Şu gün Täjigistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy köptaraplaýyn dialog üçin netijeli meýdança bolup, agza döwletleriň arasynda tejribe alyşmak, tagallalary birleşdirmek we häzirki döwrüň derwaýys meselelerini bilelikde çözmek üçin köpri bolup hyzmat edýär. GDA diňe bir ykdysady birleşik bolman, eýsem, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk üçin hem giňişlikdir. Agza ýurtlar söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, infrastrukturany ösdürmek, tehnologiýalary alyşmak boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmenistan deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde bu prosesde aýratyn orny eýeleýär. Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi sebitde ynanyşmagy, durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam berýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy diňe bir ykdysady ösüşe goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, has durnukly we abadan giňişligi döretmäge-de şert döredýär.
Ykdysady gatnaşyklar GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ulag we logistika ýurtlaryň integrasiýasynda aýratyn orny eýeleýär. Esasy ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan täze ugurlary döretmek üçin infrastrukturasyny işjeň ösdürýär. Ýurdumyzyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasy, şeýle hem täze awtomobil, demir ýollaryň gurulmagy Arkalaşygyň ýurtlaryny Hytaý, Ýakyn Gündogar we Ýewropa döwletleri bilen baglanyşdyrýar. Türkmenistanyň bu ugurdaky tagallalary ykdysady ösüşe itergi bermek bilen bir hatarda, sebitleriň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga-da ýardam edýär. GDA-nyň çäklerindäki energetika hyzmatdaşlygy energiýa serişdeleriniň ygtybarly eksport ugurlaryny üpjün etmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan energetika geçelgelerini döretmek boýunça başlangyçlara işjeň gatnaşmak bilen, Gün we ýel elektrik stansiýalary ýaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini hem ösdürýär.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk Arkalaşygyň giňişliginde umumy taryhy mirasy gorap saklamaga ýardam berýär. Türkmenistan bilim ulgamynda GDA ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleri bilen talyplary hem-de mugallymlary alyşmak babatda netijeli işleri alyp barýar. Ýurdumyzy bu gurama girýän döwletler bilen däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, taryhy-medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Türkmenistan Arkalaşygyň çäklerinde däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny görkezýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär.
Şu gezekki mejlisiň gün tertibi hem GDA-nyň giňişliginde integrasiýanyň ähli ugurlaryna degişli möhüm meseleleri öz içine alýar. Şolar boýunça degişli çözgütleriň kabul edilmegi özara gatnaşyklaryň gurallaryny kämilleşdirmäge ýardam berer.
...Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilýän ýerine — “Kasri Millat” köşgüne bardy. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady. Sammite gatnaşýan wekiliýet Baştutanlarynyň resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary gatnaşdylar. Prezident Emomali Rahmon sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Arkalaşygyň giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, dürli ulgamlar boýunça gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak babatda şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleleriň ähmiýetini nygtady. Soňra mejlise gatnaşyjylara söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň özüni özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk formaty hökmünde görkezýändigini, Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda daşary syýasy, ykdysady, söwda, ynsanperwer hem-de beýleki ugurlar boýunça netijeli dialogyň alnyp barylýandygyny belledi.
Nygtalyşy ýaly, hökümetara we pudagara duşuşyklaryň gurallary ýola goýuldy, medeni hyzmatdaşlyk ösdürilýär, GDA-nyň beýleki köptaraplaýyn düzümlerdir birleşikleriň işine gatnaşmagy giňeldilýär. Bularyň ählisi halklarymyzyň bähbidine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň guraly hökmünde Arkalaşygyň uly kuwwatynyň bardygyna şaýatlyk edýär. GDA-nyň giňişliginde howpsuzlygyň, durnuklylygyň ygtybarly ulgamyny gorap saklamak bilelikdäki işimiziň möhüm wezipeleriniň biri bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Şunda Türkmenistan ähli agza döwletleriň hoşniýetli goňşuçylygyň, ylalaşygyň we özara düşünişmegiň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy häsiýetnamasy bolmalydygyna gyzyklanma bildirýändiginden ugur alýar. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň çäklerinde syýasy-diplomatik geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmeginiň wajypdygyny bellemek gerek. Olaryň dowamynda netijeli pikir alşylýar. Şeýle duşuşyklar hyzmatdaşlaryň garaýyşlaryny has gowy öwrenmäge we köp halatda özara ylalaşylan çözgütleri işläp taýýarlamaga ýardam berýär. Türkmenistan şeýle geňeşmeleriň ösdürilmegi hem-de häzirki döwrüň wehimlerini nazara almak bilen, olaryň gün tertibine girizilýän meseleleriň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýär.
Halkara hukugyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň berjaý edilmegini GDA-nyň daşary syýasy wezipeleriniň esasylarynyň biri diýip hasaplaýarys. Türkmenistan Baş Assambleýanyň şu gezekki sessiýasynda halkara hukugy goramagyň hem-de pugtalandyrmagyň zerurdygyny anyk beýan etdi. Şeýle hem 2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda Baş Assambleýanyň “Birleşen Milletler Guramasy bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamasynyň kabul edilmegi bilen baglylykda, açylýan mümkinçilikleri doly derejede ulanmak zerur diýip hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we GDA ýurtlarynyň daşary syýasat edaralaryna BMG-de bu mesele boýunça ylalaşykly işe girişmegi, geňeşmeler mehanizmini işläp taýýarlamagy we oňa BMG-ä agza döwletleriň mümkin boldugyça köp sanlysyny çekmegi tabşyrmagy teklip etdi.
Ykdysady hyzmatdaşlyk GDA-nyň çäklerinde tagallalary we mümkinçilikleri birleşdirmek üçin ileri tutulýan ulgam hasaplanýar. Häzirki geoykdysady ýagdaýlarda guramanyň ykdysady, önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak, ony beýleki ýurtlar we birleşikler üçin güýçli hem-de peýdaly hyzmatdaşa öwürmek möhüm wezipedir. Onuň çözülmegi Arkalaşygyň içinde ykdysady gatnaşyklary okgunly ösdürmek bilen bir hatarda, GDA-nyň Ýewraziýadaky ornuny pugtalandyrmaga, iri yklym, sebit we halkara taslamalara uzak möhletleýin esasda gatnaşmaga, döwrebap ulag, energetika infrastrukturasyny, senagat we tehnologik hyzmatdaşlyk guşaklyklary döretmäge mümkinçilik berer. Şunda GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüş Strategiýasy esasy ugur görkeziji bolup durýar. Türkmenistan bu Strategiýa doly derejede durmuşa geçirilmeli, ýurtlarymyzyň syýasy ýolbaşçylary tarapyndan hemişe goldanylmaly we oňa bilelikdäki ösüşiň hem-de hyzmatdaşlygyň strategik wezipesi hökmünde seredilmeli diýip hasaplaýar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga üns çekdi.
Häzirki wagtda Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ulag-logistika ulgamlary döredilýär. Olar GDA-nyň tutuş giňişligini diýen ýaly gurşap alýar. Şeýlelikde, biziň ýurtlarymyz üçin yklymüsti gatnawlaryň esasy merkezleri bolmak, bu taslamalara häzirki zaman ýörelgelerine we ölçeglerine laýyklykda gatnaşmak üçin diňe bir geografik artykmaçlyklaryny däl, eýsem, tejribesini, önümçilik, tehnologik, hyzmat kuwwatlyklaryny ulanmak üçin hem uly mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Ýewraziýada möhüm logistika merkezleri hökmünde Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitine aýratyn ähmiýet berýär. Munuň netijeli ulanylmagy GDA-nyň ähli ýurtlarynyň ykdysady, söwda, maýa goýum, logistika bähbitlerine hem-de zerurlyklaryna laýyk gelýär.
Şu ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda Hazar deňzi mowzugynyň işjeň ara alnyp maslahatlaşylmagy tötänden däldir. Maslahatda Hazar deňziniň üstaşyr-logistika kuwwatynyň ählumumy ähmiýete eýe bolýandygy nygtaldy. Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Ýewropa we Ýakyn Gündogara, Russiýadan günorta tarapa — Eýrana, Hindistana, Pars aýlagynyň ýurtlaryna gidýän Ýewraziýa gatnawlarynyň esasy ýollary hut Hazar deňzi sebitiniň üstünden geçer. Arkalaşygyň ýurtlary Hazar logistika merkezini döretmäge doly derejede gatnaşmalydyrlar, özara bähbitlilik we ylalaşyk esasynda bu taslamada öz orunlaryny pugtalandyrmalydyrlar diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam etdi hem-de Türkmenistanyň munuň üçin ýardam bermäge, Hazar deňzindäki port infrastrukturasyny umumy bähbitlere ulanmak mümkinçiligini hyzmatdaşlar bilen ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady.
Ýurdumyz özara söwda, Arkalaşygyň ýurtlarynyň gatnaşmagynda senagat, tehnologik zynjyrlary döretmek, bilelikdäki önümçilik taslamalaryny işläp taýýarlamak ýaly hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryna ünsi çekýär. Dünýä bazarlarynda bäsdeşligiň barha artýan şertlerinde biz — GDA döwletlerine ösüşimiziň ygtybarly we uzak möhletleýin kepilliklerini üpjün etmek, taryhy, düzümleýin artykmaçlyklarymyzy ulanmak arkaly hyzmatdaşlygyň berk we netijeli nusgalaryny döretmek zerurdyr. Tehnologiýalar we innowasiýalar GDA-nyň ykdysady ösüşiniň hem-de bäsdeşlige ukyplylygynyň möhüm şerti bolup durýar. Häzirki wagtda bu ugra aýratyn üns bermek, tehnologik hyzmatdaşlyga girişmek, bilim hem-de tejribe alyşmalary yzygiderli esasda ýola goýmak zerur diýip hasaplaýarys. Bu prosesde GDA-nyň çäklerindäki ylmy-tehniki dialoga esasy orun berýäris. Arkalaşygyň degişli düzümlerine GDA-nyň ylmy-tehniki, tehnologik ugurly edaralarynyň ornuny pugtalandyrmaga işjeň ýardam bermegi, olaryň hökümetara we pudagara dialoga gatnaşmagyny hem-de çözgütleri kabul etmegini höweslendirmegi tabşyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Däp bolşy ýaly, medeni-ynsanperwer ulgam döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlykda aýratyn orny eýeleýär. Munuň özi birek-birege has gowy düşünmäge, ýurtlarymyzda, jemgyýetçilik aňynda esasy gymmatlyklary, sagdyn ahlak we etiki ýörelgeleri berkarar etmäge ýardam berýär. Arkalaşygyň halklarynyň medeni mirasy jemgyýetçilik, syýasy we durmuş ösüşiniň intellektual hem-de ruhy daýanjydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we Türkmenistanyň GDA ýurtlary bilen medeni, ylym, bilim, sport ulgamlarynda giň gerimli hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygyny, şeýle gatnaşyklaryň goldanylmagynyň dowam etdiriljekdigini tassyklady.
Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Türkmenistanyň taryhy wakany — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýändigini aýdyp, GDA ýurtlarynyň döwletimiziň Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň gözbaşynda durandyklaryny, BMG-de, beýleki halkara guramalarda we forumlarda muňa işjeň ýardam berendiklerini nygtady hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Arkalaşygyň döwlet Baştutanlaryny şanly senä bagyşlanyp, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek dabaralara, halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga çagyrdy. Siziň bu ähmiýetli çärelere gatnaşmagyňyz olary üstünlikli geçirmäge möhüm goşant goşar hem-de Türkmenistanyň halkynyň ýokary bahasyna mynasyp bolar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona şu ýyl ýurdunyň GDA-da netijeli başlyklyk edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Nikolaýewiç Lebedewe Arkalaşygyň edaralarynyň işini netijeli utgaşdyrýandygy we şu gezekki sammiti geçirmäge uly goşandy üçin minnetdarlyk sözleri beýan edildi.
Soňra 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegiň Türkmenistana geçýändigi hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geljek ýylyň 9-njy oktýabrynda ýurdumyzda geçirmek baradaky çözgütler yglan edildi.
Soňra ýokary derejedäki duşuşyk öz işini giňişleýin düzümde dowam etdi. Täjigistanyň Prezidenti geljek ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegiň Türkmenistana geçýändigini aýdyp, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa söz berdi.
Döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýylda GDA-da Türkmenistanyň başlyklyk etmegi baradaky kabul edilen çözgüt üçin minnetdarlyk bildirip, munuň ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistana bildirilen hormatyň we ynamyň nyşany, ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ösüşine goşýan goşandynyň ykrarnamasy hökmünde kabul edilýändigini aýtdy. “Biz bilelikde çözmeli wezipelerimiziň gerimine doly derejede düşünmek bilen, Arkalaşykda başlyklyk wezipesine jogapkärçilikli çemeleşeris. Ýakyn wagtda Türkmenistanyň GDA-daky başlyklygynyň Konsepsiýasy işlenip taýýarlanylar. Onda, biziň pikirimizçe, häzirki wagtda has derwaýys zerurlyklar nazara alnyp, döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň çemeleşmeleri beýan ediler. Resminama diplomatik ýollar arkaly Arkalaşygyň ýurtlaryna öz wagtynda iberiler. Türkmenistanyň bu möhüm wezipä girişmeginiň öňüsyrasynda GDA-nyň mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmek, Arkalaşygyň döwletlerini netijeli ösdürmek, ýurtlarymyzyň halklarynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermegi başlyklyk döwründe öz baş maksadymyz hasaplaýandygymyzy aýtmak isleýärin” diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we Arkalaşygyň binýadyna goýlan ýörelgelerdir maksatlara eýermegiň Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk ediji döwlet hökmünde alyp barjak işiniň möhüm häsiýetnamasy boljakdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz GDA-nyň mundan beýläk-de oňa agza ýurtlaryň hoşmeýilli erkine, deňhukuklylyga we özara hormat goýmaga, her bir ýurduň milli bähbitlerine esaslanýan hyzmatdaşlygynyň möhüm guraly bolup hyzmat etjekdigine berk ynam bildirip, hut şu ýagdaýyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny we gözýetimlerini açmaga ýardam berýändigini, halkara durnuklylygyň, howpsuzlygyň şertleriniň biri hökmünde Arkalaşygyň durmuşa ukyplylygyny üpjün edýändigini belledi hem-de kabul edilen çözgüt we bildirilen ynam üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Prezident Emomali Rahmon çykyşy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, başlyklyk döwründe Türkmenistana üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem sammitiň çäklerinde Arkalaşygyň şu ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň netijeleri seljerildi, geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler anyklaşdyryldy, halkara we sebit durmuşynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy. Sammitiň jemleri boýunça birnäçe resminamalar kabul edildi.
Täjigistan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäheriniň Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitine hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmagy Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi. Ýurdumyz umumy meseleler üçin innowasion çözgütleri teklip edip, Arkalaşykda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde öz ornuny pugtalandyrmagy dowam etdirýär.