Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Daýhanlar bol hasyly ýetişdirýäler
Ykdysadyýet
Daýhanlar bol hasyly ýetişdirýäler
Çap edildi 25.06.2021
4202

25-nji iýunda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň hem-de Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň ekerançylary galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Olar Watan harmanyna, degişlilikde, 18 müň 500 tonnadan gowrak hem-de 4 müň 300 tonnadan gowrak bugdaý tabşyrdylar.

Daýhanlaryň ýetişdiren bol hasyly ýurdumyzyň gallaçylarynyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba ýaşaýjylarynyň abadançylygyny ýokarlandyrmak we ýaşaýyş-durmuşy hem-de zähmeti üçin has oňaýly şertleri döretmek, umuman, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe obasenagat toplumyny ösdürmek baradaky yzygiderli aladasyna mynasyp jogapdyr.

Satyn alyş nyrhlarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, daýhan birleşiklerine, kärendeçilere, telekeçilere oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak üçin ýeňillikli karzlaryň berilmegi ekerançylaryň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga we has ýokary hasyl almaga gyzyklanmasyny artdyrmaga ýardam edýär.

Şeýle hem suw desgalarynyň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň gurluşygyna, öňdebaryjy agrotehnikalaryň ornaşdyrylmagyna, ylmy işläp taýýarlamalara, tohumçylyk işini ösdürmäge, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga uly üns berilýär.

Edermen gallaçylar hormatly Prezidentimize daýhanlar barada hemmetaraplaýyn alada edýändigi, ekerançylaryň netijeli zähmet çekmegi babatda ähli şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýetişdirilen bol hasylyň öz wagtynda we iň soňky dänesine çenli ýygnalyp alynjakdygyna ynandyrdylar. Olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek üçin bilimini, güýç-gaýratyny we tejribesini gaýgyrmajakdygyny nygtadylar.

Soňky habarlar
26.10
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
25.10
“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşiginde ýeňiji bolan türkmen alabaý itiniň eýesini “Toýota Camry” kysymly ýeňil awtoulagy bilen sylaglamak bellenildi
25.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
25.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi
24.10
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisi
24.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow