Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 01.10.2026
3653

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Ilki bilen, Fransiýanyň milli baýramy mynasybetli iberen Gutlagyňyz üçin Size hoşallyk bildirmek isleýärin. Öz gezegimde, Sizi hem-de Türkmenistanyň halkyny ýurduňyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de bagtyýarlyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Biziň ýurtlarymyzy ýakyn gatnaşyklar, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda kesgitlenilen ýörelgelere we köpugurly hyzmatdaşlyga umumy ygrarlylyk baglanyşdyrýar. Türkmenistan Fransiýanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolup, Merkezi Aziýada örän möhüm strategik orny eýeleýär. Şundan ugur alyp, hyzmatdaşlygymyzy, hususan-da, ykdysady, medeni, ylym-bilim ulgamlarynda dowam etdirmäge hem-de pugtalandyrmaga çagyrýaryn.

Hormatly jenap Prezident, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Dostlukly arzuwlar bilen,

Emmanuel MAKRON,
Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
 

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy iberýärin.

Hormatlamak bilen,

Karl XVI GUSTAW,
Şwesiýanyň Patyşasy.

 ***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
 

Size Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Gresiýanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan mähirli gutlaglarymy, Türkmenistanyň halkyna mundan beýläk-de ösüş, parahatçylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Konstantinos TASULAS,
Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
 

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize, Türkmenistanyň Hökümetine we dostlukly halkyna Hindistanyň Hökümetiniň hem-de halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Hindistan bilen Türkmenistany gadymy siwilizasiýa, medeni-ynsanperwer, şeýle hem öňden gelýän dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.

Soňky ýyllarda saglygy goraýyş, derman senagaty, oba hojalygy, mineral dökünleri öndürmek, bilim ulgamlaryny we beýleki ugurlary öz içine alýan ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz yzygiderli ösdürilýär. Hindistan ösüp barýan ýurt hökmünde hem-de özüniň “giňeldilen goňşuçylyk” syýasatyna laýyklykda, Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, ösüş ulgamynda öz tejribesini we bilimlerini paýlaşmaga taýýardyr. Hindistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde, Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda halklarymyzyň bähbidine has-da belent sepgitlere ýetiriljekdigine ynanýaryn.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Draupadi MURMU,
Hindistan Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
 

Sizi hem-de Türkmenistanyň halkyny Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn we ýurduňyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, halkyňyzyň abadançylygyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Kim Çen YN,
Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygy.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow