Baş sahypa
\
\
Türkmenistanyň Prezidentine Täjigistan Respublikasynyň Prezidentinden
Türkmenistanyň Prezidentine Täjigistan Respublikasynyň Prezidentinden
Çap edildi 20.03.2017
20849

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Sizi we Türkmenistanyň tutuş halkyny tebigatyň janlanmagynyň hem-de ýazky gije-gündiziň deňleşmeginiň gadymy baýramy—nurana Nowruzyň ýetip gelmegi mynasybetli uly kanagatlanma bilen gutlaýaryn. Gündogarda hormat goýulýan baýramlaryň biri bolan Nowruz ynsanperwer we döredijilik däpleri – rehimlilik we asudalyk, şatlyk hem-de guwanç, päkýüreklilik we özara hormat goýmak ýaly däpleri bilen dünýäde çäksiz şöhrata eýe boldy hem-de halkara jemgyýetçiligi tarapyndan umumadamzat ösüşiniň täsin gymmatlygy hökmünde ykrar edildi. Biziň ýurtlarymyzyň onuň belent mizemez maksatlaryna daýanyp, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrjakdygyna hem-de ösdürjekdigine umyt edýärin. Nowruzyň ajaýp günleri Size, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç hem-de dostlukly türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk, parahatçylyk, durnuklylyk we rowaçlyk arzuw etmäge maňa mümkinçilik berýär. Hormatlamak bilen, Emomali Rahmon, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti

Soňky habarlar
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow