14.09
2017
Awstraliýadan 18 türgen “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ýokary orunlaryna dalaş etmek we has köp tejribe toplamak maksady bilen agyr atletika, göreş hem-de thekwondo boýunça ýaryşlara gatnaşar.
14.09
2017
Özbegistanyň taekwondoçylary Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda mynasyp çykyş etmegi maksat edinýärler.
14.09
2017
5 türgenden ybarat bolan bosgunlaryň ýygyndy toparynyň düzümi kesgitlenildi. Olar “Aşgabat 2017” oýunlarynyň üsti ýapyk ýeňil atletika meýdançasynda ýeňil atletika boýunça ýaryşlarda çykyş ederler. Keniýaly uzak aralyga ylgaýjy meşhur Tegla Lorupe wekiliýetiň ýolbaşçysy boldy.
14.09
2017
Gyrgyzystandan bolan 35 ýaşly meşhur kikboksçy Alen Ofoýo dört ýyl arakesmeden soň, “Aşgabat 2107” oýunlarynyň ýaryşlarynda çykyş eder.
14.09
2017
Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda çykyş etjek Solomon Adalarynyň futzal boýunça erkekler milli ýygyndysyna tälimçi Jeri Sem ýolbaşçylyk edýär.
14.09
2017
Wýetnamyň ýygyndy topary “Aşgabat 2017” oýunlarynda sportuň ýeňil atletika, suwda ýüzmek, agyr atletika, küşt, bilýard, göreş, kikboksing we taý boksy ýaly görnüşlerinde azyndan altyn medallaryň sekizisini almaga hyjuwlydyr diýip, “VietnamNews” gazeti ýazýar.
13.09
2017
Şu gün paýtagtymyzyň möçberi hem-de enjamlaşdyrylyş derejesi boýunça sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny galdyrmak dabarasy boldy. Bu waka şanly senäniň, bu ýerde — Olimpiýa stadionynda türgenleriň, janköýerleriň, tomaşaçylaryň on müňlerçesiniň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň golaýlaşýandygyny alamatlandyrdy.
13.09
2017
Şu günler dabaraly açylyşy 17-nji sentýabrda boljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin müňlerçe daşary ýurtly myhmanlar ak mermere beslenen paýtagtymyza gelýärler. Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçirilýän bu iri halkara ýaryşyna taýýarlyk boýunça geçirilýän giň gerimli çäreler dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň wekilleriniň, Ýer ýüzüniň ähli künjeklerinden gelýän tomaşaçylaryň we janköýerleriň ünsüni özüne çekýär.
13.09
2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumyna bardy we şol ýerde at çapmak hem-de täze kitabyň üstünde işlemek bilen meşgul boldy.
13.09
2017
“Türkmenistan Sport” žurnalynyň nobatdaky sany 17-nji sentýabrda paýtagtymyzda badalga alýan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanandyr.