Baş sahypa
\
\
Awstraliýaly türgenler “Aşgabat 2017” oýunlarynda çykyş etmäge taýýarlanýarlar
Awstraliýaly türgenler “Aşgabat 2017” oýunlarynda çykyş etmäge taýýarlanýarlar
Çap edildi 14.09.2017
3625

Awstraliýadan 18 türgen “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ýokary orunlaryna dalaş etmek we has köp tejribe toplamak maksady bilen agyr atletika, göreş hem-de thekwondo boýunça ýaryşlara gatnaşar. Okeaniýa ýurtlarynyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmagy baradaky çözgüt dünýäniň uly sport döwletleriniň biri bolan Awstraliýa üçin ýaryşyň gapylaryny açdy. Awstraliýanyň thekwondo federasiýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Joli Çişolmyň belleýşi ýaly, Aşgabatda toparyň esasy maksady köp dürli sport oýunlaryna gatnaşyp, tejribe toplamakdan, geljekki ýaryşlar üçin gerek bolan häsiýetlere eýe bolmakdan, bilimlerini we başarnyklaryny üstünlikli peýdalanmakdan ybaratdyr. Agyr atletikoçy Rij Barredo 21 ýaşynda bolup, ýaşdygyna garamazdan, ýygyndynyň iň tejribeli agzalarynyň biridir. Onuň gazanan üstünlikleriniň hatarynda 2015-nji ýylda Hindistanyň Puna şäherindäki Arkalaşygyň Kybogy ugrundaky ýaryşda bürünç medal bar, 2016-njy ýylda bolsa ol Olimpiýa oýunlarynyň saýlama ýaryşlaryna hem-de Okeaniýanyň çempionatyna gatnaşdy. Barredonyň belleýşi ýaly, ol oýunlara gatnaşmak mümkinçiligine örän şatdyr hem-de munuň örän ähmiýetli tejribe boljakdygyna ynam bildirýär. Awstraliýanyň sport göreşi federasiýasynyň prezidenti Jon Sol “Aşgabat 2017” oýunlarynda milli toparyň göreşleriniň dartgynly boljakdygyna, göreşiň sportuň meşhur görnüşleriniň biri bolup durýandygyny nazara alyp, tomaşaçylar üçin şowhunly boljakdygyna ynam bildirdi. Awstraliýanyň topary Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşjak Okeaniýa ýurtlarynyň 19 wekiliýetiniň hataryna girer.

Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
top-arrow