Baş sahypa
\
\
V Aziada oýunlaryna gatnaşyjylar Aşgabada gelýärler
V Aziada oýunlaryna gatnaşyjylar Aşgabada gelýärler
Çap edildi 13.09.2017
3475

Şu günler dabaraly açylyşy 17-nji sentýabrda boljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin müňlerçe daşary ýurtly myhmanlar ak mermere beslenen paýtagtymyza gelýärler. Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçirilýän bu iri halkara ýaryşyna taýýarlyk boýunça geçirilýän giň gerimli çäreler dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň wekilleriniň, Ýer ýüzüniň ähli künjeklerinden gelýän tomaşaçylaryň we janköýerleriň ünsüni özüne çekýär. Aşgabat Aziadanyň ruhy bilen ýaşaýar. Bütin paýtagt bu uly baýramyň öwüşginlerine gurşalypdyr. Ine, tiz wagtdan bu baýram feýerwerkleriň owadan şöhlelerine we çempion adyny almak ugrundaky dartgynly ýaryşlaryň özüne çekiji gözel görnüşlerine beslener. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzili Aziýanyň we Okeaniýanyň 65 ýurdundan geljek türgenleriň köpsanly wekiliýetini, tälimçileri hem-de hünärmenleri, milli olimpiýa komitetleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini, janköýerleri garşy alýar. Meýletinçiler we elinde Türkmenistanyň Döwlet Baýdagyny we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň baýdagyny saklap duran Wepaly alabaýyň täsin şekili myhmanlary türkmen myhmansöýerligiň däplerine mahsus bolan ähli açyk göwünlilik bilen garşy alýarlar. “Aşgabat 2017” Oýunlaryň guramaçylary myhmanlar, ozaly bilen bolsa türgenler üçin ähli amatly şertleri döretmäge çalşypdyrlar. Myhmanlary Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk ajaýyp Olimpiýa şäherjiginde ýerleşdirýärler. Bu ýerde olara ýaryşlara doly derejede taýýarlanmak we dynç almak üçin ähli zerur şertler bar. Ajaýyp sport toplumy 6 müň tomaşaça niýetlenen ýapyk welotregi, bowling, badminton we stoluň üstünde oýnalýan tennis üçin meýdançany, sportuň we gimnastikanyň oýun görnüşleri üçin 15 müň tomaşaça niýetlenen meýdançany, agyr atletikanyň, gylyçlaşmagyň, boksuň we göreşiň ähli görnüşleri üçin 5 müň adamlyk meýdançany, lukmançylyk- dikeldiş merkezini, sportuň dürli görnüşleri üçin türgenleşik zallaryny, 5 müň tomaşaça niýetlenen üsti ýapyk suwda ýüzülýän howzy, tennis kortuny, metbugat merkezli myhmanhanany we beýlekileri öz içine alýar. Olar jemi kyrk sport desgasyndan we binasyndan ybaratdyr. Olaryň ählisini Olimpiýa şäherjiginiň ýokarsyndan geçýän öwrüm-öwrüm howa monorels ýoly özara birleşdirýär. Türgenler köp daşary ýurt dillerini bilýän we bu ýerde ýörite taýýarlyklar geçen meýletinçileriň kömegi bilen şäherjikde ugurlary anyklamakda, türgenleşmekde we dynç almakda ähli mümkinçiligi alýarlar. Daşary ýurt žurnalistleri we janköýerleri öňde durýan dabaralaryň we bäsleşikleriň maksatnamalary boýunça zerur maglumatlary giň möçberde alyp bilýärler. “Aziada 2017” oýunlarynyň geçirilmegi uly jogapkärçilikdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, sport häzirki wagtda dünýäde halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm düzüm bölegi bolmak bilen, birek-birege ynanyşmak, hormat goýmak, düşünişmek ýagdaýyny emele getirmäge saldamly goşant goşýar.

Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
top-arrow