Baş sahypa
\
\
Türkmenistanyň Prezidentine Türkiýe Respublikasynyň Prezidentinden
Türkmenistanyň Prezidentine Türkiýe Respublikasynyň Prezidentinden
Çap edildi 20.03.2017
20305

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Prezident, gadyrly doganym, Türk halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi hem-de dost we dogan türkmen halkyny däbe öwrülen, gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Häzir umumadamzat gymmatlygyna eýe bolan bu baýramçylyk dünýäniň ähli künjeklerinde dabaraly bellenip, Nowruzyň alyp gelýän söýgi we doganlyk duýgularyny dünýä ýaýmak boýunça umumy tagallalara ýardam edýär. Nowruz baýramynyň gelip ýetmegi asudalygyň we durnuklylygyň alamaty hökmünde “täze günüň” diňe biziň ýurtlarymyzda we sebitde däl-de, eýsem, tutuş dünýäde dogmagynyň nyşanyna öwrüljekdigine umyt edýärin. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk we üstünlik, dost we dogan türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Rejep Taýip Ärdogan, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti

Soňky habarlar
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow