Abdelaziz Buteflika, Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Przidenti: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Jenap Prezident, Alžiriň halkynyň, Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize ähli musulman ummaty tarapyndan bellenilýän mukaddes Oraza aýy mynasybetli mähirli arzuwlarymy beýan edýärin. Beiýk Biribardan Size berk jan saglyk we bagt, ähli musulman ummatyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş dileg edýärin. Pursatdan peýdalanyp, iki doganlyk halklarymyzyň bähbidine biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak boýunça bilelikde işlemäge taýýardygymyza Size ynandyrmak isleýärin. Jenap Prezident, Size bolan çuňňur hormatym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. *** Abdulla Ýamin Abdul Gaýum, Maldiw Respublikasynyň Prezidenti: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Maldiw Respublikasynyň Hökümeti hem-de halky we men Siziň Alyhezretiňize, Hökümetiňize we Türkmenistanyň doganlyk halkyna tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň oňat arzuwlarymyzy ýollaýarys. Goý, Beýik Biribar parahatçylygy, ösüşi we abadançylygy üpjün etmekde şu mukaddes aýda musulman umatyna medet bersin. *** Nikolae Timofti, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, Doglan günüňiz mynasybetli Size tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy aýratyn hormat bilen ýollaýaryn. Siziň Baştutanlygyňyzda amala aşyrylan iri özgertmeler netijesinde Türkmenistan içerki ösüşinde uly üstünliklere eýe boldy, Siziň halkara başlangyçlaryňyz bolsa ýurduňyzy dünýä bileleşiginiň iň görnükli agzalarynyň hataryna goşdy. Moldowa Respublikasynda Siziň moldowa-türkmen gatnaşyklaryny giňeltmäge we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge goşant şahsy goşandyňyza uly baha berilýär, muňa bilelikde amala aşyrylýan taslamalar hem aýdyň şaýatlyk edýär. Meniň ýakynda Aşgabada bolan saparymyň barşynda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýokary derejede gyzyklanmanyň beýan edilmegi, şeýle hem Siz bilen geçirilen netijeli gepleşikler biziň umumy işimiziň üstünlige beslenjekdigine meniň ynamymy pugtalandyrýar. Size berk jan saglyk we Türkmenistanyň abadançylygynyň bähbidine täze üstünlikler, Siziň maşgalaňyza bolsa, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etmek bilen, Siziň Alyhezretiňiz, meniň Size uly hormat goýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.