Baş sahypa
\
\
Wýetnamyň ýygyndysy medallar ugrunda Aşgabada gelýär
Wýetnamyň ýygyndysy medallar ugrunda Aşgabada gelýär
Çap edildi 14.09.2017
3236

Wýetnamyň ýygyndy topary “Aşgabat 2017” oýunlarynda sportuň ýeňil atletika, suwda ýüzmek, agyr atletika, küşt, bilýard, göreş, kikboksing we taý boksy ýaly görnüşlerinde azyndan altyn medallaryň sekizisini almaga hyjuwlydyr diýip, “VietnamNews” gazeti ýazýar. Wýetnamyň Döwlet sport dolandyryş edarasynyň başlygynyň orunbasary Trank Dýuk Fanyň ýolbaşçylyk etjek wekiliýetine 117 türgen girýär. Olar sportuň 14 görnüşinde öz ýurduna wekilçilik ederler. Aşgabat Aziýadasynda Wýetnam “A” toparçasyna düşen futzal boýunça toparynyň çykyşy bilen başlaýar. Ol 16-njy sentýabrda ilkinji oýnuny Hytaýyň Taýbeý toparynyň oýunçylary bilen oýnar. 2013-nji ýylda Inçhonda geçen Ýapyk binalarda Aziýa oýunlarynda medal gazanmak boýunça umumy toparlaýyn hasapda wýetnamlylar 27 medal bilen Hytaýdan we oýunlaryň ýer eýelerinden soň, üçünji orny eýelediler.

Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
top-arrow