Baş sahypa
\
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanmagy bilen döwlet we jemgyýetçilik işgärleri gutlaýarlar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanmagy bilen döwlet we jemgyýetçilik işgärleri gutlaýarlar
Çap edildi 02.03.2017
3167

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, Siziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanmagyňyz mynasybetli Indoneziýa Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan edýärin. Munuň özi türkmen halkynyň Siziň üstünlikli ýolbaşçylygyňyza uly ynam bildirýändiginiň hem-de mundan beýläk-de gülläp ösüşe çalyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen Indoneziýanyň arasyndaky gatnaşyklar özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly kuwwata eýe boldy. Munuň özi bolsa iki halkyň bähbidine biziň dostlukly gatnaşyklarymyzyň giňeldiljekdigine ynam döredýär. Size ýokary döwlet wezipesinde üstünlikler arzuw edýärin. Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Joko Widodo, Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti *** Singapuryň Prezidenti Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, Ýokary döwlet wezipesine täzeden saýlanmagyňyz mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Munuň özi türkmen halkynyň Siziň ýolbaşçylygyňyza uly ynam bildirýändigini görkezýär. Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösjekdigine ynanýaryn. Singapur we Türkmenistan mähirli we dostlukly gatnaşyklary saklaýar, halkara forumlarynda ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, Siziň bilen gatnaşyklara umyt edýärin. Size we ähli türkmen halkyna bagt, parahatçylyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Toni Tan Ken Ýam, Singapur Respublikasynyň Prezidenti *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti, doganym Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, uzak ömür, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de öňe gidişlik we rowaçlyk arzuw edýärin. Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Goý, Allatagala Sizi öz penasynda aman saklasyn! Doganyňyz, Emir Muhammed ben Saad ben Halid Al Saud *** Kawkazyň musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Kawkazyň musulmanlarynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi mähirli gutlaýaryn hem-de Size abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin hem-de Beýik Biribaryň mähremligini dileg edýärin. Size - türkmen döwletiniň parasatly syýasy işgärine çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Beýik Biribaryň özüniň maksadynyň we ýaşaýşynyň manysyny Watana tutanýerli hyzmat etmekde, her bir maşgala parahatçylyk we abadançylyk getirmekde, halky ösüş we rowaçlyk ýoluna ugrukdyrmakda görýän mynasyp Lideri Türkmenistana berendigi beýik abadançylykdyr. Siziň Alyhezretiňiziň Türkmenistany Prezidenti wezipesine täzeden saýlanmagyňyz Türkmenistanyň halkynyň we döwletiniň abadançylygynyň bähbidine soňky ýyllaryň dowamynda Siziň amala aşyran beýik işleriňiz üçin türkmen halkynyň ägirt uly hormat – sarpasynyň we çuňňur hoşallygynyň beýanyna öwrüldi. Taryhyň dowamynda ykballary berk baglaşan hem-de özara doganlyk kömeginiň mysallarynyň köpüsine eýe bolan Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň hyzmatdaşlygynyň we ruhy gatnaşyklarynyň türkmen we azerbaýjan halklarynyň abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine has-da ösdürilmegini we berkidilmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin. Size uzak ömür, berk jan saglyk, halkyňyzyň hem-de Watanyňyzyň abadançylygynyň bähbidine Siziň alyp barýan işiňizde egsilmez güýç-gaýrat hem-de uly üstünlikler arzuw edýärin. Çuňňur hormat-sarpa goýmak bilen, Şeýh-ul-islam Allahşükür Paşa-Zade, Kawkazyň musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy, GDA-nyň Dinara geňeşiniň başlygy

Soňky habarlar
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi
top-arrow