Baş sahypa
\
\
BMG-niň Baş sekretary döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli gutlady
BMG-niň Baş sekretary döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli gutlady
Çap edildi 02.03.2017
3696

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, Siziň ýurduňyzyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Size we Türkmenistanyň halkyna gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Men Birleşen Milletler Guramasynyň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyga, şol sanda Siziň ýurduňyzyň BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin sebit merkezini goldaýandygyna, BMG-niň ýurt topary bilen ysnyşykly gatnaşyklara, şeýle hem Türkmenistanyň ulag, energetika we sebit howpsuzlygy ulgamlaryndaky ählumumy başlangyçlaryna ýokary baha berýärin. Parahatçylyk we ösüş meselelerinde hyzmatdaş hökmünde Türkmenistana bil baglaýaryn, şeýle hem Türkmenistanyň, Merkezi Aziýanyň we dünýäniň halklarynyň bähbidine bilelikdäki tagallalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürip biljekdigimize umyt edýärin. Birleşen Milletler Guramasynyň, öňküsi ýaly, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga, hususan-da, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamyndaky gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyga ygrarlydygyna Sizi ynandyrýaryn. Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Antonio Guterreş, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary

Soňky habarlar
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
top-arrow