Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Çagalar baradaky alada — Garaşsyz Türkmenistanyň nurana geljeginiň kepili
Jemgyýet
Çagalar baradaky alada — Garaşsyz Türkmenistanyň nurana geljeginiň kepili
Çap edildi 24.06.2021
5058

Şu gün Farap etrabynyň Farap şäherinde “Çagalar dünýäsi” çagalar medeni-dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy.

Ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan hemmetaraplaýyn ösüşi we ähli ugurlarda durnukly ýagdaýyň saklanmagy bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanýar.

Döwlet Baştutanymyzyň Lebap welaýatyna bolan iş saparynyň çäklerinde Kerki şäherinde Halkara howa menzilini, welaýatyň edara ediş merkezi bolan Türkmenabat şäheriniň täze binagärlik keşbine öwrülen “Türkmeniň ak öýi” binasyny ulanmaga bermek dabaralar munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň gündogar sebitinde şu günler milli Liderimiziň başlangyjy boýunça her ýylda geçirilýän we halkymyzyň köpöwüşginli medeniýetiniň ösdürilmegini, ruhy taýdan galkynmagyny şertlendirýän Medeniýet hepdeliginiň uly üstünlik bilen geçýändigini bellemek gerek.

Soňky ýyllarda eziz Diýarymyzda gazanylýan ägirt uly üstünlikler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýändigini we sebitleriň keşbiniň barha özgerýändigini aýdyň görkezýär.

Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän Farap etraby hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen her ýylda geçirilýän welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasyndaky bäsleşigiň 2016-njy ýylyň jemleri boýunça ýeňijisi boldy. Döwlet Baştutanymyzyň 2017-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde, däne we pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekde, medeni-durmuş maksatly desgalary gurmakda, ilaty sport bilen meşgullanmaga çekmekde we beýleki ugurlardaky netijeleri göz öňünde tutulyp Lebap welaýatynyň Farap etraby ABŞ-nyň 1 million dollary möçberinde pul sylagyna mynasyp boldy. Şol serişdeler çagalar üçin niýetlenen täze medeniýet merkeziniň gurluşygyna we onuň döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagyna gönükdirildi.

Halkymyzyň belent ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda, ösüp barýan ýaş nesilleriň bilimli we terbiýeli, ukyply ýaşlar bolup ýetişmekleri baradaky tagallalar milli Liderimiziň durmuş ugurly syýasatynyň özenini düzýär.

Paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde we oba ýerlerinde döwrebap çagalar baglary, mekdepler, bedenterbiýe-sagaldyş, medeni aň-bilim we döredijilik toplumlary, dynç alyş merkezleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Lebap welaýatynyň Farap etrabynda täze medeni-dynç alyş merkeziniň açylmagy munuň aýdyň beýanydyr.

Täze toplumyň döwrebap meýdançasynda baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Joşgunly aýdym-sazlaryň owazlary belentden ýaňlandy. Bu ýerde guralan dabaranyň dowamynda bagtyýar çagalar özleri babatdaky hemmetaraplaýyn aladalary üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

1,5 gektar meýdany bolan toplumda ösüp gelýän ýaş nesilleriň doly derejeli dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri we saglyklaryny berkitmekleri üçin ähli zerur şertler döredildi. “Çagalar dünýäsi” toplumyny Türkmenabadyň “Demirbetonönümleri” kärhanasynyň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Jemşidiň jamy” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler.

Bu toplumyň binagärlik keşbi özboluşly görnüşe eýedir. Mälim bolşy ýaly, uly adamlar we çagalar işjeň dynç alşa, sport bilen meşgullanmaga endiklerini ösdürmäge aýratyn gyzyklanma bildirýärler. Şeýlelikde, bu ýerde boş wagtyňy gyzykly hem-de peýdaly geçirmek üçin ähli zerur mümkinçilikler bar. Merkeziň çäginde attraksionlaryň 11-si, oýun enjamlary zaly, 46 orunlyk çaýhana we iki söwda dükany bar. Belent baglaryň saýasynda goýlan amatly oturgyçlar bu ýere gelýänleriň oňaýly dynç alşyny üpjün edýär. Toplumy döwrebap derejede enjamlaşdyrmak işi dowam edýär. Ýakyn wagtda bu ýerde dürli görnüşli hiňňildikler, awtodrom we beýleki ugurdaş desgalar gurlar.

Bu ýerdäki edara ediş binasynda işgärleriň netijeli işi üçin ähli zerur şertler döredildi. Doly abadanlaşdyrylan toplumyň yşyklandyryş ulgamy täze merkeziň agşamky görnüşlerini has-da gözelleşdirýär. Şeýle hem bu ýerde awtoduralga göz öňünde tutuldy.

Bagtyýar çagalaryň şatlygy, joşgunly gülküleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bagtyýar geljegimiz bolan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn ösüşine, sagdynlygyna we abadançylygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini aňladýar. Lebap welaýatynyň ýaşajyk aýdymçylarynyň, tansçylarynyň we sazandalarynyň bilelikdäki baýramçylyk konserti “Çagalar dünýäsi” medeni-dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasynyň jemini jemledi.

Soňky habarlar
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
top-arrow