Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Medeniýet hepdeligi — 2021: dördünji gün
Medeniýet
Medeniýet hepdeligi — 2021: dördünji gün
Çap edildi 25.06.2021
2221

Şu gün Diýarymyzyň gündogar welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň taryhy-binagärlik ýadygärliklerini öwrenmek we gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini hem-de kino sungatynyň ýeten sepgitlerini açyp görkezýän dabaralar boldy.

Ir säher bilen muzeý işiniň hünärmenleri, döredijilik işgärleri we sungat ussatlary taryhy-medeni desgalaryň ýerleşýän ýerlerine bardylar hem-de şol ýerde ýerli ilat we hünärmenler bilen duşuşdylar.

Tanyşdyrylyş gezelenjiň çäklerinde Kerki etrabynda Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Türkmenistanda XI asyryň binagärliginiň iň gowy nusgalarynyň biri bolan Alamberdaryň kümmetine hem-de XI-XII asyrlara degişli metjitden we kümmetden ybarat bolan Astanababa ýadygärlik toplumyna hem-de Farap etrabynyň çäginde ýerleşýän Beýik Ýüpek ýolunyň demirgazyk böleginde müň ýyl mundan ozal gurlan Daýahatyn kerwensaraýyna we gadymy Amul şäherine baryp gördüler.

Adamzat medeniýetiniň bir bölegi bolan taryhy desgalary gaýtadan dikeltmek, öwrenmek we wagyz etmek boýunça hünärmenleriň alyp barýan ylmy-barlag işleri barada gürrüň berildi.

Türkmen halkynyň taryhy kökleriniň gadymylygynyň, onuň adamzat medeniýetine goşan goşandynyň nusgasy bolan bu ýadygärliklere baryp görmek däpleriň dowamatlylygyna, olaryň şu günki ösüşine bagyşlanyp geçirilen döredijilik forumyň möhüm bölegi boldy.

Bu mowzuk etraplaryň medeniýet öýlerinde guralan “Arkadagly Watanda sarpalydyr sungatymyz” atly döredijilik duşuşyklarynda öz beýanyny tapdy.

Çykyşlarda ýurdumyzda amala aşyrylýan ynsanperwerlik syýasaty, onuň ileri tutulýan ugurlary, hususan-da, halkymyzyň baý medeni mirasyny we ýeten sepgitlerini halkara derejede wagyz etmek hem-de ýaş nesilleri ruhy-ahlak hem-de watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan içeri we daşary syýasat, medeniýet ulgamyna berilýän hemmetaraplaýyn goldaw-hemaýat bu ulgamyň ägirt uly kuwwatyny ýüze çykarmaga giň mümkinçilikler açýar. Şunuň bilen baglylykda, foruma gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyza öz hoşallyklaryny bildirdiler hem-de öňlerinde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerini aýtdylar.

Halk hem-de häzirki zaman estrada aýdymlaryny ýerine ýetiren ýurdumyzyň bagşy-sazandalary we tanymal şahyrlary bilen geçirilen duşuşyklar welaýatyň ilaty üçin hakyky sowgat boldy.

Türkmenabat şäheriniň Medeniýet öýünde ýurdumyzyň kino sungatynyň wekilleri bilen bolan duşuşyk Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gazananlaryny giňden wagyz etmäge bagyşlandy.

Türkmen kino sungaty baý hem-de şöhratly taryhy geçmişe eýedir. Kinematografiýaçylaryň häzirki nesli iň gowy däpleri ösdürmek bilen, halkymyzyň ruhy taýdan ösmeginde hem-de ýaşlaryň watansöýüjilik we ahlak taýdan terbiýelenmeginde sungatyň bu görnüşiniň uly mümkinçiliklerini doly derejede ulanmaga çalyşýarlar.

Kinematografiýaçylar Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde kino düşürmek bilen bagly alyp barýan işleri barada gürrüň berdiler we ýygnananlaryň köp sanly sowallaryna jogap berdiler.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde kino görkezilişler guraldy, kinolentalar dürli žanrlarda bolup, olaryň köpüsi Amyderýanyň kenaryndaky şäherde ilkinji gezek görkezildi. Tomaşaçylar doly möçberli we gysga möçberli çeper filmlere tomaşa etdiler: olaryň içinde “Obada bolan waka” komediýasy, “Göroglynyň döreýşi” taryhy kinopowesti, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eseri esasynda düşürilen “Jeýhunyň ýakasy”, oba ýaşlary barada “Ene toprak”, türkmen awiatorlaryna bagyşlanan “Ülkämiň kuwwatly ganaty” hem-de sporta bagyşlanan “Kämillige ýol” filmleri we “Paý” atly täze multfilm, şeýle hem “Aşgabat bahary” festiwalynyň ýeňijileri bolan “Meniň kakam”, “Netije”, “Owaz”, “Aktýor” gysga ölçegli filmler bar.

Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara üç dost — ýaş esgerleriň ykbaly barada gürrüň berýän iki bölümli “Durmuş kyssalary” atly kinofilm görkezildi.

Kinematografiýaçylaryň bu işleri türkmen halkynyň öz däp-dessurlaryna aýawly garamagy, Watana bolan söýgini, edermenligi, pähim-paýhasy, asyllylygy beýan etmek bilen, tomaşaçylara ruhy gymmatlyklary aýap saklamagy we artdyrmagy ündew edýär.

Lebap welaýatynyň merkezinde geçirilen döredijilik çäresinde “Bitaraplyk” seýilgähinde, suw howdanynyň ýanynda ýerleşen, Türkmenabadyň gözel künjekleriniň biri bolan “Türkmeniň toý döwresi” sahna meýdançasy işjeň ulanyldy. Şu gün Mary we Lebap welaýatlarynyň sungat ussatlary Amyderýanyň kenaryndaky şäheriň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ajaýyp aýdym-sazlardan we tanslardan lezzet almaga çagyrdylar.

Soňky habarlar
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
top-arrow