Al-Baji Kaid As-Sibsi, Tunis Respublikasynyň Prezidenti Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza aýy mynasybetli öz adymdan we tunis halkynyň adyndan tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymyzy ibermek mende uly şatlyk duýgusyny döredýär. Beýik Alladan Size abadançylyk we bol-elinlik, doganlyk türkmen halkyna bolsa gülläp ösüş, şeýle hem tutuş musulman ymmatyna abadançylyk dileg edýärin.