Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyňsaglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine
Syýasy habarlar
Türkmenistanyňsaglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine
Çap edildi 10.10.2025
129

Hormatly saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleri!

Sizi hünär baýramyňyz — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda we ýolbaşçylygynda 30 ýyl mundan ozal kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, milli saglygy goraýyş ulgamyny, onuň maddy-enjamlaýyn hem-de kanunçylyk binýadyny düýpli kämilleşdirmek, jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny berkitmek, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri dowam etdirýäris. Bu ugurda örän möhüm wezipeleri amala aşyryp, gazanylan üstünlikleri berkidýäris.

Paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we welaýatlarymyzda iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman ylmy-kliniki, bejeriş-anyklaýyş merkezlerini, şypahanalary, saglyk öýlerini, ýerli çig maldan derman serişdelerini öndürýän kärhanalary gurup, Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna şöhratly sahypalary ýazýarys. Bu ugurda halkara bileleşik, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ykrar edilen nusgalyk işleri amala aşyrýarys. Telelukmançylyk we telemaslahatlar arkaly özara tejribe alyşmak, amaly lukmançylyga öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak, lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak ýaly möhüm ugurlarda ylmy-lukmançylyk hyzmatdaşlygyny giňeltmäge uly ähmiýet berýäris.

Soňky ýyllarda «Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy», «Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy», «Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» kabul edilip, saglygy goraýyş ulgamynyň işi has-da kämilleşdirildi. Keselleri anyklamak, bejermek, öňüni almak boýunça öňdebaryjy usullary we innowasion tejribeleri ornaşdyrmakda üstünlikler gazanylyp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä ülňüleriniň derejesine çykaryldy. Garaşsyz Diýarymyzda ýokanç we ýokanç däl keseller boýunça durnukly ýagdaý saklanýar.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny yzygiderli ösdürmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir. Soňky döwürde gurlup ulanmaga berlen, kämil enjamlar bilen üpjün edilen bejeriş-anyklaýyş, ylmy-kliniki merkezler, hassahanalar bilen bir hatarda, Arkadag şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, köpugurly hassahana, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Aşgabatda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleri, Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň edara binalary, oba-şäherlerimizde başga-da köp sanly döwrebap lukmançylyk edaralary halkymyza netijeli hyzmat edýär. Şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabat şäherinde saglyk öýüniň, Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň täze, döwrebap binalaryny dabaraly açyp ulanmaga bereris.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Aşgabat şäherinde 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda «Arçman» şypahanasynyň 400 orunlyk täze goşmaça binalar toplumynyň gurluşyklary güýçli depginde dowam edýär. Bulardan başga-da, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanan we üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllyk şanly senesiniň bellenilýän ýylynda Aşgabat şäherinde 500 orunlyk, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk köpugurly hassahanalaryň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbüni tutarys.

Hormatly saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri!

Häzirki döwürde ýurdumyzda has kämil bejeriş usullary ornaşdyrylyp, ilatymyza dünýä lukmançylygynyň ähli hyzmatlary diýen ýaly hödürlenilýär. Arkadag şäherinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilmegi bilen, özümizde dürli lukmançylyk serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Ekologik taýdan arassa ýerli çig mallardan öndürilýän bu önümleriň geljekde dünýä bazarlarynda hem uly orny eýelejekdigine ynanýaryn.

Türkmen lukmanlary hünär derejelerini ýokarlandyrmak, tejribe geçmek üçin Ýewropanyň we beýleki öňdebaryjy döwletleriň saglygy goraýyş merkezlerine yzygiderli iberilýär. Dünýäniň belli lukmançylyk edaralary, ylmy-barlag merkezleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Däp bolan Türkmen-german lukmançylyk forumy munuň aýdyň mysalydyr.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy durmuş goldawyna mätäç ýaşajyk raýatlarymyz baradaky aladany baş maksat edinip, giň gerimli işleri alyp barýar. Gaznadan paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlardaky hassahanalarda dürli operasiýalary geçirmek, ýaş türkmenistanlylaryň bejergileriniň çykdajylaryny tölemek we olara saglygy goraýyş maksatly zerur enjamlary satyn almak üçin serişdeler yzygiderli bölünip berilýär. Häzire çenli gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça howandarlyga mätäç çagalaryň ýüzlerçesinde çylşyrymly operasiýalar, beýleki bejeriş-anyklaýyş işleri geçirildi.

Berkarar Watanymyzda ilatyň saglygyny goramak we berkitmek babatda alnyp barylýan bu işler dünýä jemgyýetçiliginiň, halkara guramalaryň, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň giň goldawyna mynasyp bolýar. Ýurdumyza gowşurylan güwänamalar, sylaglar we beýleki resminamalar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu üstünlikler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda halkymyzyň saglygyny goramak ugrunda alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ajaýyp miweleridir. Biz geljekde hem bu ugurda maksatnamalaýyn özgertmeleri amala aşyrarys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine çykararys.

Hormatly saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleri!

Sizi hünär baýramyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ynsan saglygyny goramak ugrunda alyp barýan asylly işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
10.10
Türkmenistanyňsaglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine
10.10
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
10.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady
09.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitine gatnaşdy
09.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
09.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitindäki çykyşy
09.10
Hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa – Russiýa» ikinji Sammitine gatnaşýar
top-arrow