Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar
Jemgyýet
Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar
Çap edildi 09.05.2026
21

Şu gün ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy bellenildi. Şanly sene mynasybetli «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasy boldy.

Ýurdumyzda Ýeňiş güni nesillerde gaýduwsyzlygy, edermenligi, ynsanperwerligi terbiýeleýän şanly sene hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilýär. Merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylygy Watanymyza, halkymyza we tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir. Adamzada parahatçylyk we asudalyk ýaly bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary peşgeş beren weteranlarymyza ýurdumyzda uly hormat goýulýar. Olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär.

Milli gahrymanlaryny hatyralamak türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň biri bolup durýar. Şolaryň arasynda Beýik Watançylyk urşunyň ýowuz söweşlerine gatnaşanlar aýratyn sarpalanylýar. Häzirki döwürde Ýeňiş güni aýratyn dabara bilen bellenilip, ol nesilleriň özara baglanyşygyny, halkymyzyň parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny we geçmişine goýýan belent sarpasyny alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ildeşlerimize milli gahrymanlarymyz baradaky hakydany gorap saklamagyň we ebedileşdirmegiň mynasyp nusgasyny görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak hakynda Permana gol çekmegi merdana pederlerimiziň Watan öňünde bitiren hyzmatlaryna aýratyn hormat goýulýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Soňky habarlar
09.05
Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY
08.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
08.05
«Türkmennebit» döwlet konsernine «Nur Mimar» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamana baglaşmaga ygtyýar berildi
08.05
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açylar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
top-arrow