Baş sahypa
\
\
“Aşgabat 2017” oýunlarynda türgenleriň bäşisi Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň tugy astynda çykyş eder
“Aşgabat 2017” oýunlarynda türgenleriň bäşisi Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň tugy astynda çykyş eder
Çap edildi 14.09.2017
3354

5 türgenden ybarat bolan bosgunlaryň ýygyndy toparynyň düzümi kesgitlenildi. Olar “Aşgabat 2017” oýunlarynyň üsti ýapyk ýeňil atletika meýdançasynda ýeňil atletika boýunça ýaryşlarda çykyş ederler. Keniýaly uzak aralyga ylgaýjy meşhur Tegla Lorupe wekiliýetiň ýolbaşçysy boldy. Toparyň türgenleriniň bäşisiniň hataryna Paulo Amotun Lokoro (1500 metr aralyk), Wiýual Puok Deng (400 metr), Gaý Ýang Tap (800 metr), Ukuk Uthu Bul (3000 metr) we Ýek Pur Biýel (800 metr) dagy girdi. Hut şolar Tegla Lorupe tarapyndan Naýrobide esaslandyrylan “Parahatçylyk gaznasynyň” howandarlygynda guralan saýlama ýaryşlaryndan soň, “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşmak üçin saýlanylyp alyndylar. Bu türgenler Merkezi Aziýanyň taryhynda iň iri halkara ýaryşlaryna gatnaşyjy wekiliýetleriň 65-siniň birini emele getirer. Amotun Lokoro we Ýek Pur Biýel ozal Rio-2016 Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp gördüler, beýleki üç türgen üçin bolsa häzirki oýunlar ilkinji halkara synagy bolar.

Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
top-arrow