Sizi Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän «Magtymguly Pyragy we türkmen halkynyň Garaşsyz döwletlilik taglymaty» atly halkara maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu gün Diýarymyzyň gündogar welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň taryhy-binagärlik ýadygärliklerini öwrenmek we gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini hem-de kino sungatynyň ýeten sepgitlerini açyp görkezýän dabaralar boldy.
Şu gün paýtagtymyzda “Azyk howpsuzlygy ugrunda halkara hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirildi. Oňa Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, daşary syýasat edarasynyň hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň wekilleri, birnäçe ylmy-barlag edaralarynyň işgärleri, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary, şeýle hem sanly ulgam arkaly daşary ýurtly alymlar gatnaşdylar.
25-nji iýunda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň hem-de Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň ekerançylary galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Olar Watan harmanyna, degişlilikde, 18 müň 500 tonnadan gowrak hem-de 4 müň 300 tonnadan gowrak bugdaý tabşyrdylar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşky gurşawy goramak boýunça döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak we onuň täsirini azaltmak boýunça işleriň esasy ugurlaryny kesgitlemek, ekoulgamlaryň we tokaý hojalygynyň howanyň üýtgemegine durnuklylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem “Rejelenen görnüşdäki Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna seredildi.
Medeniýet hepdeliginiň bu güni köpöwüşginli çykyşlara baý boldy. Onuň maksatnamasy ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň dürli künjeklerinde geçirilen, iň gowy däpleriň, ynsanperwer ýörelgeleriň bitewüligini alamatlandyrýan birnäçe çäreleri öz içine aldy.
Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda türkmen gallaçylary uly zähmet üstünliklerini gazanýarlar. Ýurdumyzyň ekerançylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, şu ýyl bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirdiler.
Şu gün Farap etrabynyň Farap şäherinde “Çagalar dünýäsi” çagalar medeni-dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy.
Şu gün paýtagtymyzda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylarynyň BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekili Kristina Weýgand bilen duşuşygy geçirildi.