Baş sahypa
\
\
Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çap edildi 07.07.2015
1213

Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky bar bolan dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy has-da berkitmek maksady bilen, şeýle hem Gana Respublikasynyň Türkmenistandaky bähbitlerine wekilçilik etmegi üçin men ygtybarly we mynasyp saýylýan watandaşymyz, jenap Alhaji Bawa Gilbert Aembillahy Siziň Alyhezretiňiziň ýanynda Gana Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde belledim. Onuň kabulhanasy Tähran (Eýran) şäherinde ýerleşýär. Jenap Alhaji Bawa Gilbert Aembillahyň döwlet işlerindäki jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirende görkezen şahsy häsiýetleri onuň özüne tabşyrylan möhüm işleri Siziň Alyhezretiňiz tarapyndan makullanýan we hormat goýulýan derejede berjaý etjekdigine bolan ynamymy pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda men Siziň Alyhezretiňizden jenap Alhaji Bawa Gilbert Aembillahy mähirli kabul etmegiňizi hem-de Size meniň adymdan aýtjak ähli zatlaryna, aýratyn-da Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk barada tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy ýetirende, oňa ynanmagyňyzy haýyş edýärin. Jon Dramani Mahama, Gana Respublikasynyň Prezidenti

Soňky habarlar
09.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
09.10
Gahryman Arkadagymyz «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
08.10
Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
top-arrow