Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Galla oragynyň ýokary depginleri
Ykdysadyýet
Galla oragynyň ýokary depginleri
Çap edildi 24.06.2021
2559

Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda türkmen gallaçylary uly zähmet üstünliklerini gazanýarlar. Ýurdumyzyň ekerançylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, şu ýyl bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirdiler.

Galla oragy möwsüminde daýhanlar işleriň depginini günsaýyn güýçlendirýärler. Şonuň netijesinde, galla tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirýän etraplaryň sany barha artýar.

23-nji iýunda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň gallaçylary Watan harmanyna 41 müň 200 tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, döwlet Baştutanymyza şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler.

24-nji iýunda bolsa Mary welaýatynyň Mary etrabynyň gallaçy kärendeçileri 37 müň 200 tonnadan gowrak, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň hasyl ussatlary bolsa 28 müň 500 tonnadan gowrak dänäni döwlet harmanyna tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler.

Watanymyzyň daýhanlarynyň gazanýan zähmet ýeňişleri şanly Garaşsyzlygymyzyň baýramçylygyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde öňde durýan wezipeleriň abraý bilen hötdesinden gelinjekdigine ynam döredýär.

Oba hojalyk pudagyny ösdürmek meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Welaýatlary mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, Türkmen döwletini has-da ösdürmek we ilatyň abadançylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, obasenagat toplumyna ägirt uly maýa serişdeleri gönükdirilýär.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow