaşlarynyň dünýäniň iň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary, hünär taýdan kämilleşmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Halkara gözden geçirilişiň çäklerinde Italiýanyň, Germaniýanyň ilçihanalary we beýleki hususy düzümler bu babatda hödürleýän mümkinçilikleri bilen sergä gelýänleri tanyşdyrýarlar.

Döredijiligiň gözbaşy saglykdan, saglygyň gözbaşy bolsa sagdyn durmuş ýörelgelerinden başlanýar. Muňa Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň diwarlygynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Onda halkara olimpiadalardyr ýaryşlaryň ýeňijileriniň kuboklary, medallary we diplomlary görkezilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde türkmen sporty hem hil taýdan täze derejä çykaryldy. Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan sport diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar.

Halkara forum köp sanly çärelere baýdygy bilen tapawutlanýar. Bu aýratynlyk Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň Watanymyzyň täze taryhynda ýatdan çykmajak seneleriň birine öwrüljekdigini alamatlandyrýar.

Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, zähmetde tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Döwlet sylaglaryna eýe bolanlar netijeli zähmet çekmekleri üçin döredýän şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

...Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, beýleki ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar gatnaşdylar.

Nobatdaky jilt Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ylmy ensiklopediýasynyň üstüni ýetirmek bilen, Diýarymyzyň ösümlik dünýäsiniň keselleri bejermekdäki gymmatly tebigy gorlary boýunça maglumatlary okyjylara ýetirýär. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVII jildi, ozalkylarda bolşy ýaly, “Dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy” hem-de “Maglumatnama” diýen iki bölümden ybaratdyr. Kitabyň baplarynda gymmatly, şypaly hazyna hasaplanýan 107 sany dermanlyk ösümlik barada doly we düýpli maglumatlar berilýär.

Çykyşlarda köp jiltli ylmy neşiriň diňe bir halkara lukmançylyk jemgyýetçiliginde däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döredýändigi nygtaldy. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler, milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy iş dünýäniň köp dillerine terjime edilip, daşary ýurtly okyjylaryň millionlarçasyna elýeterli edildi. Ol ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýan hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz milli lukmançylygy ösdürmegiň pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini, dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman meýillerini özünde jemleýän nusgasyny döretdi. Ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň, miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri giňişleýin beýan edilýän bu düýpli ylmy iş okyjylara adamzadyň gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk ylmyna uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesi hem-de däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Baý mazmunly ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylary türkmen tebigaty bilen ýakyndan tanyşdyrmaga hem ýardam edýär. Kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinip, dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary, şeýle hem saklamagyň möhletleri baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Milli Liderimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň täze jildinde “tebigy dermanhana” yzygiderli ýüzlenýän Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň, türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribeleri beýan edilýär. Bu eser ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem goşant goşar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 30 ýyl doldy. Milli Liderimiziň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby hem şu geçen döwürde milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatda ýetilen sepgitlere bagyşlanýar. Bu döwürde maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly ösüşler gazanyldy. Ulgamyň ähli düzümlerine häzirki zamanyň ösen tejribesi, döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Saglygy goraýyşda gazanylan üstünlikleri berkitmek, ýurduň sagdyn geljege tarap alyp barýan üstünlikli ösüş ýoluny batly gadamlar bilen dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 26-njy martyndaky degişli Kararyna laýyklykda, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny innowasion ösüş ýoluna gönükdirmek, dünýä ylmynyň öňdebaryjy tejribesini giňden ornaşdyrmak Türkmenistanyň bu ugurdaky döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze iri saglygy goraýyş desgalaryny gurmak hakynda birnäçe resminama gol çekmegi ulgamy mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim boldy. Şu günki hünär baýramy gününde-de Diýarymyzyň sebitlerinde täze lukmançylyk edaralarynyň düýbüni tutmak, paýtagtymyzda we Mary welaýatynda täze saglygy goraýyş desgalaryny ulanmaga bermek mynasybetli dabaralara beslendi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ilatyň saglygyny goramak, ösen lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek babatda başyny başlan giň gerimli işleriniň hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändiginiň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda durmuşa geçirilen ägirt uly işleri anyk delilleriň, statistiki maglumatlaryň üsti bilen täsirli beýan edýän 22 sany bölümden ybaratdyr. Täze kitap “Il saglygy — ýurt baýlygy”, “Saglygy goraýyş ulgamynyň guramaçylygy we dolandyrylyşy” atly bölümler bilen açylýar. Onda täze döwrümiziň döredijilik kuwwatynyň nyşany bolan Arkadag şäheriniň lukmançylyk desgalaryna aýratyn bölüm bagyşlanypdyr. “Keselleriň öňüni almak — sagdyn durmuşyň esasy”, “Sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmek”, “Döwrebap bejeriş-öňüni alyş usullary”, “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak” atly bölümlerde öňüni alyş çäreleriniň oňyn netijeleri barada giňişleýin maglumat berilýär. “Saglygy goraýyş ulgamynyň kämil maddy-tehniki binýady”, “Saglygy goraýşyň maliýe üpjünçiligi” atly bölümlerde ulgamy özgertmek boýunça durmuşa geçirilen işler öz beýanyny tapýar. “Sagdyn ene — sagdyn nesil” atly bölümde eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak babatda alnyp barlan işler, “Hassahana bejergisi” atly bölümde bolsa döwrebap enjamlaryň adamyň saglygyny goramakdaky ähmiýeti barada söhbet edilýär.

Täze kitapda milli saglygy goraýyş ulgamynyň kardiologiýa, pulmonologiýa, onkologiýa, endokrinologiýa gulluklarynyň ösüşine aýratyn bölümler bagyşlanypdyr. “Derman senagatynda ösüşler”, “Ilatyň derman serişdeleri bilen üpjünçiligi” atly bölümlerde degişli ugurda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler beýan edilýär. “Melhemli şypahanalar” atly bölümde ýurdumyzyň şypahana ulgamynyň mümkinçilikleri barada durlup geçilýär. Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär derejesiniň hem-de ulgamyň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilişine-de ýörite bölümler bagyşlanypdyr. “Saglygy goraýyşda sanly ulgam” atly bölümde bolsa sanly lukmançylygy ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler kesgitlenilýär. Täze eser “Saglygy goramak döwletiň baş wezipesidir” atly bölüm bilen jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň eseri türkmen, iňlis we rus dillerinde giň okyjylar köpçüligine ýetirilýär.

Tanyşdyrylyş dabarasyndaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly ýaş nesilleri kemala getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, lukmançylyk ulgamyna kämil tehnologiýalary, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmaga döwletimiz tarapyndan uly möçberdäki serişdeler goýberilýär. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, sebitlerimizde dünýä ölçeglerine laýyk enjamlaşdyrylan hassahanalar, saglyk öýleri we merkezleri, şypahanalar, sport toplumlary yzygiderli gurlup, pudagyň üpjünçilik ulgamy döwrebaplaşdyrylýar. Ilata ýokary hilli lukmançylyk kömegi ýola goýlup, saglygy goraýşyň milli nusgasy has-da kämilleşdirilýär. Munuň özi dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli saglygy goraýyş we bejeriş hyzmatlarynyň dürli görnüşleriniň halka elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Şeýle hem ýurdumyzyň derman senagatynyň ösüşine täze itergi berildi. Arkadag şäherinde gurulýan lukmançylyk klasteri bolsa sanlyja ýyldan milli derman senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny ep-esli artdyrar.

Dabara gatnaşyjylaryň nygtaýyşlary ýaly, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän çuňňur oýlanyşykly durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýdyň netijeleridir. Halkymyzyň saglygy we abadançylygy hakyndaky hemmetaraplaýyn alada bolsa «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgeden gözbaş alýan öňdengörüjilikli strategiýanyň baş ugrudyr.

Tanyşdyrylyş dabaralaryndan soňra, Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly ylmy maslahatyň plenar mejlisi geçirildi. Oňa daşary ýurtlaryň birnäçesinden görnükli alym-professorlar, ylymlaryň doktorlary, saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Myhmanlar türkmen kärdeşlerini hünär baýramçylygy bilen gutlap, Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň standartlaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünliklerine, döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdiler. Şunuň bilen baglylykda, saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine garşy tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen täzeçe çemeleşmelere üns çekildi. Çykyşlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullaryny kämilleşdirmek, maşgala lukmançylygy institutyny ösdürmek, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini we görnüşlerini artdyrmak, bejeriş, şypahana edaralarynyň işini has-da gowulandyrmak, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-tehniki üpjünçiligini pugtalandyrmak, lukmançylyk ylmy bilen tejribäniň özara baglanyşygyny berkitmek, lukmanlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek meseleleriniň Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň esasy wezipeleriniň hataryndadygy nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ynsan saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde raýatlaryň saglygyny berkitmek, ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, keselleriň öňüni almak, saglygy goraýyş ulgamyna öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça guwandyryjy işler alnyp barylýar.

