Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki ÇYKYŞY
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki ÇYKYŞY
Çap edildi 10.10.2025
98

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Ilki bilen, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Emomali Şaripowiç Rahmona bildirilen myhmansöýerlik we işlemäge döredilen şertler üçin minnetdarlygymy beýan etmäge rugsat ediň!

Halkara syýasatyň häzirki çylşyrymly ýagdaýlarynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy özüni özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk formaty hökmünde görkezýär. Arkalaşyga gatnaşyjylaryň arasynda daşary syýasy, ykdysady, söwda, ynsanperwer hem-de beýleki ugurlar boýunça netijeli dialog alnyp barylýar. Hökümetara we pudagara duşuşyklaryň gurallary ýola goýuldy, medeni hyzmatdaşlyk ösdürilýär, GDA-nyň beýleki köptaraplaýyn düzümlerdir birleşikleriň işine gatnaşmagy giňeldilýär. Bularyň ählisi halklarymyzyň bähbidine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň guraly hökmünde Arkalaşygyň uly kuwwatynyň bardygyna şaýatlyk edýär.

GDA-nyň giňişliginde howpsuzlygyň, durnuklylygyň ygtybarly ulgamyny gorap saklamak bilelikdäki işimiziň möhüm wezipeleriniň biri bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Şunda Türkmenistan ähli agza döwletleriň hoşniýetli goňşuçylygyň, ylalaşygyň we özara düşünişmegiň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy häsiýetnamasy bolmalydygyna gyzyklanma bildirýändiginden ugur alýar. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň çäklerinde syýasy-diplomatik geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmeginiň wajypdygyny bellemek gerek. Olaryň dowamynda netijeli pikir alşylýar. Şeýle duşuşyklar hyzmatdaşlaryň garaýyşlaryny has gowy öwrenmäge we köp halatda özara ylalaşylan çözgütleri işläp taýýarlamaga ýardam berýär. Türkmenistan şeýle geňeşmeleriň ösdürilmegi hem-de häzirki döwrüň wehimlerini nazara almak bilen, olaryň gün tertibine girizilýän meseleleriň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýär.

Halkara hukugyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň berjaý edilmegini GDA-nyň daşary syýasy wezipeleriniň esasylarynyň biri diýip hasaplaýarys. Türkmenistan Baş Assambleýanyň şu gezekki sessiýasynda halkara hukugy goramagyň hem-de pugtalandyrmagyň zerurdygyny anyk beýan etdi. Şeýle hem 2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda Baş Assambleýanyň “Birleşen Milletler Guramasy bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamasynyň kabul edilmegi bilen baglylykda, açylýan mümkinçilikleri doly derejede ulanmak zerur diýip hasaplaýarys. Daşary syýasat edaralarymyza BMG-de bu mesele boýunça ylalaşykly işe girişmegi, geňeşmeler guralyny işläp taýýarlamagy we oňa BMG-ä agza döwletleriň mümkin boldugyça köp sanlysyny çekmegi tabşyrmagy teklip edýäris.

Ykdysady hyzmatdaşlygy GDA-nyň çäklerinde tagallalary we mümkinçilikleri birleşdirmek üçin ileri tutulýan ulgam hasaplaýarys. Häzirki geoykdysady ýagdaýlarda guramanyň ykdysady, önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak, ony beýleki ýurtlar we birleşikler üçin güýçli hem-de peýdaly hyzmatdaşa öwürmek möhüm wezipedir. Onuň çözülmegi Arkalaşygyň içinde ykdysady gatnaşyklary okgunly ösdürmek bilen bir hatarda, GDA-nyň Ýewraziýadaky ornuny pugtalandyrmaga, iri yklym, sebit we halkara taslamalara uzak möhletleýin esasda gatnaşmaga, döwrebap ulag, energetika infrastrukturasyny, senagat we tehnologik hyzmatdaşlyk guşaklyklary döretmäge mümkinçilik berer. Şunda GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüş Strategiýasy esasy ugur görkeziji bolup durýar. Türkmenistan bu Strategiýa doly derejede durmuşa geçirilmeli, ýurtlarymyzyň syýasy ýolbaşçylary tarapyndan hemişe goldanylmaly we oňa bilelikdäki ösüşiň hem-de hyzmatdaşlygyň strategik wezipesi hökmünde seredilmeli diýip hasaplaýar.

Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekýäris. Häzirki wagtda Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ulag-logistika ulgamlary döredilýär. Olar GDA-nyň tutuş giňişligini diýen ýaly gurşap alýar. Şeýlelikde, biziň ýurtlarymyz üçin yklymüsti gatnawlaryň esasy merkezleri bolmak, bu taslamalara häzirki zaman ýörelgelerine we ölçeglerine laýyklykda gatnaşmak üçin diňe bir geografik artykmaçlyklaryny däl, eýsem, tejribesini, önümçilik, tehnologik, hyzmat kuwwatlyklaryny ulanmak üçin hem uly mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Ýewraziýada möhüm logistika merkezleri hökmünde Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitine aýratyn ähmiýet berýär. Munuň netijeli ulanylmagy GDA-nyň ähli ýurtlarynyň ykdysady, söwda, maýa goýum, logistika bähbitlerine hem-de zerurlyklaryna laýyk gelýär diýip hasaplaýaryn.

