Baş sahypa
\
\
Türkmenistanyň Prezidentine Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentinden
Türkmenistanyň Prezidentine Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentinden
Çap edildi 20.03.2017
21704

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Öz adymdan we Azerbaýjanyň halkynyň adyndan Sizi hem-de Türkmenistanyň ähli halkyny beýik ahlak gymmatlyklarymyzyň ajaýyp nyşany bolan Nowruz baýramy mynasybetli gutlaýaryn. Tebigatyň oýanmagynyň hem-de janlanmagynyň buşlukçysy bolup gelýän bu bahar baýramy ýürekdeşligi, dostlugy, adamlaryň arasyndaky raýdaşlygy berkidýär, olarda iň asylly häsiýetleri döredýär. Nowruzyň gadymy däplerini häzire çenli saklap gelýän halklarymyzyň erk-islegine görä, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bilelikdäki tagallalarymyzy mundan beýläk-de yzygiderli dowam etjekdigimize ynanýaryn. Bu ajaýyp baýramçylykda Size özümiň berk jan saglyk we bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk baradaky iň oňat arzuwlarymy iberýärin. Hormatlamak bilen, Ilham Aliýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti

Soňky habarlar
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow