Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Azyk howpsuzlygy — durnukly ösüşiň möhüm şerti
Jemgyýet
Azyk howpsuzlygy — durnukly ösüşiň möhüm şerti
Çap edildi 25.06.2021
5086

Şu gün paýtagtymyzda “Azyk howpsuzlygy ugrunda halkara hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirildi. Oňa Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, daşary syýasat edarasynyň hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň wekilleri, birnäçe ylmy-barlag edaralarynyň işgärleri, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary, şeýle hem sanly ulgam arkaly daşary ýurtly alymlar gatnaşdylar.

Forumda azyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugra Türkmenistan BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyna uly üns berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, döwrebap obasenagat düzüminiň döredilmegine maýa goýumlary gönükdirilýär.

Ýurdumyzyň oba hojalygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň hem-de döwlet tarapyndan kiçi we orta telekeçiligiň hemmetaraplaýyn goldanylmagy netijesinde azyk bolçulygyny üpjün etmekde uly üstünlikler gazanylýar. Bu bolsa ilatyň abadan durmuşynyň möhüm şertidir. Obasenagat toplumyny kämilleşdirmek we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, şol sanda ýer we suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmagyň, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň, häzirki zaman tehnologiýalary, oba hojalyk ylmynyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmagyň hasabyna oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmak maksady bilen anyk çäreler görülýär. Häzirki wagtda däneçilik we pagtaçylyk bilen bir hatarda, maldarçylyk, guşçulyk, ekerançylyk, miweçilik, üzümçilik, bakjaçylyk, balçylyk hem-de oba hojalyk işewürliginiň beýleki görnüşleri işjeň ösdürilýär.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi milli ykdysadyýetimiziň azyk pudagyny ösdürmek, ilatyň azyk önümlerine bolan islegini giň möçberde we ýokary hilli kanagatlandyrmak ugrunda möhüm ädim boldy. Şol maksatnamanyň çäklerinde eýýäm onlarça taslamalar, şol sanda oba hojalygynda we azyk senagatynda taslamalar amala aşyryldy. Her welaýatda azyk ulgamlary döredilýär, iri maldarçylyk we guşçulyk, ýyladyşhana toplumlary gurulýar.

Maslahatda seçgiçilik, sort-synag we tohumçylyk ulgamlarynda GDA döwletlerindäki hem-de Türkmenistandaky işleriň ýagdaýy, kesellere we zyýankeşlere garşy durnukly, ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan oba hojalyk ekinleriniň täze sortlaryny döretmek, ornaşdyrmak boýunça ylmy-barlag işleri barada habarlar diňlenildi.

Bu baradaky meseleler bilen GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň wekilleri, Bütinrussiýa mekgejöwen ylmy-barlag institutynyň, Bütinrussiýa şalyçylyk ylmy-barlag institutynyň, Russiýa Federasiýasynyň gök ekerançylyk federal ylmy merkeziniň, Russiýa Federasiýasynyň ot-iýmlik federal ylmy merkeziniň, Özbegistan Respublikasynyň Andižan dänelik we kösükli däneli ekinler ylmy-barlag institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň ýolbaşçylary hem-de ylmy işgärleri we beýlekiler çykyş etdiler.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen, ilkinji nobatda, öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalaryny peýdalanmak babatda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň möhümdigi bellenildi.

Soňky habarlar
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
top-arrow