Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 10.10.2025
134

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Belent maksatlara ruhlandyrýan, ajaýyp ösüşleriň hem-de köpugurly özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň toýly günlerinde Size «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli Sizi türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, agzybir halkymyzyň mundan beýläk hem abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, içeri we daşary syýasatymyzyň üstünliklere beslenmegi ugrunda alyp barýan beýik başlangyçlaryňyzda uly rowaçlyklary arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň taýsyz tagallalaryňyz bilen ýurdumyzda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimden ugur alnyp, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny halkara derejede ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligi, hili we elýeterliligi has-da ýokarlandyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Siziň baştutanlygyňyzda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap lukmançylyk merkezleriniň, ugurdaş desgalaryň giň gerimde gurulmagy buýsandyryjydyr. Hususan-da, Siziň başlangyçlaryňyz bilen Aşgabat şäherinde, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde köpugurly hassahanalaryň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda saglyk öýüniň gurluşyklarynyň meýilleşdirilmegi diňe bir saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň däl, eýsem, bütin halkymyzyň başyny göge ýetirdi. Bu hünär baýramçylygynyň şanyna «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň geçirilmegi bolsa ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen belent sepgitlere ser salmaga mümkinçilik döredýär.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýylynyň içinde paýtagtymyzy, ýurdumyzyň ähli sebitlerindäki şäherdir obalary gözel görke getirýän beýleki kaşaň binalardyr desgalar bilen birlikde, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap hassahanalar, saglyk öýleri hem gurlup ulanmaga berildi. Aşgabatda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Arkadag şäherinde hassahanalaryň, saglygy goraýyş desgalarynyň birnäçesiniň ulanmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Häzirki döwürde bu ulgama täze, dünýä ülňülerine laýyk gelýän degişli özboluşly binalaryň we desgalaryň birnäçesiniň gurluşygy depginli alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda Arkadag şäherinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň, Aşgabatda Halkara pediatriýa merkeziniň, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän «Arçman» şypahanasynda täze goşmaça bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň we beýleki desgalaryň bolmagy ata Watanymyzda adamlaryň saglygyny goramak babatda edilýän tagallalaryň giň gerime eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Täze taryhy döwürde dünýä tejribesiniň netijeli özleşdirilmegi, halkara hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi bilen, ýurdumyzda ýokanç keselleriň birnäçesi ýok edildi. Türkmen lukmanlary Ýaponiýa, Germaniýa, Awstriýa, Türkiýe, Belarus, Koreýa Respublikasy, Russiýa Federasiýasy ýaly ýurtlaryň ösen klinikalarynda yzygiderli bolup, öz hünärlerini kämilleşdirýärler.

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler halkara derejede ykrar edilýär. Türkmenistan belent halkara münberlerden lukmançylyk diplomatiýasy boýunça möhüm başlangyçlary hem öňe sürýär. Siziň şu ýylyň awgustynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň plenar mejlisindäki çykyşyňyzda «Geljegiň ählumumy lukmançylygy — raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk» başlangyjyny beýan etmegiňiz hem muny doly tassyklaýar. Ýurdumyzyň ilatynyň saglygynyň we abadançylygynyň bähbidine alnyp barylýan işleriň ykrarnamasy hökmünde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasy tarapyndan döwletimize ýörite nyşanyň gowşurylandygy-da guwandyryjydyr.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

«Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli Sizi türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi ugrunda alyp barýan işleriňiz mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, 
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, 
Gahryman Arkadag 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
10.10
Türkmenistanyňsaglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine
10.10
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
10.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady
09.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitine gatnaşdy
09.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
09.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitindäki çykyşy
09.10
Hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa – Russiýa» ikinji Sammitine gatnaşýar
top-arrow