Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan — ÝUNISEF: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda hyzmatdaşlyk
Syýasy habarlar
Türkmenistan — ÝUNISEF: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda hyzmatdaşlyk
Çap edildi 24.06.2021
1496

Şu gün paýtagtymyzda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylarynyň BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekili Kristina Weýgand bilen duşuşygy geçirildi. Onuň gün tertibine hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen 2021 — 2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlygyň Ýurt maksatnamasyny hem-de ýerlerde ýokary hilli hyzmatlary ornaşdyrmak arkaly durmuş goraglylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça DÖM-niň Bilelikdäki maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümi bilen işjeň hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde dürli ulgamlarda, şol sanda bilelikde maliýeleşdirmek boýunça taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygy we durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

Durnukly ösüş maksatlarynyň, şol sanda harajatlary utgaşdyrmagyň we olara baha bermegiň monitoringi, bu işleri utgaşdyrmak babatynda ýurdumyzyň degişli düzümleri bilen gatnaşyklar şu duşuşykda garalan meseleleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda DÖM-e ýetmek meselesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Türkmenistan şu ugurda işjeň çäreleri amala aşyrmak bilen, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Daşary işler ministrligi utgaşdyryjylar hökmünde çykyş edýärler. Türkmen tarapy 2019-njy ýylda ýurdumyzyň birinji Meýletin milli synynyň taýýarlanylandygyny hem-de BMG-ä hödürlenendigini belläp, DÖM-niň kabul edilen görkezijilerini beýan etmegiň usulyýetiniň üstünde häzirki wagtda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. Bu ulgamda geçirilýän ähli işler DÖM boýunça hasabatlylygy gowulandyrmaga ýardam bermelidir.

Ýurt maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşyny ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde ÝUNISEF-niň biziň ýurdumyzyň Hökümetine “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda”, “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllarda Milli strategiýada”, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllarda hereketleriň Milli meýilnamasynda” kesgitlenilen wezipeleri çözmäge ýardam bermäge taýýardygy beýan edildi.

Duşuşygyň dowamynda ilatyň abadançylygynyň we durmuşynyň hiliniň durnukly ösüşini üpjün etmegiň, adam mümkinçiliklerini ösdürmek üçin mynasyp şertleriň döredilmeginiň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biridigi hem nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ýerlerde maşgala abadançylygyna gönükdirilen ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny hödürlemekde Türkmenistanyň işjeň orny bellenildi. Munuň özi durmuş ulgamynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan tassyklanylan durmuş goraglylygynyň möhüm bölegi bolup durýar.

Duşuşyga gatnaşyjylar netijeli hyzmatdaşlygy geljekde hem işjeňleşdirmek barada aýdyp, ýakyn geljek üçin gatnaşyklary giňeltmek boýunça anyk çäreleri kesgitlediler.

Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow