15.09 2017
Olimpiýa şäherçesinde ýene-de onlarça ýurduň baýdaklaryny galdyrmak dabarasy boldy. Şol döwletleriň wekiliýetleri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldiler.
15.09 2017
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Häzirki döwürde gaz geçirijiniň türkmen böleginde işler alnyp barylýar.
15.09 2017
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Serdarmämmet Saparmämmedowiç Garajaýew Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Abu-Dabi şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesine bellenildi.
15.09 2017
Türkmen wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna, şeýle hem BMG-niň adam hukuklary baradaky geňeşiniň 2017-nji ýylyň sentýabrynda Ženewada geçiriljek 36-njy mejlisine gatnaşar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Daşary işler ministri R.Meredow öz hasabatynda habr berdi.
15.09 2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy, şeýle hem şu Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.
14.09 2017
Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda (ABŞ) BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahaty öz işine başlady. Onda ýurdumyzyň wekiliýeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna degişli ileri tutulýan garaýyşlaryny hem-de täze başlangyçlaryny beýan eder.
14.09 2017
Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde ýaryşlara gatnaşýan ýurtlaryň 5-siniň baýdaklaryny galdyrmak dabarasy boldy. Şol ýurtlaryň wekiliýetleri eýýäm Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldiler.
14.09 2017
Ýakyn günlerde Aşgabatda badalga aljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň we ony geçirmegiň möhüm düzüm bölegi aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamynyň üznüksiz işlemegini üpjün etmekden ybaratdyr.
14.09 2017
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Yaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Yaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi.
14.09 2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby Malaýziýanyň XV Ýokary Baştutany Sultan Muhammad V we Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Sri Mohd Najib Bin Tun Abdul Razaga Kuala-Lumpur şäherindäki mekdepde bolup geçen heläkçilikli ýangyn zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu pajygaly wakada köpsanly mekdep okuwçylarynyň gurban bolmagy bizi has hem gynandyrýar diýlip, hatda bellenilýär.
1527 sahypa
Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap