Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny parahatçylykda we abadan durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyz mynasyp zähmet ýeňişleri bilen garşylady. Bu ýyllarda ählumumy ykrara eýe bolan ägirt uly işler amala aşyrylyp, ähli ulgamlarda asyrlara barabar ýol geçildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler netijesinde, ata Watanymyz ynamly öňe barýar, ykdysady kuwwatyny yzygiderli artdyryp, halkara abraýyny barha belende göterýär hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklary berkidýär.
Şanly senede — 27-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna hem-de paýtagtymyzdaky Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada guralan baýramçylyk ýörişine gatnaşdy.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesi mynasybetli 35 atlydan ybarat atçylyk toparynyň baýramçylyk ýörişi dabaranyň aýratyn bezegine öwrüldi. Ol Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan belent sepgitleriň türkmen halkynyň asyrlarboýy dowam edip gelýän däpleri hem-de ruhy gymmatlyklary bilen sazlaşygyny alamatlandyrdy.
Halkymyzyň parahat we abadan durmuşyny, Watanymyzyň mukaddes serhetlerini hem-de Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlarymyzy ygtybarly goraýan Milli goşunymyzyň harby kuwwatyny, ýokary hünär derejesini we kämil ussatlygyny dabaraly ýöriş bilen geçen iň täze harby tehnikalar açyp görkezdi. Döwlet münberiniň meýdançasynda gurnalan ýörite uly ekran arkaly çärä gatnaşyjylar göni ýaýlymda Harby-deňiz güýçleriniň «Deňiz han» korwet söweşjeň gämisiniň baýramçylyk ýüzüşini synladylar. Häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň we telekommunikasiýalaryň mümkinçilikleri arkaly türkmenistanlylaryň baýramçylyk şatlygyny köp sanly watandaşlarymyz we dünýä döwletleriniň ýaşaýjylary göni ýaýlymda paýlaşdylar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli, türkmen halkynyň bagtyýarlygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde Hökümet agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Watan atly akýal ahalteke bedewi sowgat berildi.
Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň işgärleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramyna zähmet ýeňişlerini bagyşladylar. Bir bitewi baýramçylyk kerweninde Halk Maslahatynyň, Mejlisiň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri ýöriş etdiler. Şeýle hem baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulag platformasynda Arkadag şäheriniň, ak mermerli paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň bäş welaýatynyň esasy aýratynlyklary we gazanan üstünlikleri görkezildi.
Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly ýöriş tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasyna gatnaşdy.
«Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilen konsert we ondan soň ak mermerli Aşgabadyň agşamky asmanynda ýaýbaňlandyrylan ajaýyp feýerwerk baýramçylyk gününiň täsirli jemlenmesi boldy.
Şanly senä bagyşlanan dabaralar ýurdumyzyň ähli ýerlerinde giňden we şatlykly ýagdaýda geçdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň ilatynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 27-nji, 28-nji we 29-njy sentýabry dynç günleri diýlip yglan edildi.
Baýramçylygyň öňüsyrasynda paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi. Sungat ussatlarynyň, halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň, şeýle hem çagalar döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerine bagyşlanan, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy.
Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda işläp, halal zähmeti bilen ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşup, tapawutlanan işgärlere, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin bölekleriniň wekillerine, şol sanda medeniýet, sungat hem-de döredijilik işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabaralary geçirildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine döwlet sylaglary gowşuryldy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryndan, abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylaryndan we jemgyýetçilik işgärlerinden köp sanly gutlaglar gelip gowuşýar. Olarda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik beren özygtyýarlylyk derejesiniň Diýarymyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň artmagyna ýardam edýändigi bellenilýär.
Şanly baýramçylygyň öňüsyrasynda — 22-nji sentýabrda doglan güni mynasybetli döwlet Baştutanymyzy dünýä liderleri, patyşa maşgalalarynyň agzalary, syýasy we jemgyýetçilik işgärleri gutladylar. Gutlag hatlarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki uly şahsy goşandy bellenilýär, şeýle hem hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirilip, saglyk, abadançylyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikler, türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk hem-de gülläp ösüş arzuw edilýär.
Türkmen halkynyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimizi doglan güni bilen gutlady.
Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Döwlet Baştutanlary hormatly Prezidentimizi doglan güni bilen gutladylar hem-de mundan beýläk-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassykladylar. Russiýanyň we Özbegistanyň Baştutanlary oktýabr aýynyň birinji ongünlüginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek möhüm ähmiýetli çärelere, şol sanda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşjakdyklaryny tassykladylar.
Şol gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary» ady bilen baýramçylyk konserti geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini dabaralandyrdy.
Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda giň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi, şeýle hem onda Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, möhüm çözgütleriň kabul edilmegi «Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris!» diýýän döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň netijesinde, halkymyzyň jebisliginiň nobatdaky beýany boldy.
Paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, şeýle hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşlarynda Türkmenistanyň üstünliklerine hem-de gazanan ýokary netijelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem ýurdumyzy ösdürmegiň esasy netijeleri beýan edilip, geljegi uly meýilnamalar kesgitlenildi. Çykyşlarda döwletimiziň syýasy-hukuk esaslaryny berkitmek, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny yzygiderli artdyrmak, türkmen jemgyýetinde durnuklylygy, jebisligi we agzybirligi goldamak hem-de halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi.
Mejlisiň barşynda esasy wezipeleri amala aşyrmaga gönükdirilen möhüm çözgütler kabul edildi. Şu mynasybetli hormatly Prezidentimiz her biri aýratyn wajyp ugurlary öz içine alýan birnäçe resminamalara gol çekdi. Olaryň hatarynda “Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy” bar. Resminamada ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, senagaty häzirki zaman ýagdaýyna görä ösdürmäge we ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga ýardam bermäge niýetlenen uzak möhletleýin maksatlar kesgitlenildi.
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynda» anyk wezipeler we täze başlangyçlar kesgitlenildi. Olar talyplaryň we ýaş alymlaryň ylmy başlangyçlaryny goldamakdan başlap, ýaşlaryň döwletiň hem-de jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna giňden gatnaşmagyna gönükdirilendir.
Şeýle hem «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli Konsepsiýasy tassyklanyldy. Bu resminama ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri bilen berk baglanyşykly bolup, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan döwlet hökmünde halkara derejedäki ornuny mundan beýläk-de berkitmäge hyzmat eder.
Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň kabul edilmegi Bitaraplyk syýasatymyzyň rowaçlanýandygyny görkezýän taryhy waka öwrüldi. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen, «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara derejedäki at-abraýynyň barha ýokarlanýandygyny ýene bir gezek görkezdi.
Geçen hepdede döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny» tassyklady. Resminama Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmegiň, üpjün etmegiň hem-de goramagyň döwlet ulgamyny pugtalandyrmak, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, adam hukuklary ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça işleri ulgamlaýyn alyp barmak maksady bilen kabul edildi.
Halk Maslahatynyň mejlisinde gol çekilen resminamalaryň hatarynda «Türkmenistanda ahalteke bedewlerini döwlet tarapyndan goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny görkezmek bolar. Onuň kabul edilmegi milli atşynaslyk däplerini, ahalteke bedewleriniň genofonduny we bu ugurda toplanan baý tejribäni döwlet tarapyndan ygtybarly goramak hem-de geljek nesillere ýetirmek üçin zerur hukuk binýadyny döredýär.
Toý sadakasy berlen arakesmeden soň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» adyna eýe bolan ýaşululara we «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanan watandaşlarymyza sylaglary gowşurdy.
21-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri guramak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
25-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde hem-de hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň jemleri, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan dabaralary ýokary derejede guramak, şeýle hem adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere seredildi.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli iş kesilen raýatlaryň günäsini geçmek hakynda Permana we “Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda” Karara gol çekdi. Karary ýerine ýetirmek maksady bilen, ertesi gün Döwlet migrasiýa gullugynda jemi 146 daşary ýurt raýatyna degişli resminamalar gowşuryldy.
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi tamamlanandan soňra, “Oguz han” köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli kararynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny berkitmäge we gorap saklamaga, ýurdumyzyň goranmak kuwwatyny ýokarlandyrmaga, Watanymyzyň hem-de onuň raýatlarynyň howpsuzlygyny, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmäge hormatly Prezidentimiziň goşan uly şahsy goşandyny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini göz öňünde tutup, halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan, raýatlardan gelip gowşan teklipleriň esasynda ýubileý medalyny gowşurmak karar edildi.
26-njy sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleriniň guramaçylyk derejesi, aýratyn-da, behişdi bedewlerimiziň şanyna guralýan dabaralara görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.
Degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynyň barşynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygaryna laýyklykda, şu ýyl meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk işi, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisiniň gün tertibi we baýramçylyk günlerinde at çapyşyklarynyň ýokary derejede geçirilmegi barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle hem ahalteke bedewleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri tarapyndan giňden wagyz edilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamak, atçylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, ýurdumyz tarapyndan yglan edilen GDA gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda “Bedew bady: güýç hem gözellik” atly telewizion filmleriň döwletara bäsleşigini ýokary derejede geçirmek meselesine aýratyn üns berildi.
Şeýlelikde, geçen hepde ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşynda möhüm wakalara baý boldy. Bu wakalar watandaşlarymyzyň zähmet joşguny netijesinde, ýurdumyzyň durmuşyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanyp, batly depginler bilen ösýändigini aýdyň görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň gülläp ösmegi, eziz halkymyzyň eşretli durmuşy ugrunda zerur işler amala aşyrylýar.