Baş sahypa
\
\
Türkmenistanyň Prezidentine Özbegistan Respublikasynyň Prezidentinden
Türkmenistanyň Prezidentine Özbegistan Respublikasynyň Prezidentinden
Çap edildi 20.03.2017
20662

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Size hem-de doganlyk türkmen halkyna Nowruz bahar baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň oňat arzuwlarymy ibermek mende uly kanagatlanma döredýär. Gadymy hem-de baky juwan Nowruz tebigatyň galkynmagyny we täzelenişi alamatlandyrýar, döwletlerimiziň we halklarymyzyň ýakyndygyny we taryhynyň umumydygyny ýüze çykaryp, olaryň arasyndaky dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň has-da berkemegine ýardam berýär. Baharyň ilkinji günlerinde Siziň bilen Türkmenistanda bolan duşuşyklarymyzy we gepleşiklerimizi aýratyn mähir bilen ýatlaýaryn. Şol gepleşikler özbek-türkmen gatnaşyklarynyň meseleleriniň giň toplumy boýunça diňe bir özara pikir alyşmaga mümkinçilik bermän, eýsem-de, iki duldegşir we doganlyk ýurtlaryň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň nusgasyny bütin dünýä jemgyýetçiligine nobatdaky gezek görkezdi. Bilelikdäki tagallalarymyz arkaly, tutuş sebitiň parahatçylygynyň, durnuklylygynyň hem-de rowaçlylygynyň, döwletlerimiziň halklarynyň bähbitlerine köptaraply we uzakmöhletli özbek-türkmen hyzmatdaşlygynyň has-da ösdürilmegini we çuňlaşdyrylmagyny üpjün etjekdigimize çuňňur ynanýaryn. Şu nurana baýramçylyk günlerinde Size, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Siziň mähribanlaryňyza we ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de jogapkärli döwlet işleriňizde täze üstünlikler, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw edýärin. Çuňňur hormatlamak bilen, Şawkat Mirziýoýew, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti

Soňky habarlar
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow