Baş sahypa
\
\
Aziadada Okeaniýadaky ýygyndy toparlaryň iň güýçlileriniň biri furzal boýunça çykyş eder
Aziadada Okeaniýadaky ýygyndy toparlaryň iň güýçlileriniň biri furzal boýunça çykyş eder
Çap edildi 14.09.2017
3265

Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda çykyş etjek Solomon Adalarynyň futzal boýunça erkekler milli ýygyndysyna tälimçi Jeri Sem ýolbaşçylyk edýär. Solomon Adalarynyň ýygyndysy Okeaniýada iň güýçli ýygyndylaryň biri hasaplanýar. Munuň şeýledigine 2008-2011-nji ýyllarda we geçen ýyl kiçi-futbol boýunça sebitleýin birinjilik ugrundaky ýaryşlarda gazanan ynamly ýeňişleriniň bäşisi şaýatlyk edýär. Müňe golaý adalardan ybarat bolan bu ýurt awgustda geçirilen bije atyşmagyň jemleri boýunça “A” toparda Türkmenistan, Wýetnam, Hytaýyň Taýbeýi we Gonkong (Hytaý) bilen bir hatarda çykyş eder. Adalylar ilkinji duşuşygyny 16-njy sentýabrda Gonkongyň topary bilen geçirer. 18-nji sentýabrda Taýbeý, 19-njy sentýabrda Türkmenistan we 20-nji sentýabrda Wýetnam bilen duşuşar. Solomon adalary futzaldan başga-da, ýeňil we agyr atletikada çykyş eder. Şu görnüşlerde ýerli we Okeaniýa ýaryşlarynyň çempiony uzak aralyklara ylgaýjy Şarona Firisua hem-de Ýuwaş umman oýunlarynyň altyn medalynyň eýesi agyr atletikoçy Jenli Wini medallara dalaş edýär.

Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
top-arrow