Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 10.10.2025
114

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakalara beslenýän toýly günlerinde uly ruhubelentlikde bellenilýän Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, halkymyzyň bagtyýarlygy, asudalygy, sagdyn durmuşy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň abraý-mertebesiniň has-da belende galmagy ugrunda alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriňiziň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda raýatlaryň saglygynyň mäkäm goraglylygyny üpjün etmek, bu babatda ýokary hilli lukmançylyk we bejeriş, şypahana hyzmatlaryny hödürlemek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, giňden wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Siziň belleýşiňiz ýaly, halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň binýatlyk resminamasy bolup, öňde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ylmy taýdan esaslandyrylan kämil taglymata öwrüldi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu maksatnamanyň kabul edilmegine 30 ýyl dolup, saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň ähmiýetini has-da dabaralandyrdy. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ynsanperwer ýörelgeden ugur alnyp, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde eziz Diýarymyzda ilatyň saglygyny goramak, dürli keselleriň öňüni almak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek babatda giň gerimli çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň raýatlarynyň bagtyýar ýaşamagy, zähmet çekmegi, saglyk goraglylygyny üpjün etmegi üçin iň amatly şertleri döredýän durmuş ugurly syýasaty amala aşyrýan ýurt hökmünde halkara abraýyny has-da artdyrýar.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda täze taryhy döwürde halkymyzyň saglygyny goramak, adam ömrüni uzaltmak, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek babatda amala aşyrylan işler nusgalyk häsiýete eýedir. Bu ugurda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň halkara talaplaryna laýyk gelýän ýöriteleşdirilen anyklaýyş-bejeriş merkezleriniň, hassahanalaryň, şypahanalaryň, derman serişdelerini öndürýän kärhanalaryň gurulmagy adam hakyndaky aladanyň anyk güwäsidir. Olarda hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň, ornaşdyrylan enjamlaryň, döredilen şertleriň halkara güwänamalara mynasyp bolmagy milli saglygy goraýyş ulgamynyň ylmy esaslara, täzeçe çemeleşmelere daýanýandygyny alamatlandyrýar.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Ata-babalarymyzyň belleýşi ýaly, ähli üstünlikleriň, bagtyýarlygyň sakasy adamyň jan saglygy bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler, bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen tutumly işler Siziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer taglymatyňyzyň many-mazmunyny ýene bir ýola dabaralandyrýar. Siz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çuňňur mazmunly çykyşyňyzda hem halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy baradaky aladanyň alyp barýan döwlet syýasatyňyzda möhüm orun eýeleýändigini, saglygy goraýyş ulgamynda halkymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň hödürlenilýändigini nygtadyňyz. Häzirki wagtda halkara derejeli täze saglygy goraýyş merkezleriniň gurluşyklarynyň üstünlikli dowam etdirilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten menzilleri netijelidir, geljegi röwşendir.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Sizi täze taryhy döwrümizde giňden bellenilýän Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, başyňyz dik, mertebäňiz belent, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine amala aşyrýan beýik işleriňiz hemişe rowaç bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, 
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, 
Gahryman Arkadag 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
10.10
Türkmenistanyňsaglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine
10.10
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
10.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady
09.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitine gatnaşdy
09.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
09.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitindäki çykyşy
09.10
Hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa – Russiýa» ikinji Sammitine gatnaşýar
top-arrow