Daşary ýurtly myhmanlaryň çykyşlarynda Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde amala aşyrylan işlere ýokary baha berildi. Nygtalyşy ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurtda dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan hassahanalar, ylmy-kliniki merkezler, şypahanalar gurlup ulanmaga berildi. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylda dabaraly ýagdaýda açylan Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň işine aýratyn üns çekildi. Bu merkezde alnyp barylýan ylmy barlaglaryň netijesinde toplanan usulyýet tejribesi keselleriň öňüni almak, olary wagtynda anyklamak we bejermek bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen täze innowasion usullaryň işlenip taýýarlanylmagyna ýardam berýär. Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde ýurdumyzyň tebigy-howa şertleriniň adam saglygyna ýetirýän täsirini öwrenmek boýunça geçirilýän işler barada-da aýdyldy. Merkeziň yssy howa şertleriniň fiziologik meselelerini çözmekde gazanan nazary we amaly üstünliklerine dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berildi. Şunuň bilen baglylykda, ylmy maslahatyň dowamynda merkeziň wekilleri dürli ylmy gözlegleriň ugurlaryny we hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Çykyşlarda bedenterbiýäniň we sportuň halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, parahatçylykly gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ähmiýeti bellenildi. Halkara gatnaşyklarda sportuň ähli görnüşleriniň ösdürilmegini, aýratyn-da, mümkinçilikleri çäkli çagalaryň sporta çekilmegini hem-de olaryň jemgyýete doly derejeli goşulyşmagyny üpjün etmek babatda durmuşa geçirilýän bilelikdäki çäreleri dowam etdirmegiň zerurdygyna üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat aýratyn ähmiýete eýedir. Çagalaryň saglygyny goramakda we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde şeýle forumlaryň uly ähmiýeti bar.

Maslahatyň dowamynda dürli ýurtlaryň lukmançylyk edaralarynda saglygy goraýşyň aýry-aýry ugurlary boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy hem-de bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy hünärmenleri bilen yzygiderli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy hem-de tejribe alşylmagy adamlaryň saglygyny goramakdaky ählumumy wezipeleriň çözgüdine goşulýan umumy goşantdyr.

Ylmy maslahatyň ikinji we üçünji güni lukmançylyk, bilim, ylym we sport ulgamlarynyň 20 ugry boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hem-de saglygy goraýyş edaralarynda geçiriljek bölümçelerde dowam eder. Mundan başga-da, halkara forumyň geçirilýän günlerinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyna degişli düzümlerde Türki dilli ýurtlaryň kardiologlarynyň XI kongresi; Merkezi Aziýa ýurtlarynyň fiziologlarynyň halkara kongresi; «2030-njy ýyla çenli ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesini ýeňeris» atly forum; Ýewraziýa döwletleriniň onkolog lukmanlarynyň halkara maslahaty geçiriler.

Forumyň çäklerinde utgaşykly görnüşde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen B.B.Gorodowikow adyndaky Kalmyk döwlet uniwersitetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Suhumi döwlet uniwersitetiniň (Gruziýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty (Türkmenistan) bilen Norwiç dil bilimi institutynyň (Birleşen Patyşalyk) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Hanoý ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň (Wýetnam) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Perm döwlet milli barlag uniwersitetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Ankara sosial bilimler uniwersitetiniň (Türkiýe Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Ukrainanyň Bioresurslar we tebigatdan peýdalanmak boýunça milli uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Ýokary bilimiň federal döwlet býujet bilim beriş edarasynyň «Kazan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň» arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Westminster uniwersitetiniň (Birleşen Patyşalyk) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty (Türkmenistan) bilen Martin Lýuter adyndaky Galle-Witenberg uniwersitetiniň filosofiýa III — pedagogika ylmy fakultetiniň (Germaniýa Federatiw Respublikasy) arasynda akademiki we medeni hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşyga; Türkmen döwlet maliýe instituty bilen Azerbaýjan Döwlet ykdysady uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Azerbaýjan Döwlet ykdysady uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikdäki 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda satyn almak hyzmatlaryny üpjün etmek babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde 2026 — 2028-nji ýyllar üçin waksinalary we immunizasiýa enjamlaryny satyn almak barada Ylalaşyga gol çekildi.

Şeýlelikde, paýtagtymyzda geçirilýän giň gerimli forum saglygy goraýyşda, ylym-bilimde we sportda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek bolsa oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyzyň esasy ugrudyr.

Soňky habarlar
10.10
Hormatly Prezidentimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki ÇYKYŞY
10.10
Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenildi
10.10
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.10
Ýurdumyzda täze saglygy goraýyş desgalarynyň düýbi tutuldy
10.10
Paýtagtymyzyň saglygy goraýyş düzüminiň binýady berkidilýär
10.10
Mary welaýatynda döwrebap hassahana ulanmaga berildi
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
10.10
Türkmenistanyňsaglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine
top-arrow