Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky bar bolan dostlukly gatnaşyklary giňeltmek we pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Lahssan Boufaresi Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemegi karar etdim. Jenap Lahssan Boufaresiň başarjaňlygy hem-de tejribesi jogapkärçilikli wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň ynamyna laýyk derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda jenap Lahssan Boufaresi mähirli kabul etmegiňizi we onuň Siziň Alyhezretiňize meniň adymdan habar berjek ähli zatlaryna, aýratyn-da, meniň Siziň Alyhezretiňize bagt, dostlukly türkmen halkyna bolsa rowaçlyk arzuw edýändigim baradaky arzuwlarymy Size ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin. Size çuňňur hormat we dostlukly arzuwalar bilen, Abdelaziz Butaflika, Alžir Halk Demokratik Respublikaasynyň Prezidenti