Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Mary welaýatynda döwrebap hassahana ulanmaga berildi
Jemgyýet
Mary welaýatynda döwrebap hassahana ulanmaga berildi
Çap edildi 10.10.2025
86

Şu gün Mary etrabynyň Täze güýç geňeşliginiň çäginde 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe ajaýyp sowgat boldy. Açylyş dabarasyna Mejlisiň deputatlary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, talyplar gatnaşdylar.

Ir bilen Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň çäginde baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň şowhunly aýdym-sazly, tansly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Dabaranyň başynda Mary welaýatynyň häkimi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagyny okady.

Gutlagda bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda «Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy», «Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy», «Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» kabul edilip, saglygy goraýyş ulgamynyň işi has-da kämilleşdirildi. Keselleri anyklamak, bejermek, öňüni almak boýunça öňdebaryjy usullary we innowasion tejribeleri ornaşdyrmakda üstünlikler gazanylyp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä ülňüleriniň derejesine çykaryldy. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi.

Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen kabul edilen we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny bellediler. Ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş edaralarynyň hereket etmegi, olarda işine ökde hünärmenleriň zähmet çekmegi ilatyň ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün edilmegine ýardam berýär. Türkmenistanda dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary tehnologiýaly lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan täze saglygy goraýyş edaralary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär we bar bolanlarynyň durky täzelenilýär. Mary welaýatynda açylýan täze hassahana hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň çäklerinde gurlup ulanmaga berildi. Bu ýerde döredilen amatly şertler, ornaşdyrylan döwrebap enjamlar ilatyň saglygyny goramakda, ýokanç keselleri anyklamakda, olaryň öňüni almakda täze sepgitlere ýetmäge ýardam berer.

Soňra dabara gatnaşyjylar Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň otaglarynda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar. Döwrebap saglyk merkezi 9 gektara golaý çäkde ýerleşip, onuň gurluşygy “Hil Merkez” hususy kärhanasy tarapyndan alnyp baryldy. Toplum ululy-kiçili desgalaryň 17-sini özünde jemläp, onda kabul ediş, maslahat beriş-anyklaýyş, şöhle bilen anyklaýyş, fizioterapiýa, bakteriologiýa, barlaghana, I-öýken, II-öýken, III-öýken, hirurgiýa, süňk-bogun, çagalar, anesteziologiýa we reanimasiýa, şypahana, dispanser, dolandyryş we hojalyk-tehniki hyzmat ediş bölümleri hereket edýär. Bu bölümleriň otaglary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Beýik Britaniýanyň, Daniýanyň, Germaniýanyň, Niderlandlaryň, Hytaýyň, Polşanyň, Russiýanyň, Şweýsariýanyň, Ýaponiýanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň saglygy goraýyş enjamlary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Olar ýokanç keselleri has irki döwürde takyk anyklamaga, degişli öňüni alyş-bejeriş çäreleriniň meýilnamasyny netijeli işläp düzmäge, näsagyň ýagdaýyna gözegçilik etmäge döwrebap mümkinçilikleri üpjün edýär.

Näsaglaryň hassahana ýerleşdirilmegi kabul ediş we maslahat beriş-anyklaýyş bölümleriniň üsti bilen amala aşyrylýar. Näsaglar barada maglumat almak sanly maglumat ulgamy arkaly ýerine ýetirilýär. Olardan alnan biologik materiallar bolsa pnewmatik wakuum kapsulasy arkaly barlaghana ugradylýar. Maslahat beriş-anyklaýyş bölüminde ýokary tehnologik enjamlar ornaşdyrylan hasaba alyş, iç keseller, newropatolog, endokrinolog, stomatolog, otolaringolog, akuşer-ginekolog, pulmonolog, urolog, hirurg, pediatr, oftalmolog, ambulator ftiziatr lukmanlaryň otaglary ýerleşdirilen. Fizioterapiýa bölüminde ornaşdyrylan ABŞ-nyň öňdebaryjy “Perry Baromedical Corporation” kompaniýasynyň lukmançylyk enjamy barokamera fizioterapewtik bejergilerini geçirmek üçin niýetlenendir. Bu enjamyň kömegi bilen geçirilýän bejerginiň netijesinde dokumalar kislorod bilen baýlaşdyrylyp, umumy gan aýlanyşygynyň gowulanmagy gazanylýar. Yzygiderli fizioterapewtik bejergileriň esasynda bolsa dokumalaryň işjeňligi çalt dikelýär we ýaralar tiz bitýär. Sagaldyş-dikeldiş otagynda ornaşdyrylan “Sport-TeC Gmbh” kompaniýasynyň enjamlar toplumy myşsalaryň güýjüni, hereketini dikeltmekde, deňagramlylygy gowulandyrmakda, spazmlary aýyrmakda, myşsalary berkitmekde, dem alşy kadalaşdyrmakda, şikesden we operasiýadan soň adam bedeniniň kadaly işlemegini gazanmakda uly ähmiýete eýedir.

Hirurgiýa bölüminiň operasion amallar otagynda Germaniýanyň “Aesculap” kompaniýasynyň torokoskop enjamlar toplumy gurnalyp, ol döş kapasasynda we plewral boşlugynda döreýän keselleri takyk anyklamaga, hirurgiki bejergileri geçirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem bölümiň otaglarynda öýken, süňk-bogun kesellerini bejermekde häzirki zaman hirurgiýa usullaryndan netijeli peýdalanmak üçin möhüm enjamlaýyn binýat döredilipdir. Umuman, hirurgiýa bölüminde çylşyrymly gaýraüzülmeler ýüze çykan ýagdaýynda hem näsaglarda bejeriş-dikeldiş operasiýalaryny geçirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Hassahananyň hojalyk-tehniki hyzmat ediş bölüminiň binasynda naharhana, eşik ýuwulýan otag, awtomobil ulag jaýy, transformator, ýyladyş ulgamy, lukmançylyk galyndylaryny zyýansyzlandyrmak we ýok etmek üçin enjamlar toplumy, gipohlorid öndürmek üçin enjamlar toplumy, merkezleşdirilen kislorod öndüriji we paýlaýjy wakuumly ulgamlar ýerleşdirilendir.

Hassahananyň çägi döwrebap derejede abadanlaşdyrylyp, ýaşyl zolaklar döredilipdir. Hassahananyň gurluşygy üçin hut şu ýeriň saýlanyp alynmagy tötänleýin däldir. Bu ýeriň çyglylyk derejesi pes, yssy howasy ýokanç keselleri bejermek üçin amatly gurşawy döredýär. Arassa howa gurşawy bolsa dem alyş ýollarynyň kesellerinden ejir çekýänleriň saglygyny dikeltmekde gymmatly tebigy çeşmedir.

Dabara gatnaşyjylar milli saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesine çykarmak boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigine döwrebap hassahananyň mysalynda ýene-de bir gezek aýdyň göz ýetirdiler. Olar döwletiň iň gymmatly baýlygy hökmünde ilatyň saglygyny goramak babatda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan etdiler.

Dabaranyň dowamynda Mary welaýat inçekesel hassahanasyna hormatly Prezidentimiziň adyndan täze awtoulaglaryň açarlary gowşuryldy. Bu awtoulaglar näsaglara gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini hödürlemekde, anyklaýyş işini göçme usulda alyp barmakda amatly şertleri döredýär. Täze hassahananyň işgärleri döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemekde gujur-gaýratlaryny gaýgyrman zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar. Dabaranyň çäklerinde hassahananyň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Soňky habarlar
10.10
Hormatly Prezidentimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki ÇYKYŞY
10.10
Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenildi
10.10
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.10
Ýurdumyzda täze saglygy goraýyş desgalarynyň düýbi tutuldy
10.10
Paýtagtymyzyň saglygy goraýyş düzüminiň binýady berkidilýär
10.10
Mary welaýatynda döwrebap hassahana ulanmaga berildi
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
10.10
Türkmenistanyňsaglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine
top-arrow