Şu ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda Hazar deňzi mowzugynyň işjeň ara alnyp maslahatlaşylmagy tötänden däldir. Maslahatda Hazar deňziniň üstaşyr-logistika kuwwatynyň ählumumy ähmiýete eýe bolýandygy nygtaldy. Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Ýewropa we Ýakyn Gündogara, Russiýadan günorta tarapa — Eýrana, Hindistana, Pars aýlagynyň ýurtlaryna gidýän Ýewraziýa gatnawlarynyň esasy ýollary hut Hazar deňzi sebitiniň üstünden geçer. Arkalaşygyň ýurtlary Hazar logistika merkezini döretmäge doly derejede gatnaşmalydyrlar, özara bähbitlilik we ylalaşyk esasynda bu taslamada öz orunlaryny pugtalandyrmalydyrlar. Ozal hem belleýşimiz ýaly, Türkmenistan munuň üçin ýardam bermäge, Hazar deňzindäki port infrastrukturasyny umumy bähbitlere ulanmak mümkinçiligini hyzmatdaşlar bilen ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr.

Şeýle-de ýurdumyz özara söwda, Arkalaşygyň ýurtlarynyň gatnaşmagynda senagat, tehnologik zynjyrlary döretmek, bilelikdäki önümçilik taslamalaryny işläp taýýarlamak ýaly hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryna ünsi çekýär. Dünýä bazarlarynda bäsdeşligiň barha artýan şertlerinde biz — GDA döwletlerine ösüşimiziň ygtybarly we uzak möhletleýin kepilliklerini üpjün etmek, taryhy, düzümleýin artykmaçlyklarymyzy ulanmak arkaly hyzmatdaşlygyň berk we netijeli nusgalaryny döretmek zerurdyr.

Tehnologiýalar we innowasiýalar GDA-nyň ykdysady ösüşiniň hem-de bäsdeşlige ukyplylygynyň möhüm şerti bolup durýar. Häzirki wagtda bu ugra aýratyn üns bermek, tehnologik hyzmatdaşlyga girişmek, bilim hem-de tejribe alyşmalary yzygiderli esasda ýola goýmak zerur diýip hasaplaýarys. Bu prosesde GDA-nyň çäklerindäki ylmy-tehniki dialoga esasy orun berýäris. Arkalaşygyň degişli düzümlerine GDA-nyň ylmy-tehniki, tehnologik ugurly edaralarynyň ornuny pugtalandyrmaga işjeň ýardam bermegi, olaryň hökümetara we pudagara dialoga gatnaşmagyny hem-de çözgütleri kabul etmegini höweslendirmegi tabşyrmaly.

Däp bolşy ýaly, medeni-ynsanperwer ulgam döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlykda aýratyn orny eýeleýär. Munuň özi birek-birege has gowy düşünmäge, ýurtlarymyzda, jemgyýetçilik aňynda esasy gymmatlyklary, sagdyn ahlak we etiki ýörelgeleri berkarar etmäge ýardam berýär. Arkalaşygyň halklarynyň medeni mirasy jemgyýetçilik, syýasy, durmuş ösüşiniň intellektual hem-de ruhy daýanjydyr. Türkmenistan GDA ýurtlary bilen medeniýet, ylym-bilim, sport ulgamlarynda giň gerimli hyzmatdaşlyga berk ygrarlydyr. Biz şeýle gatnaşyklary goldamagy dowam etdireris.

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Bilşiňiz ýaly, şu ýyl Türkmenistan taryhy wakany — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýär. GDA ýurtlarynyň döwletimiziň Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň gözbaşynda durandyklaryny, BMG-de, beýleki halkara guramalarda we forumlarda muňa işjeň ýardam berendiklerini bellemek ýerlikli bolar. Mümkinçilikden peýdalanyp, Arkalaşygyň döwlet Baştutanlaryny ýubileýe bagyşlanyp, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek dabaralara, şeýle hem halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna ýene-de bir gezek çagyrmak isleýärin. Siziň bu ähmiýetli çärelere gatnaşmagyňyz olary üstünlikli geçirmäge möhüm goşant goşar hem-de Türkmenistanyň halkynyň ýokary bahasyna mynasyp bolar.

Sözümiň ahyrynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Emomali Şaripowiç Rahmona şu ýyl ýurdunyň GDA-da netijeli başlyklyk edendigi üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Nikolaýewiç Lebedewe Arkalaşygyň edaralarynyň işini netijeli utgaşdyrýandygy we şu gezekki sammiti geçirmäge uly goşandy üçin minnetdarlyk sözlerimi beýan edýärin.

Soňky habarlar
10.10
Hormatly Prezidentimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki ÇYKYŞY
10.10
Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenildi
10.10
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.10
Ýurdumyzda täze saglygy goraýyş desgalarynyň düýbi tutuldy
10.10
Paýtagtymyzyň saglygy goraýyş düzüminiň binýady berkidilýär
10.10
Mary welaýatynda döwrebap hassahana ulanmaga berildi
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
10.10
Türkmenistanyňsaglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine
top-arrow