Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY
Çap edildi 08.05.2026
766

Eziz watandaşlar!
Hormatly myhmanlar!

Biz şu gün ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşýarys. Men siziň ähliňizi bu şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hormatly adamlar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyny ösdürmek, milli deňiz pudagyny kämilleşdirmek maksady bilen, ýolagçy we ýük dolanyşygynyň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Üstaşyr, halkara ýük gatnawlaryny has-da giňeltmek üçin netijeli işler alnyp barylýar. Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça halkara üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde Türkmenistanyň möhüm ornuny aýratyn bellemek isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda täze demir we awtoulag ýollaryny, döwrebap Halkara howa menzillerini, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny öz içine alýan kuwwatly ulag-logistika ulgamy döredildi.

Bitarap döwletimiz ulag diplomatiýasyny yzygiderli ösdürip, halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýar. 2013-nji ýyldan bäri ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan halkara ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 6 sany Kararnama kabul edildi. Bu möhüm Kararnamalar dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapdy. 2016-njy ýylda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty ýokary derejede geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzda ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan köp sanly halkara maslahatlar, sergiler we beýleki çäreler yzygiderli geçirilýär.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Häzirki döwürde biz gadymy Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap görnüşde dikeltmek ugrunda ähli tagallalary edýäris. Bu ugurda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde hem netijeli işler alnyp barylýar. 2018-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde möhüm waka boldy. Häzirki wagtda bu zawodyň işi deňiz-derýa ulaglary pudagynyň ösüşine mynasyp goşant goşýar. «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna halkara derejede birnäçe şahadatnama gowşuryldy. Munuň özi döwrebap ýük gämileriniň gurluşyk işlerini alyp barmakda uly ähmiýete eýedir. Bu günki gün ýurdumyzda ýük gämisini gurmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlan «Gadamly» gämisi gury ýüklere niýetlenendir. Onuň ýük göterijiligi 6 müň 100 tonna deň. Häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu gämi her biri 20 tonnalyk 240 sany ýük konteýnerini daşamaga ukyplydyr. Gämigurluşyk taslamasyny amala aşyrmakda biziň hünärmenlerimiz koreýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde netijeli iş alyp bardylar.

Hormatly adamlar!

Koreýaly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde ýerli hünärmenlerimiz tarapyndan şu ýylyň dowamynda ýük gämileriniň ýene biri — «Menzil» ýük gämisi hem ulanmaga berler. Ýurdumyzda ýük gämileriniň ulanmaga berilmegi milli deňiz-söwda flotunyň mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge ýardam berer. Şeýle hem munuň özi Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen ugradylýan, ýurdumyza getirilýän we üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberini artdyrar. Şunuň bilen baglylykda, Hazarýaka döwletlere öz ýüzüşlerini amala aşyrjak bu gämileriň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly adamlar!
Gadyrly dabara gatnaşyjylar!

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda «Gadamly» ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Soňky habarlar
29.05
Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisine hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisine gatnaşyjylara
29.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
29.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
28.05
Parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly bilen
28.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
28.05
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.05
Türk­men hal­ky­nyň baý ru­hy dün­ýä­si­niň, kö­pa­syr­lyk däp-des­sur­la­ry­nyň da­ba­ra­lan­ma­sy
27.05
Ru­hy tä­miz­li­giň we kämilligiň baý­ra­my
27.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
top-arrow